744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Taryh
01.03.2025
X. Türkmenistanyň gaz senagaty Garaşsyzlyk ýyllarynda: «Galkynyş» gaz käni — dünýäniň iri gaz ýatagy

Tebigy gaz gorlarynyň möçberi boýunça ägirt uly hasaplanýan «Galkynyş» käninde gurlan gaz arassalaýjy we taýýarlaýjy baş desgalar toplumy 2013-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Dünýäde iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň energetika strategiýasyny amala aşyrmagyň, eksport gaz geçirijileriniň çig mal binýadyny berkitmegiň ýolunda örän möhüm ädim boldy. Bu iri gaz käniniň gorlary Ýaşlar we Garaköl ýataklary bilen bilelikde alnanda, 27 trillion kub metre barabar möçberde kesgitlendi. Mary welaýatynyň günortasynda ýerleşýän bu gaz käni Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň geologlarymyzyň iň uly açyşlarynyň biri boldy.

Günorta-Gündogar Türkmenistanyň ýerasty baýlyklarynyň hataryna girýän «Galkynyş» känini meýilnamalaýyn we toplumlaýyn öwrenmek 1956-njy ýylda başlanýar. Ilkinji tapgyrlarda grawimetriki, magnit barlag, aerogammasurat, 1:200 000 möçberdäki geologik we gidrogeologik surata düşürmeler bilen baglanyşykly sebitleýin barlaglaryň uly möçberi ýerine ýetirilýär. Bu barlaglaryň netijesinde çägiň çuňluk geologik gurluşy, neogen-dördülenji, paleogen we mel çökündileriniň litostratigrafik böleklere bölünişi boýunça çägiň nebitgazlylygynyň geljegine umumy häsiýetlerde baha bermäge we nebit we gaz ýataklaryny has jikme-jik öwrenmek, gözlemek üçin anyk obýektleri we meýdanlary kesgitlemäge ýardam etjek maglumatlar alynýar. Tolkunlaryň serpikme usulynyň (TSU) seýsmiki barlaglaryň ilkinji tapgyrynda geljegi bar bolan mel çökündilerini suratlandyrmakda TSU esasy usul bolup hyzmat edýär. Aýratyn-da, bu tapgyrda ýokarky mel we ýokarky ýura döwrüniň duzlarynyň üçegi boýunça kartalar düzülýär we 4 kilometre çenli çuňlugy has ynamly öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Şoňa baglylykda, gurluş meýilnamasynda Günorta Ýolöten meýdany boýunça Demirgazyk Baýramaly, Baýramaly, Minara, Ýolöten, Günorta Ýolöten döwülme ýany gurluşlaryň meridional çyzygyň çäklerinde ýerleşýär. Onuň çäklerinde öň göteriwiň duzüsti terrigen toplumynyň göteriw gatlaklarynda gaz ýataklary açylypdy. «Türkmennebit» birleşigi tarapyndan 1965-nji ýylyň dekabr aýynda TSU-yň barlaglarynyň netijesinde taýýarlanylan Ýolöten düzümini we Minara ýatagyna ýakyn ýerde ýerleşen gözleg burawy işe girizmek hakynda karar kabul edilýär.

Meýdanda gözleg guýularynyň 2-si (1-nji we 2-nji belgili) gazylýar, olar ýokarky duz çökündilerini açýar. Guýularyň ikisiniň-de netijesiz bolup çykmagy sebäpli gurluşda gözleg işleri bes edilýär.

Seýsmiki barlaglaryň gurluş kartalaryny gaýtadan jikme-jik öwrenmek bilen baglylykda we Günorta Ýolöten gurluşynyň ölçegleriniň uludygyny göz öňünde tutup, 1967-nji ýylyň mart aýynda ol meýdan barlag işlerine girizilýär.

Ýolöten meýdanynda burawlamagyň netijelerini hasaba alyp, ozalky burawlanan 3-nji belgili guýyny ýokary geljegi bolan duzasty çökündileriniň gözleg işlerini geçirmek maksady bilen, Günorta Ýolöten gurluşynyň demirgazyk gümmeziniň çäklerinde 4 müň 500 metr çuňluga çenli burawlamak karar edilýär. Emma dürli çuňluklarda üç sany guýy (3-nji, 4-nji we 5-nji belgili guýular) burawlanan hem bolsa, oňaýly netijäniň alynmandygy sebäpli 1972-nji ýylda meýdandaky işler togtadylýar.

1984-1987-nji ýyllarda umumy çuňluk nokady usuly (UÇNU) bilen geçirilen meýdan barlaglarynyň netijesinde mel we ýura döwrüniň çökündileri boýunça Günorta Ýolöten we Osman düzümleriniň gurluşy anyklanylýar, ýura döwrüniň çökündileri boýunça 1:100000 we 1:50000 möçberli gurluş kartalary düzülýär. Günorta Ýolöten obýektini öwrenmegiň täze tapgyry 6-njy we 7-nji belgili guýularyň düýbüni tutmak bilen 1987-nji ýylda başlanýar.

1993-1994-nji ýyllarda Günorta Ýolöten we Osman meýdanlarynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen birlikde gözleg ugurlarynyň tapgyrlary işlenip taýýarlanýar, olaryň netijesinde ýokary ýura döwrüniň karbonat çökündilerinde merjenli (rifli) obýektleriň toplumynyň bardygy tassyklanylýar. Şu maglumatlar boýunça iki guýyny (101-nji we 102-nji belgili guýulary) «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de 10-njy, 12-nji belgili gözleg guýularyny «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň burawlap gutarmagyny göz öňünde tutýan rif toplumda gaz gözlegleriniň taslamasy düzülýär.

2003-nji ýylda Günorta Ýolöten ýatagyny ilkinji açan 10-njy belgili gözleg guýusy bolýar. Onda burawlamak işinde duzasty ýokary oksford-kimerij karbonat çökündilerinde (3868-4068 metr), açyk diwar (IPT) bilen synag etmek başardýar. Ol ýerden senagat taýdan ähmiýetli tebigy gazyň akymy alynýar. Ýokary çykymly gazyň akymy 3948-4190 metr aralykdaky çuňluklardan alynýar.

2006-njy ýylda Günorta Ýolöten we Ýaşlar gurluşlarynyň arasynda UÇNU boýunça 2D seýsmiki işleri geçirilýär. Meýdan işleriniň netijesinde göteriwiň üst ýakasyna degişli seýsmiki gorizont boýunça gurluş kartasy gurulýar. 2007-nji ýylda Günorta Ýolöten meýdançasynda 3D seýsmiki işleri geçirilýär.

2008-nji ýylda geçirilen 3D seýsmiki işleriň maglumatlary boýunça Ýolöten belentliginiň we oňa ýanaşyk meýdançalaryň duzasty we duzüsti tektoniki gurluşyny häsiýetlendirýän birnäçe gurluş kartalary gurulýar. Bu ýerde geçirilen 2D seýsmiki işleriň we çuň buraw maglumatlarynyň esasynda diňe Ýolöten belentliginiň däl-de, ýanaşyk çäkleriň nebitgazlylyga geljegi bolan iri gurluşlar hem-de lokal strukturalar barada ynamly maglumatlar alynýar. Aýratyn-da, nebitgazlylyga geljegi barada oksford döwrüniň karbonat çökündileri uly gyzyklanma döredýär. Umuman, oksfordyň karbonat kollektorlarynyň galyňlygy 670 metr diýlip bellenilýär. Ägirt uly gaz käni bolmak bilen, «Galkynyş» hut şu üst babatda gazdoýgunly galyňlygy we ýatagyň ýaýraýyş çäkleri boýunça diňe Günorta Ýolöten we Osman lokal bükülmelerini däl-de, ol Ýolöten, Demirgazyk Ýolöten, Çelekbaý, Günorta Çelekbaý, Demirgazyk Gulamguýy, Jürji we başga meýdanlary hem öz içine alýar.

«Galkynyş» käninde hekdaşly (karbonatly) önümli gatlak ýura ulgamynyň ýokarky bölüminiň kelloweý-oksford döwrüne degişlidir.

«Galkynyş» atly ägirt uly tebigy gaz känini toplumlaýyn özleşdirmek işine 2009-njy ýylda badalga berilýär. Şol ýylyň dekabrynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «CNPC Chuanging Drilling Engineering Company Limited» (HHR), «Gulf Oil & Gas Fze» we «Petrofac International (UAE) LLC» (BAE) kompaniýalarynyň hem-de «LG International Cоrp.» we «Hyundai Engineering Co. Ltd» (Günorta Koreýa) kompaniýalar konsorsiumynyň arasynda «Galkynyş» gaz käninde ulanyş guýularyny we ýerüsti desgalary taslamak we gurmak hakynda şertnamalar baglaşylýar.

Şol işleriň depginini çaltlandyrmak üçin Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de HHR-niň Hökümetiniň arasynda gol çekilen Çarçuwaly Ylalaşyga laýyklykda, Hytaýyň Döwlet ösüş banky (HDÖB) tarapyndan berlen ABŞ-nyň 8,1 milliard dollary möçberinde karz serişdeleri çekilýär. Möhleti 7 we 10 ýyl bolan aýry-aýry karz ylalaşyklary «Türkmengaz» döwlet konserniniň, HDÖB-niň hem-de «PetroChina» kompaniýasynyň arasynda baglaşylýar. Häzirki wagtda şol karz serişdeleriniň dolulygyna gaýtarylandygyny aýratyn bellemek gerek. Çünki munuň özi ýurdumyzyň öz üstüne alan borçnamalarynyň doly derejede ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşýändigini aňladyp, ygtybarly işewür hyzmatdaş hökmündäki halkara abraýyny has-da belende göterýär.

«Galkynyş» gaz käni özüniň serişdeler gory boýunça «mawy ýangyjyň» örän täsin, ägirt uly käni bolup durýar. Bu ýerde meşhur halkara maslahatçysy — «Gaffney, Cline & Associates» kompaniýasy (Beýik Britaniýa) tarapyndan geçirilen garaşsyz barlaglaryň netijeleri dünýä derejesindäki täzelik boldy, munuň özi Türkmenistany gaz kuwwaty boýunça dünýäde dördünji orna çykarýar.

«Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar — Hytaý Halk Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalary bilen bilelikde «Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça geçirilen işleriň birinji tapgyrynyň çäklerinde bu ýerde ýylda harytlyk gazyň 30 milliard kub metrini öndürmäge mümkinçilik berýän desgalar toplumy guruldy. Munuň üçin jemi 30 milliard dollara golaý serişde gönükdirildi.

Bu desgalar toplumy häzirki zaman senagat düzümi hasaplanýar. Taslamanyň çäklerinde 22 guýy burawlanyldy, olaryň her gije-gündizdäki kuwwaty «mawy ýangyjyň» 1,5 — 2 million kub metrine barabardyr. Bu ýerde gazy ilkinji arassalaýjy desgalaryň iki sanysy we özüne gazy senagat taýdan özleşdirmek boýunça desgalary birleşdirýän baş desga guruldy. Baş desga her biriniň kuwwaty ýylda 1,7 milliard kub metre barabar bolan 6 sany tehnologik hatardan, şeýle hem kondensaty durnuklaşdyryjy toplumdan — hersi ýylda 80 520 tonna harytlyk kondensaty öndürmäge niýetlenen 2 sany tehnologik hatardan ybaratdyr. Mundan başga-da, toplumyň düzümine kükürdi külkeleýji we gaplaýjy desga girýär. Onuň ýyllyk kuwwaty 800 müň tonna kükürt öndürmäge niýetlenendir.

Inženerçilik-kommunikasiýa ulgamyny, 4 sany esasy we 1 sany ätiýaçlyk enjamlardan ybarat bolan, kuwwaty 75 MWt elektrik energiýasyny öndürmäge niýetlenen gazturbinaly elektrik bekedini, suw, gaz we energiýa üpjünçilik ulgamlaryny, topluma barýan ýollary we beýleki düzümleýin desgalary gurmak boýunça uly möçberli işler ýerine ýetirildi.

Şeýle hem «Galkynyş» gaz käninde gazy çykarmak, toplamak, gaýtadan işlemek we ugratmak bilen bagly ähli tehnologik işleriň doly awtomatlaşdyrylyp, dispetçerçilik nokatlarynyň desgalaryň ygtybarly işlemegini we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün edýän elektron we beýleki ýörite enjamlar bilen üpjün edilendigini bellemek gerek.

Käniň çäginde wahta usulynda işleýän hünärmenleriň ýaşamagy üçin iki sany şäherçe hem guruldy. Bu şäherçelerde adamlaryň ähli amatlyklarda ýaşamagy, olaryň göwnejaý dynç almagy hem-de medeni, köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi üçin ähli şertler döredildi.

Häzirki günde «Galkynyş» gaz känindäki ýokarky ýura çökündileriniň karbonatly önümli gatlaklaryny açan guýularyň gaznasynda 29 sany gözleg-barlag we 56 sany ulanyş guýulary bar.

«Galkynyş» gaz käni Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň çig mal çeşmeleriniň biri bolup, onda müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýanyň halklaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan döretmek pikiri öz beýanyny tapdy. Bu energetika ulgamy — XXI asyryň ägirt uly inženerçilik-tehniki desgalarynyň biri bolmak bilen, onuň taslamasy netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň özboluşly nusgasyna öwrüldi.

2009-njy ýylyň dekabrynda taslama gatnaşyjy ýurtlaryň — Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Liderleriniň gatnaşmagynda işe girizilen gaz geçiriji ýylda 40 milliard kub metr türkmen gazyny ibermäge niýetlenendir. Onuň üç şahasynyň (A, B we C) geçirijilik ukyby bolsa 55 milliard kub metre barabardyr. Häzirki wagtda onuň dördünji şahasyny gurmak boýunça işler alnyp barylýar.

Lebap welaýatynyň Malaý gaz ýatagynda täze gazkompressor stansiýasynyň işe girizilmegi hem 2021-nji ýylyň möhüm wakasyna öwrüldi. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi öz gözbaşyny hut şol ýerden alýar. Kuwwaty ýylda tebigy gazyň 30 milliard kub metrine deň bolan täze beket iki sehden ybarat. Olaryň birinjisiniň wezipesi Malaý ýatagyny doly özleşdirmek bolsa, Ikinji seh «Galkynyş» we Döwletabat ýataklarynyň gazyny ýokary basyş bilen Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisine akdyrmak üçin niýetlenendir.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy düzülende tebigy gazyň çeşmesi hökmünde «Galkynyş» käni saýlanyp alyndy. Bu käniň saýlanyp alynmagy taslamany tebigy gazyň iberilmeginiň ygtybarlylygy babatda iň ýokary derejä çykarýar. Ilkinji nobatda, bu käniň uglewodorod serişdeleriniň uludygy bilen baglylykda eksport etmek mümkinçilikleriniň ýokarylygy bilen baglydyr.

Türkmenistan häzirki günde dünýäniň energetika döwleti bolmak bilen, Garaşsyzlyk ýyllarynda «Galkynyş» käniniň açylmagynyň we tapgyrlaýyn özleşdirilmegiň mysalynda öz ägirt uly energetika kuwwatyny amala aşyrmak baradaky meseleleri çözmäge netijeli çemeleşýändigini görkezýär. Dürli ugurlarda baý tejribesi hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary bolan dünýäniň onlarça döwletleri, iri daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak bilen Türkmenistan özüni jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanatdy. Bu gün nebitgaz toplumynda çözülýän wezipeleriň gerimi uly ykdysady bähbidiň şertlerinde degişli ugurda giň halkara hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikleri açýar.