744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Edaralarymyz
“Marygazüpjünçilik” müdirligi

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Türkmengazüpjünçilik” birleşiginiň “Marygazüpjünçilik” müdirligi, “Türkmengaz” döwlet konserniniň 26.01.2006-njy ýylda çykaran 15-P belgili buýrugy esasynda döredilen , “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Türkmengazüpjünçilik” birleşiginiň binýadynda döredilen ýuridiki şahsly özbaşdak döwlet edarasy bolup durýar. Müdirlik, Mary welaýatynyň çägindäki senagat, jemgyýetçilik kärhanalaryň we ilatyň üznüksiz tebigy gaz bilen üpjün edilmegine, gazyň ýerleşdirilişiniň hasabynyň ýöredilişine, şäherlerde, şäherçelerde we oba ýerlerinde gaz geçirijileriň we gaz desgalaryň gurluşygyna, şeýle hem bökdençsiz işlemegine gözegçilik edýär. Türkmenistanyň “Uglewodorod gazy we gazüpjünçiligi” hakyndaky Kanunyna laýyklykda, müdirlik ylymyň we  tehnologiýalaryň soňky gazananlary bilen, ilata we ähli edara-kärhanalara tebigy we suwuklandyrylan gazy bökdençsiz üpjün etmek hyzmatlaryny alyp barýar. Şol bir wagtyň özünde “Marygazüpjünçilik” müdirligi ilata hem-de edara kärhanalara tehniki hyzmat, gaz enjamlaryna gözegçilik, bejergi işleri, gaz-geçirijileri täzelemek, durkuny üýtgetmek, abatlamak, gaz ölçeýji enjamlary gurnamak, sökmek, profilaktika işlerini geçirmek ýaly hyzmatlary ýerine ýetirýär. Gazy üpjün etmegiň tertibi bu, hepdäniň gününe ýa-da günüň wagtyna garamazdan üznüksiz işi bolmak bilen, onuň mydamalyk gözegçiligini gaz hojalyk edaralarynyň adatdan daşary ýagdaýlarynda tehniki goldawyny berýän, ýörite awariýa-dispetçer gullugy alyp barýar. Degişli gullugyň iş jogapkärçigi aşakdakylardan ybarat bolup durýar: 

- Dürli göwrümli gaz-geçirijilerde, gaz desgalarynda, hojalyk jaýlarda, edara-kärhanalarda döräp biljek hadysalaryň gaz bilen bagly ýagdaýlary aradan aýyrmak;
- Gaz-geçirijilerde gazyň basyşyny talaba laýyk we durnukly saklamak;
- 24/7 sagatda ilatdan we edara-kärhanalardan gaz bilen bagly gelip gowuşýan çakylyklary kabul etmek, we ýüze çykan meseleleri aradan aýyrmak.

 

  Salgysy: Mary welaýaty Mary şäheriniň Güljemal han köçesiniň 77-nji jaýy, 745400. 

  Telefon belgisi: +993(522) 4-95-42
   Faks: +993(522) 4-95-11

   Elektron poçtasy: mgu@turkmengaz.gov.tm