744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Sosial Hyzmatlar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezi

“Türkmengaz” Döwlet Konserniniň “Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar” müdirliginiň Medeni – işewürlik merkezi. Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň “Türkmennebitgaz” Döwlet söwda korporasiýasynyň Medeni – işewürlik merkezi hökmünde 2003-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň № 6264 karary bilen döredildi.

“Türkmengaz” Döwlet Konserniniň 2021-nji ýylyň 26-njy noýabryndaky 172-iş begili buýrugyna görä “Türkmengaz” Döwlet Konserniniň “Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar” müdirligine  geçirildi.

Medeni-işewürlik merkezi öz wezipelerini ýerine ýetirmek üçin işiň aşakdaky görnüşleri amala aşyrýar: Medeni-işewürlik merkeziniň sahnasynda baýramçylyk dabaralary, wagyz-nesihat çäreleri, şowhunly konsertler yzygiderli geçirilip durulýar. Merkeziň sahnasynda, foýesinde we öňündäki meýdançada baýramçylyklar mynasybetli teleýaýlymlar bilen bilelikde ýazgylar geçirilýär. Ses ýazgy studiýalarymyz tarapyndan aýdym-saz toparlarymyz üçin aýdymlar döredilýär we teleoperatorlar, režissýorlar tarapyndan şekilli aýdymlar taýýarlanylyp ýaýlyma berilýär. Syýasy we dynç alyş äheňinde wideorolikler taýýarlanylyp, teleýaýlymlar arkaly halk köpçüligine ýetirilýär.

 Hukuk salgysy: Aşgabat şäheriniň Köpetdag etraby, 1946 (Ankara) köçe,99

 

 Telefon belgisi: 47-85-76

 Faks belgisi: 47-85-72

 Elektron poçtasy: kds@turkmengaz.gov.tm.