“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar” müdirligine degişli bolan Gökdere jülgesinde ýerleşýän 1000 orunlyk “Nesil” çagalar dynç alyş merkez
“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar” müdirligine degişli bolan “Nesil” çagalar dynç alyş merkezi Büzmeýin etrabynyň Gökdere jülgesinde ýerleşýär, 2012-nji ýylda işe girizilen, umumy tutýan meýdany 114000 m2
Çagalar ýatmak üçin 3 gatdan 10 sany binasy bolup olaryň 6 sany bina 96 çaga niýetlenen, 4 sany binasy 106 çaga niýetlenen. Olarda girelge koridory we her binada 6 sany terbiýeçi otaglar, hem-de 3 we 4 çaga niýetlenen otaglary bar. Binalar howa sorujy, howalandyrma we split sistema arkaly sowadyp, gyzdyrmak üçin ýeterlik üpjin edilen.
Naharhanasy 2 gatdan ybarat bolup her gatda 500 çagany naharlanmaga mümkinçilik bolup aşhana zerur bolan otaglar we tehnologiki enjamlar bilen doly üpjün edilen. Dynç alyş möwsüminde çagalar 6 gezek naharlanýar. (28 görnüşli iýmit bilen üpjin edilýär)
Saglyk nokadynda 1 sany diş lukman otagy, 1 sany sanjym otagy, 1 sany çaga lukmanyň we şepagat uýasynyň otagy, 12 orunluk izolýator otaglary bar. Gerekli enjamlar we mebiler bilen ýeterlik üpjin edilen. Şeýle hem 250 orunlyk mejlis zaly, 5 sany gurnak otagy, 1 sany kompýuter otagy (25 sany kompýuteri), 1 sany aň ösdürji otagy, 1 sany kitaphana bar. Sport zaly giň, zalda howa sorujy ulgamlary gurnalan we sowadyjy enjamlar bilen üpjin edilen. Merkezde şeýle-hem dürli sport oýunlary üçin meýdançalar gurnalan.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň düzümine girýän ähli edara kärhanalarynyň işgärleriniň kämilik ýaşyna ýetmedik çagalary üçin 1 (bir) sany ýollanmanyň bahasy 120 (bir ýüz ýigrimi) manat.