Geçen asyryň 70-nji ýyllary Türkmenistanyň gaz senagaty üçin örän öndümli döwür boldy. Ýurdumyzyň nebitgazçylarynyň, geologlarynyň ýadawsyz zähmeti, uly tagallalary bilen dürli ýyllarda açylandygyna garamazdan, şol döwürde ulanyşa girizilen gaz we gazkondensat känleri milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna önjeýli goşant goşdy.
Gorlary boýunça iri hasaplanýan Kükürtli gazkondensat käni Türkmenistanyň demirgazyk-gündogar böleginde, Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşýär. Onda gözleg-barlag we ulanyş guýularda paleozoýyň dislosirlenen jynslarynyň üstünde ýatan mezozoý we kaýnozoý eýýamynyň çökündileri açyldy. Kükürtli gazkondensat käni ХI, ХIIa, ХIIb, ХIII, ХIV, ХVII kükürtsiz gorizontlardan gazy almak bilen, 1970-nji ýylda ulanyşa girizildi. Düzüminde kükürt bolan ХV gorizont bolsa 1983-nji ýylda ulanylyp başlandy.
Uly çuňlukda gazylan gözleg-barlag we ulanyş guýularyndan alnan köp möçberdäki maglumatlar Kükürtli epilmesiniň ynamly düzüm gurluşyny, tektoniki düzüminiň esaslary hakynda düşünjäni aýdyň göz öňüne getirmäge ýardam etdi. Bu kände önümli gatlaklaryň bölünmeleri giň stratigrafiki aralygyň çökündilerini aşaky-orta ýura eýýamyndan başlap, aşaky mel (apt) eýýamyny öz içine alýar, bu bolsa ýura we mel toplumy boýunça epilmäniň gurluşy hakynda aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçin gözleg-barlag we ulanyş guýularyndan alnan maglumatlarda Kükürtli epilmesi iki gümmezli günorta-gündogar tarapy daralýan we demirgazyk-günbatarysy giňelýän ganatlary bolan, ondan hem başga günorta-günbatar böleginde fleksur-ýolunma görnüşindäki tektoniki näsazlyk bilen çylşyrymlaşan demirgazyk-günbatara ýaýylyp gidýän epilmäni göz öňüne getirmek bolar.
Naýyp gazkondensat käni 1970-nji ýylyň iýul aýynda açyldy, synag-senagat ulanyşa bolsa 1972-nji ýylyň maý aýynda girizildi.
Naýyp käniniň kesiminde ýokary ýura ulgamy bilen bilelikde, 18 sany önümli gorizont tapawutlanýar. Kän Balguýy bükülmesiniň gündogar çetinde ýerleşýän brahiantiklinal epine degişlidir. Sebitleýin tektoniki nazardan, ol bükülme Amyderýa çöketliginiň demirgazyk-günbatar çet bölegini eýeleýär.
1974-nji ýylda öňki Ojak buraw işlerini dolandyryş edarasy ýokary ýura çökündileriniň aşaky böleginde we aşaky-orta ýura çökündilerinde gaz ýataklarynyň gözleg işlerine başlady. 1977-nji ýylda bu çökündileriň önümli gazlylygy kesgitlendi (18 belgili guýy). Soňra dag jynslarynyň gaz önümliligini anyklamak we bu tapawutlandyrylan önümli gorizontlaryň peýdaly we gazdoýgun galyňlyklaryny kesgitlemek maksady bilen ýene-de birnäçe guýy burawlandy (19 — 24 belgili guýular). Bu guýular aşaky-orta ýura çökündilerini doly açdy.
Naýyp käniniň aşaky-orta ýura kesiminde ýokardan aşak alty sany önümli gorizont tapawutlandyryldy. Aşaky-orta ýura çökündileri ähli gözleg-barlag guýulary (18 — 24 belgili) bilen doly galyňlygyna açyldy. Käniň çäginde bu çökündileriň galyňlygy 185 — 217 metre deň boldy.
Ýokary ýura çökündileriniň litologik düzümi dürli-dürlüligi bilen häsiýetlenýär. Goňşy känleriň kesimi we meýdany bilen meňzetmä (analogiýa) laýyklykda, Naýyp käniniň ýokary ýura kesiminde kelloweý-oksford we kimerij-titon mertebeleri (ýaruslary) tapawutlandyryldy.
Naýyp käni işläp geçilme döwründe alb çökündilerinde 108 belgili guýuda 1 müň 494 — 1 müň 528 metr çuňlukda 1988-nji ýylda Id gorizonty açyldy. Wagtlaýyn döredijilik kollektiwiniň «Gözleg» toparynyň teklibi boýunça 1 müň 492 — 1 müň 502 metr deşiklenen çuňluk aralykdan 510 müň kub metr gaz akymy alyndy.
Demirgazyk Naýyp käni köp gatlakly känleriň biri bolup, ol 1976-njy ýylyň iýul aýynda üç sany gatlaklary (III, V, Vb), 1982-nji ýylyň maý aýynda bolsa VIII gatlagy işläp geçmek bilen synag-senagat ulanyşa girizildi. Bu kände burawlanan gözleg-barlag we ulanyş guýulary bilen ýura, mel, paleogen we neogen-çetwertik eýýamlarynyň çökündileri açyldy, ol nebit we gazlylyk babatda Böwrideşik — Ojak gazly sebitiniň Naýyp gazly ülkesiniň çäklerinde ýerleşýär.
Demirgazyk Naýyp meýdanynda çökündi gatlaklanmalaryň iň uly açylan galyňlygy 2 müň 999 metre deň boldy (13 belgili guýy).
Sebitleýin tektoniki nazardan Demirgazyk Naýyp belentligi Günbatar Pitnýak gurluş (struktura) terrassasynyň Balguýy bükülmesi bilen sepleşýän zolagynda ýerleşýär. Çuň burawlama işleriniň netijeleri boýunça Demirgazyk Naýyp belentligi inçe, günortadan demirgazyk tarapa ýaýrawly brahiantiklinal görnüşli şekillendirilýär.
Ojak (häzirki Naýyp) gazly ülkesi Amyderýa gaznebitli ulgamynyň demirgazyk-günbatar bölegini eýeleýär. Bu ülkäniň uly bölegi Üňüz aňyrsy çöketligiň demirgazyk çägindedir. Naýyp gazly ülkesine Ojak, Naýyp, Demirgazyk Naýyp, Günorta Naýyp gazkondensatly känler degişlidir.
Demirgazyk Balguýy gazkondensat käni köp gatlakly bolup, 1975-nji ýylyň ýanwar aýynda açyldy we 1977-nji ýylda käniň kükürtsiz bölegi, 1984-nji ýylda bolsa kükürtli bölegi işläp geçmeklige girizildi. Onuň 35 kilometr demirgazyk-gündogar tarapynda Naýyp gaz käni we 50 kilometr günortasynda Kerpiçli gaz käni ýerleşýär.
Kän gazkondensatly, gümmezli, köp gatlakly ýatak görnüşli we etanly bolup durýar. Demirgazyk Balguýy gazkondensat käninde gözleg-barlag we ulanyş üçin guýularyň burawlanmagy bilen aşaky-orta ýura, ýokarky ýura, mel, paleogen we neogen-çetwertik ulgamlarynda dörän dag jyns çökündileriniň üsti açyldy.
Gazkondensat käni ýura döwrüniň karbonat çökündilerine degişli, ýataklar gatlakly we gümmez görnüşdedir. Käniň VIII, Хý, Хaş, Хa (umuman, Х gatlak), ХI önümli gatlaklary ulanylýar. Х gatlagy gaz gorunyň ululygy boýunça esasy hasaplanýar. Gaz öz düzüminde kükürtli wodorody saklap, onuň ýaýraýşy ýatagyň meýdany boýunça deň derejede däldir. Kükürtli wodorodyň maksimal möçberi ýatagyň demirgazyk-gündogar böleginde jemlenendir, demirgazyk-günbatar böleginiň ähli ýerinde bolsa kükürtsiz gaz hasaba alyndy. Bu aýratynlyklar ýatagy işläp geçmeklige taslananda, gaz alnanda, käniň Х gatlagynyň kükürtli we kükürtsiz zolagyndan gazyň alnyşynyň amatly depgini kesgitlenende nazara alynýar.
Gaz taýýarlaýyş işi kükürtsiz gaz üçin we kükürtli wodorod düzümli gaz üçin aýratynlykda alnyp barylýar. Kükürtli wodorod düzümli gaz kükürt arassalaýjy desgasynda arassalanýar. Şeýle-de Demirgazyk Balguýy käninde Gazlydepe, Balguýy we Kerwen känlerinden gelýän gazyň hem taýýarlaýyş we arassalaýyş işleri alnyp barylýar.
Derňew işleriniň netijesinde Kerpiçli, Balguýy we Demirgazyk Balguýy ýokary göterilmeleri boýunça 1:100 000 ölçegde ýokary mel we ýokary ýura çökündilerine degişli bolan daýanç seýsmiki gatlaklaryny hem-de kemerij-titonyň gowurdak pagsasynyň duzly çökündilerine golaý ýerleşen gatlagyň düýbi boýunça struktura kartalary guruldy. Demirgazyk Balguýy ýokary göterilmesiniň struktura görnüşi, esasan, ozalky ilkinji tolkunlaryň serpikme usuly esasynda alnan seýsmiki maglumatlaryň netijelerine gabat gelýär.
Alnan geologik-geofiziki maglumatlaryň hem-de tematiki işleriň derňewleri we maglumatlary Demirgazyk Balguýy meýdançasynda çuň agtaryş buraw işlerini geçirmeklige esas bolup hyzmat edipdir. Demirgazyk Balguýy meýdançasynda çuň agtaryş buraw işleri 1974-nji ýylyň aprel aýynda «Türkmengazsenagat» önümçilik birleşiginiň Ojak dolandyryş edarasy tarapyndan amala aşyryldy.
Soňky ýyllarda Gündogar Türkmenistanyň gözleg meýdançalarynda umumy çuňluk nokady usuly (UÇNU) bilen seýsmiki gözleg-barlag işleri üstünlikli alnyp barylýar. Ol lokal ýokary göterilmeleriniň gurluşyny jikme-jik öwrenmäge hem-de gözleg we barlag guýularynyň iň amatly atylan ýerini saýlap almaga mümkinçilik berýär.
1974-1975-nji ýyllarda Demirgazyk Balguýy meýdançasynda UÇNU bilen seýsmiki gözleg barlaglary hem-de ýokarky we aşaky ýura hatarynda soňky gözleg-barlag guýularyny atmak barada goşmaça teklip bermek maksady bilen derňew işleri geçirilip, onuň netijesinde Balguýy we Demirgazyk Balguýy epinleriniň gurluşlary anyklanyldy.
Kerpiçli gazkondensat käni Üňüz aňyrsy Garagumuň günorta-gündogar böleginde ýerleşmek bilen, onuň 90 kilometr demirgazygynda Naýyp gazkondensat käni, 75 kilometr günorta-günbatar tarapynda Böwrideşik gazkondensat käni, 25 kilometr demirgazyk-gündogarynda Demirgazyk Balguýy käni, 30 kilometr günorta-gündogar tarapynda bolsa Gazlydepe gazkondensat käni bar.
Gözleg-burawlaýyş işleri Kerpiçli meýdançasynda 1971-nji ýylyň oktýabr aýynda «Türkmennebit» önümçilik birleşigi tarapyndan başlanyp, 1972-nji ýylyň iýul aýyndan «Türkmengaz» önümçilik birleşigi tarapyndan dowam etdirilipdir. Onuň senagat möçberinde gazlydygy bolsa, 1972-nji ýylyň dekabr aýynda 1 belgili guýy barlananda ýüze çykaryldy.
Kerpiçli käni köp gatlakly bolup, 1978-nji ýylda synag-senagat ulanyşyna girizildi. Bu kände gözleg-barlag guýularynyň burawlanmagy bilen, ýura, mel, paleogen we neogen-çetwertik döwürlerinde dörän dag jyns çökündileriniň üsti açyldy. Kelloweý-oksford galyňlygynyň ýokarsynda ýerleşen karbonat gatlamçasy, esasan, argillit we angidrit gatlamçalary hekdaşlardan düzülendir. Bu galyňlyk dürli-dürli litologik toplumlardan ybarat. Karbonat toplumynyň astynda ýerleşýän, galyňlygy 50 — 55 metr bolan, litologiki gatlanma topbak çägedaşly we toýun gatyşykly berk hekdaşlaryndan ybarat. Kesimde VIII, IХ, Х, Хa, XI önümli gatlaklar bellenilýär.