“Türkmengaz” Döwlet konserniniň “Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar müdirligine degişli bolan “Çeşme” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi
“Türkmengaz” Döwlet konserniniň “Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar” müdirligine degişli bolan “Çeşme” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Gökdere jülgesinde ýerleşýär, 2010-njy ýylda işe girizilen, umumy tutýan meýdany-13,5-ga.
Çagalara ýatmak üçin 4 sany birmeňzeş, hersi 135 çaga niýetlenen korpuslar gurnalan. Olarda girelge, koridor, gözegçiniň otagy, 27 sany 5 çaga üçin niýetlenen otaglar, terbiýeçiler üçin otag gurnalan. Otaglar howa sowadyjy, ýyladyş enjamlary bilen ýeterlik üpjün edilen.
Naharhanasy bir wagtda 550 çagany naharlamak üçin niýetlenen, hersi 200 orunlyk 2 sany we 150 orunlyk 1 zallary bar. Aşhanasy zerur bolan otaglar we tehnologiki enjamlar bilen doly üpjün edilen. Dynç alyş möwsüminde çagalar günüň dowamynda 5 gezek naharlanylýar (25 görnüşli iýmit bilen üpjün edilýär).
Merkeziň saglyk otagy iki tarapdan ybarat bolup, olarda: koridor, lukman otagy, sanjym otagy, anyklaýyş otagy, ýörite bejeriş otagy, hassa saklanylýan otaglary bar. Gerekli mebeller we enjamlar bilen ýeterlik üpjün edilen. Medeniýet merkezinde çagalar üçin niýetlenen 1 sany kompýuter otag (10sany kompýuter bar), 1 sany kitaphana, 1 el işleri otagy küşt-şaşka oýnalýan otaglar bar. Şeýle hem merkezde dürli sport oýunlary üçin sport meýdançalary gurnalan we 2 sany suw howzy bar.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň düzümine girýän ähli edara kärhanalaryň işgärleriniň kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary üçin 1 (bir) sany ýollanmanyň bahasy 120 (ýüz ýigrimi) manat.