744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Sosial Hyzmatlar
Oguzhan hokkeý kluby

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli wagyz etmek hem-de ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek arkaly beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012 –nji ýylyň 10-njy fewralyndaky çykaran 12045 belgili kararyna esaslanyp, “Türkmengaz” DK-niň 2012-nji ýylyň mart aýynyň 16-na çykaran 49-njy buýrugynyň esasynda “Türkmengazawtomatika” müdirliginde  2012-nji ýylyň mart aýynda “Oguzhan” hokkeý kluby döredildi.
Her ýaryşda üstünlikli çykyş etmek maksady bilen, her ýylyň tomus möwsüminde “Oguzhan” hokkeý kluby öz oýunçylaryny daşary ýurtlarda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda okuw-türgenleşik ýygnanşygyny  geçirip  oýunçylaryň tejribelerini artdyrýarlar.
Türkmenistanda sportuň gyşky görnüşleri boýunça ýaryşlary guramaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde, 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda ýetginjekleriň arasynda  hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryş gurnaldy, “Oguzhan” hokkeý topary hem gatnaşdy we III ýere mynasyp boldy.
2013-nji ýylda “Oguzhan” hokkeý klubynyň topary Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrundaky halkara ýaryşynda hem gatnaşyp 2-nji ýer eýeläp sylaglara mynasyp boldy.
2013-nji ýylyň aprel aýynda geçirilen hokkeý boýunça birinjiligi almak ugrundaky ýaryşyna gatnaşyp “Oguzhan” hokkeý klubynyň topary ynamly ýeňiş gazandy we altyn medallar gowşuryldy.
2013-nji ýylyň aprel aýynda geçirilen Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginde hokkeý boýunça geçirilen ýaryşda öz ussatlyklaryny görkezip “Oguzhan” hokkeý topary 1-nji ýere mynasyp boldular.
2014-nji ýylda “Oguzhan” hokkeý klubynyň topary Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp geçirilen ýaryşda Garaşsyzlyk kubogynyň eýesi boldy.
2016-nji ýylda “Oguzhan” hokkeý klubynyň topary Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp geçirilen ýaryşynda hem gatnaşyp ýeňiş gazandy.
2016-njy ýylda geçirilen “Altyn şaýba 2016” ýaryşynda 2-nji orna eýe boldy.
2017-nji ýylda  Aşgabat şäheriniň birinjiligini almak ugrundaky “ Aşgabat 2017”  ýaryşynda  “Oguzhan” hokkeý klubynyň  orta we kiçi topary 2-nji orna eýe boldylar.
2018-nji ýylda  Aşgabat şäheriniň birinjiligini almak ugrundaky “ Aşgabat 2018”  ýaryşynda  “Oguzhan” hokkeý klubynyň   kiçi topary 2-nji orna eýe boldy.
2019-njy ýyl möwsüm üçin hokkeý boýunça çagalar (2005-2010) toparyň arasynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrundaky ýaryşda “Oguzhan” hokkeý klubynyň   kiçi topary 2-nji orna eýe boldy.
2019-njy ýyl möwsüm üçin hokkeý boýunça ýetginjekleriň (2003-2004) toparyň arasynda geçirilen Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrundaky ýaryşda “Oguzhan” hokkeý klubynyň   orta  topary 3-nji orna eýe boldy.
2023-nji ýylda  2010-2014-nji  ýylda  doglan ýetginjek oglanlaryň arasynda  aprel  aýynyň  11-den - 20-ne çenli  Sport  mekdebiniň  Açyk  birinjiliginiň çempionaty  geçirildi. Şol çempionatda “Oguzhan” hokkeý klubynyň ýetginjek topary baýrakly  I-orna mynasyp boldylar. 
2024-nji ýylda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň tassyklan ýaş  ýetginjekleriň, ýagny 2010-2014-nji  ýylda  doglan ýetginjek oglanlaryň arasynda  noýabr  aýynyň 19-dan – dekabr aýynyň 05-ne çenli  Sport  mekdebiniň  Açyk  birinjiliginiň çempionaty  geçirildi. Şol çempionatda “Oguzhan” hokkeý klubyňyň ýetginjek topary baýrakly  I-orna mynasyp boldylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Hokkeý Federasiýasynyň meýilnamasyna laýyklykda 2024-2025-nji ýyl möwsüm üçin hokkeý boýunça uly toparlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Bu çempionatda  “Oguzhan” hokkeý kluby öňdeligi alyp baryp II-orna mynasyp boldy. 
Mundan başgada “Oguzhan” hokkeý klubynyň türgenleri Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparynyň agzalary bolup Dünýä Çempionatlarynda çykyş edip ýurdumyzyň öňdeligine öz goşantlaryny goşýarlar.
Berkarar döwletimiz bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde ýurdumyzyň ýaş nesilleri ähli halkara ülňülerine laýyk gelýän sport desgalarynda  dürli ýaryşlarda öz sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik aldylar, Hormatly Prezidentimiz bolsa Türkmenistanda sportyñ ähli görnüşlerini  ösdürmage ägirt uly üns berýär.