Gaz gorlarynyň möçberi boýunça ägirt uly bolan Döwletabat gazkondensat käni ýer üsti boýunça şertli ýagdaýda Döwletabat-1, Döwletabat-2, Döwletabat-3 böleklere bölünip, örän uly giňişlikleri eýeleýär. Şeýle uly meýdanda ýüzlerçe ulanyş guýularynyň gazylyp, önüm alynmagy milli ykdysadyýetimiziň öňküden-de kuwwatlanmagyna, onuň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz toplumyny döwrebap derejede ösdürmeklige uly mümkinçilikleri döredýär. Şu makala «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Döwletabatgazçykaryş» müdirligine degişli bolan, häzirki wagtda işlenip geçilýän Garabil-Gurrukbil we Merkezi Garagum gazkondensat känler toplumy hakynda maglumatlary özünde jemleýär.
Köpgatlakly Gurrukbil gazkondensat käni geologik gurluşy boýunça seýrek duşýan çylşyrymly, gor möçberi boýunça ägirt uly bolan Döwletabat gazkondensat käniniň gündogarynda ýerleşip, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň çägine degişlidir. Döwletabat gazkondensat käninde gaz alnan 68-nji belgili barlag guýusyndan Gurrukbil känine çenli uzaklyk 15 — 20 kilometre, Gurrukbil käniniň gündogar tarapynda açylan Garabil gaz känine çenli bolsa 10 — 15 kilometre barabardyr. Döwletabat gazkondensat käninden gözbaşyny alýan magistral gaz geçiriji käniň 90 kilometr demirgazyk-günbataryndan geçýär. Gurrukbil gazkondensat käni Döwletabat — Hojagübürdek ýarylma-bozulma zolagyna degişli bolan Gurrukbil seňňeriniň merkezi böleginde ýerleşýär.
Gurrukbil gazkondensat käni gündogar böleginde Günbatar Garabil gümmezinde ýerleşýän 3-nji belgili guýudan sebitde ilkinji gezek barrem we apt çökündilerinden gaz akymyny almak bilen 1990-njy ýylda açylýar. Kän boýunça 1998-nji ýyla çenli burawlanan 3 sany ölçeg, 13 sany gözleg we 10 sany barlag guýularynyň netijelerine laýyklykda, onda alb, apt, barrem (B1 we B2) we goteriw (G1 we G2) mertebelerine degişli bolan 6 sany gazkondensat gaz ýataklary ýüze çykarylýar. Olaryň her biri özüniň gaz-suw galtaşmasy bilen häsiýetlendirilýär.
Bu gazkondensat käni geologik gurluşynyň çylşyrymlylygy boýunça «çylşyrymly gurluşly» ikinji topara, gorlaryň toparlara bölünmesi we barlanan gorlarynyň ululygy boýunça iri derejeleriň hataryna degişli edilendir.
Garabil gaz käni Murgap derýasynyň sag kenarynda ýerleşip, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň çägine degişlidir.
Orografiki taýdan kän Garabil belentliginiň günbatar böleginde ornaşyp, Murgap derýasynyň häzirki hanasy we jülgesi gurluşyň günorta-günbatar ganatyny kesip geçýär.
Garabil meýdançasynyň gazlylygyny ýüze çykarmak üçin ilkinji gözleg-barlag işleri 1969-njy ýylda başlanýar. 1970-nji ýylda 1-nji belgili guýyny burawlap, synag etmekligiň netijesinde goteriw gorizontyndan senagat taýdan ähmiýetli gaz akymy alynýar. Bu gaz käninde 2-nji belgili parametriki guýynyň burawlanýan wagty guýuda ilki ýuwutma hadysasy ýüze çykyp, ol gaz çüwdüriminiň emele gelmegine getirýär we Türkmenistanda ilkinji gezek buhara gorizontyndan gaz akymy alynýar. Kändäki önümli gatgatlamalaryň hemmesi ilkinji gezek 3-nji belgili parametriki guýynyň burawlanmagy bilen açylýar.
Daýanç, parametriki, gözleg-barlag we ulanyş guýularynyň Garabil gurluşynda burawlanyp gazylmagy bilen neogen-çetwertik çökündilerinden trias çökündilerine çenli ýaşly gatlak galyňlyklary açylýar.
Onuň goteriw önümli gorizontynyň görnüşi gümmezli, dolygatlaklydyr. Buhara önümli gorizontynyň görnüşi bolsa suwda ýüzýändir. Goteriw we buhara önümli gatlaklaryň ortaça çuňlugy, degişlilikde, 2180 we 1359 metre deňdir. Garabil gaz käniniň tebigy gazynda uglewodorod düzümine degişli metan agdyklyk edýär. Gazyň düzüminde kükürtli wodorod we kömürturşy gaz bardyr.
Garabil gaz käni 2012-nji ýylyň fewral aýynda synag-senagat taýdan ulanyşa girizilýär.
Tebigy gaz ýataklaryny işläp geçmekligiň başlangyçlarynyň esasyny işläp geçmekligiň ulgamy düzýär. Bu bolsa ulanyş işşanlaryny saýlap almaklygy we olary ulanyşa goýbermekligiň nobatyny öz içine alýar. Şeýle hem guýulary ýerleşdirmegiň, önümli gatlagy açmaklygyň ulgamlaryny, guýularyň işleýşiniň tilsimat düzgünlerini, käni işläp geçmekligiň depginini (gazyň ýyllyk çykarylyşyny) özünde jemleýär. Olaryň çözgüdi bolsa, gözleg-barlag guýulary burawlamagyň we ýöriteleşdirilen barlaglaryň netijelerine hem-de gaz käniniň düzülen geologik nusgasyna (modeline) esaslanandyr.
Kän boýunça jemi 12 sany gözleg-barlag guýulary burawlanyp, meýdança boýunça açylan çökündileriň kesiminde iki sany önümli gorizont: goteriw we buhara gatlaklary kesgitlenýär. Esasan, gazyň akymynyň senagat taýdan ähmiýetli ýerleşen ýeri goteriw önümli gatlak hasap edilýär.
Garabil — Gurrukbil känlerinden çykarylýan tebigy gaz Döwletabat gazkondensat käninde kükürtli wodoroddan arassalanýar we harytlyk görnüşine getirilip, gaz geçirijilere ibermäge taýýarlanýar.
Merkezi Garagum (Zäkli-Derweze) gazkondensat känler toplumy Merkezi Garagum gümmeziniň çäginde ýerleşýär we Garagum pesliginiň demirgazyk bölegini hem-de Üňüzaňyrsy Garagumuň günorta bölegini öz içine alýar. Känler toplumy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna degişlidir.
Merkezi Garagum gazly etrabyň tutýan meýdanynda Çaljulba, Derweze, Takyr, Şyh, Şyhýany, Topjulba, Toparjulba, Çemmerli, Goýun känleri açylýar. Olar häzirki wagtda işlenip geçilip, gaz we gazkondensat alynýar.
Merkezi Garagum gaz känler toplumynyň taryhy hakynda gürrüň edilende, Kükürt zawod — Derweze meýdançalaryny geologik taýdan öwrenmekligiň has öňräkden başlanandygyny bellemek gerek. Bu sebitde ilkinji guýy ýeriň ýüzüne çykan miosen we pliosen çökündileriniň kükürtliligini öwrenmek üçin burawlanýar.
Meýdançalaryň nebitgazlylygy baradaky ilkinji pikir G.K.Orýew tarapyndan orta atylýar. Ol 1935-nji ýylda özüniň «Geologiýa boýunça Merkezi Garagumuň nebitgazlylygynyň täze maglumatlary» atly makalasynda kükürt ýatagynyň tektonik jaýryklardan çykan tebigy gazyň hasabyna dörän bolmagynyň mümkindigi baradaky çaklamany öňe sürýär.
1941-nji ýylda Zäkli tümmeginde şol wagtky Türkmenistanyň geologiýa müdirligi tarapyndan guýy burawlanýar. Guýy turon çökündileriniň anyklanylmagyna getirýär we munuň özi bu ýerde ýuwlan antiklinal gümmeziniň barlygyny çaklamaga esas berýär.
1953-nji ýylda Kükürt zawody — Derweze şäherçeleriniň töwereginde birnäçe kartalaşdyrma guýularynyň burawlanmagy netijesinde neogeniň aşagyndaky paleogeniň aşaky gorizontlarynyň ýokary mel çökündileriniň aşagynda ýatanlygy ýüze çykarylýar. Alnan maglumatlar W.W.Prusowa bu ýerde bir däl-de, iki sany tektoniki bozulmalar bilen çylşyrymlaşan antiklinalyň bar bolmagyny çaklamaga esas berýär. Häzirki maglumatlardan belli bolşuna görä, W.W.Prusow tarapyndan seredilen guýularyň ýa düýbünden başga ýygyrtlanmada ýa-da tektoniki bölünen kerçde burawlanan bolmagy ähtimal.
Sebitiň tektoniki we stratigrafiki soraglary bilen bilelikde nebitgazlylygyny anyklamak üçin geologik barlag işleriniň uly gerimi struktura-porofil we kartalaşdyrma guýularynyň burawlanmagy bilen 1957-nji ýylda başlanýar.
Şol wagtky Derweze gözleg-barlag edarasy tarapyndan öwrenilen seýsmiki profilleriň ugrunyň birinde 1958-nji ýylyň oktýabrynda 101-nji belgili struktura-porofil guýusy burawlanmaga başlanýar. Guýudan 1959-njy ýylyň 26-njy maýynda aşaky mel çökündilerinden gaz çüwdürimi atylyp çykýar. Merkezi Garagumdan gaz akymynyň alynmagy bilen çuňda ýerleşen gurluşlaryň ýokarkylar bilen biri-birine gabatlaşygyny öwrenmek we çuň buraw barlag işlerine başlamak üçin seýsmiki tolkun serpikme usulyýeti (MOW) bilen birnäçe profiller işlenip geçilýär. Netijede, gözleg-barlag guýularyny burawlamak işlerine başlanýar.
Bu känler toplumynyň Şyh käni 1959-njy ýylyň maý aýynda aşaky mel, Çaşgyn meýdançasynda 1965-nji ýylda mel çökündilerinden senagat taýdan ähmiýetli gazyň akymynyň alynmagy bilen açylýar. Merkezi Garagum gazkondensat känler toplumyna degişli känleriň hemmesi diýen ýaly köpgatlaklydyr. Olaryň kesiminde 30-dan gowrak ululy-kiçili gazly gatlaklar ýüze çykarylýar. Önümli gatlaklar mel döwrüniň turon-barrem mertebesine çenli aralykda açylýar. Esasy senagat taýdan gazly gatlaklar ýokary albyň aşaky böleginde we aptda ýerleşýär.
Bu galyňlyklar gözleg-barlag guýulary bilen 210 — 1550 metr aralykdaky çuňluklarda açylýar. Gazdoýgunly galyňlyklar köplenç ýagdaýlarda 3 — 5 metr, käbir halatlarda bolsa 10-20 metr aralykda üýtgeýär. Känler toplumynyň hataryna girýän dürli göwrümdäki gaz gorlary bolan känleriň her biri birnäçe ulanyş işşanlaryndan ybaratdyr. Önümli gatlaklaryň geologik gurluşynyň we ýaýraýşynyň örän çylşyrymly bolanlygy sebäpli, känler toparynyň aglabasynda birnäçe ýuka gatlaklar (ýagny 1-den 3-e çenli) ulanyş işşanlara birleşdirilýär. Bir ulanyş işşanynyň düzümine aýratyn gaz-suw galtaşmasy bolan gatlaklaryň birnäçesi girizilendir. Känler boýunça neogen-çetwertikden we ýokary triasa çenli ýaşyndaky çökündileriň üsti açylýar.
Işlenip geçilişe bölekleýin girizilen gazkondensat känler toplumy tektoniki taýdan Merkezi Garagum känler toparynyň içinde ýerleşýär, toplum 220x180 kilometr ölçege eýe bolan Merkezi Garagum gümmeziniň esasy düzüm bölegi bolup durýar. Gümmez gündogarda Ilim we Balguýy, demirgazykda Derýalyk — Döwdan, günbatarda Ýokary Uzboý çöketlikleri bilen çäklenýär.
Merkezi Garagum gümmeziniň kesidinde iki sany gurluş-tektoniki gatlylyk tapawutlandyrylýar. Aşaky gatlanma geosinklinal tapgyr ösüşde emele gelen paleozoý binýadynyň, ýokarka platforma düzgüninde dörän ýokary paleozoý-mezokaýnazoý çökündi örtgüsiniň dag jynslary girýär. Merkezi Garagum gümmeziniň has beýige galan bölegini Zäkli — Derweze belentligi eýeleýär.
Zäkli — Derweze belentliginiň geologik ösüşiniň taryhy maglumatlary mel çökündileriniň häzirki struktura gurluşynyň, esasan, oligosen döwrüniň soňunda we miosen döwrüniň başynda bolan süýşme hereketleri esasynda emele gelendigine şaýatlyk edýär. Etraplaşdyrma ýörelgesi boýunça bu känler Amyderýa gaznebitli ulgamynyň Merkezi Garagum gazly ülkesine degişlidir.
Merkezi Garagum gazkondensat känler toplumy bölekleýin işläp geçmeklige girizilýär. 2012-nji ýylda Takyr, 2014-nji ýylda Derweze, Çaljulba, Şyh, Şyhýany, 2018-nji ýylda Topjulba, 2021-nji ýylda Çemmerli, Toparjulba, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolsa Goýun gazkondensat känleri ulanyşa girizilýär. Häzirki wagtda işlenip geçilýän bu gazkondensat känleriniň düzüminde ugurdaş kondensatyň bardygyny belläp geçmek gerek.
Takyr, Derweze, Çaljulba, Şyh, Şyhýany, Topjulba, Çemmerli, Toparjulba we Goýun gazkondensatly känleriniň tebigy gazy pes temperaturaly separasiýa desgasynda arassalanýar we guradylýar. Desga üç sany tehnologik hatardan ybarat bolup, olaryň her biri gije-gündiziň dowamynda 5 million kub metr tebigy gazy arassalamaga niýetlenendir.
Merkezi Garagum gazkondensat känler toplumyna degişli ýataklaryň hemmesiniň işläp geçmeklige girizilmegi, öz gezeginde, känler toplumyndan gazy we ugurdaş gaz kondensatyny çykarmagyň ýyllyk göwrümini, şeýle hem Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan gazy gaýtadan işleýän we öňden bar bolan nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumlaryny çig mal bilen ygtybarly üpjün etmeklige mümkinçilik berer.
Bu känler toplumyndaky gatlagyň we känlerdäki guýularyň görkezijileriniň häzirki ýagdaýyny we gazyň gorlarynyň göwrümini has takyk anyklamak maksady bilen, bu toplumdaky känleriň guýularynyň hemmesinde geofiziki barlaglary, gatlak basyşyny we temperaturany çuňluk manometrleriň kömegi bilen kesgitlemek hem-de her bir guýynyň gije-gündizdäki çykymyny takyk ölçeginiň aýratynlykda geçirilmegi üçin gazy ýygnaýjy desgalarda göz öňünde tutulan enjamlar bilen enjamlaşdyrmagyň zerurlygy bellenýär. Göz öňünde tutulýan toplumlaýyn geçirilmeli çäreler känleri işläp geçmeklige amatly şertleri döretmäge mümkinçilik berer.
«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, içerki we daşarky sarp edijileri «mawy ýangyç» bilen üpjün etmäge, häzirki wagtda ýurdumyzda iri gazhimiýa we nebithimiýa pudaklaryny döretmäge hem-de olary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şol sebäpli hem gazy gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny çig mal bilen ygtybarly üpjün etmek zerur meseleleriň biridir. Merkezi Garagum gazkondensat känler toplumynyň tebigy gazlarynyň we ugurdaş çykarylýan gaz kondensatynyň häzirki döwürde gurlan we geljekde gurulmagy meýilleşdirilýän gazhimiýa toplumlary üçin çig mal hökmündäki orny uly bolup, bu pudagy döwrebap ösdürmekde onuň hyzmatyny has-da artdyrar.