744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Taryh
01.03.2025
VI. Türkmenistanyň gaz senagaty: geçmişden şu güne

Geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ortalarynda ownukly-irili gaz känleriniň birnäçesiniň — Üçajy, Seýrap, Şorköl, Malaý, Garaçöp, Gündogar Tejen, Bagaja gaz känleriniň synag-senagat we senagat ulanyşyna girizilmegi bilen, ýurdumyzyň gaz senagatynyň ösüşli ýoly netijeli dowam edip, çykarylýan «mawy ýangyjyň» möçberleri has-da artdyryldy.

Seýrap gaz käni 1978-nji ýylda açylyp, ol 1984-nji ýylyň awgust aýynda synag-senagat ulanyşa girizildi. Käniň senagat taýdan gazlylygy aşaky goteriwiň terrigen çökündilerinde (şatlyk gorizonty) ýüze çykaryldy.

Seýrap gaz käni üçin bu ýatagyň tebigy gazynyň kükürtli wodorod ýaly zyýanly komponentlerini özünde saklamaýandygy ekologiýa nukdaýnazardan amatly ýagdaý bolup durýar.

1978-nji ýylda açylyp, 1984-nji ýylda synag-senagat ulanyşa girizilen Üçajy gaz käni Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň çägine degişlidir. Üçajy, Seýrap gaz känleri ykdysady-geografiki taýdan amatly şertlerde ýerleşýär, ýagny 40 — 50 kilometrliginde suw üpjünçiliginiň çeşmesi Garagum derýasy, ýokary woltly elektrik geçirijisi we 40 kilometrliginde demir ýol, asfalt düşelen awtomobil ýoly geçýär.

Üçajy strukturasynda 1977-nji ýylda «Türkmengazsenagat» önümçilik birleşiginiň «Türkmenburgaz» önümçilik trestiniň Mary buraw işleri müdirligi tarapyndan gözleg burawlanyşa başlandy. Onuň gaz gatlagy burawlaýyş işlerini geçirmek we özleşdirmek üçin amatly 2 müň 600 metr çuňluklarda ýerleşýär.

Malaý — Çartak gaz käni Üňüzaňyrsy Garagumuň günorta-gündogar tarapynda ýerleşip, administratiw taýdan Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyna degişli bolup, Türkmenabat şäheriniň günorta-günbatar tarapynyň 95 kilometr uzaklygynda ýerleşýär. Käniň ýer üstüniň geomorfologik gurluşy çöllük we çägebaýyrlyk bolup, onlarça kilometre uzalýan beýikli-pesli çäge alaňlyklaryndan ybaratdyr. Malaý — Çartak käninde burawlanan gözleg-barlag we ulanyş guýulary bilen neogen-çetwertik eýýamyndan başlap, aşaky-orta ýura döwrüne çenli çökündileri açyldy.

Malaý käninde aşaky goteriw çägedaşlarynyň senagat taýdan gazlylygy ilkinji gezek 1981-nji ýylyň fewral aýynda 5-nji belgili barlag guýusynda synag işleri geçirilende tassyklandy. Şatlyk gatlagynyň senagat taýdan gazlylygy anyklanandan soň, Malaý käniniň gaz ýatagynda barlag işleriniň işjeň geçirilmegi başlanýar.

Bu kände goteriw mertebesiniň çökündileriniň doly galyňlygy hemme burawlanan barlag-gözleg we ulanyş guýularynda açyldy. Goteriw mertebesiniň kesimi sebitleýin önümli şatlyk gatlagynyň agtaryş işleri bilen başlanýar, onuň umumy galyňlygy 27 — 80,2 (34,17 belgili guýular) aralykda üýtgeýär, demirgazyk-gündogar tarapa gysgalýar.

Malaý gaz käni 1981-nji ýylyň fewral aýynda açylyp, synag-senagat ulanyşa 1986-njy ýylyň oktýabr aýynda girizildi. Çartak gaz käni bolsa 1982-nji ýylda açylyp, synag-senagat ulanyşa 2002-nji ýylyň aprel aýynda girizilýär. Bu känler Bagtyýarlyk we Zerger gaz geçirijilerine harytlyk gazy bermek bilen işlenip geçilýär.

Çuň buraw işleriniň maglumatlary boýunça Çartak gurluşy gümmez görnüşli belentlik bolup, birneme günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara uzalan görnüşdedir.

Çartak käniniň gümmezine golaý ýerleşen 1-nji belgili guýuda şatlyk önümli gatgatlamadan 2 müň 29 — 2 müň 90 metr çuňluklardan gaz bilen suw akymlary alyndy.

Malaý — Çartak käniniň çäginde dört sany özbaşdak gaz ýatagy anyklanyldy. Olar Malaý käniniň Malaý ýatagy, Çartak käniniň günorta-günbatar, demirgazyk-gündogar we Merkezi bölekleridir (kerçleridir).

Çartak käniniň günorta-günbatar bölegi bilen Malaý käniniň bir gaz-suw galtaşmasyna (GSG) eýedigini bellemek gerek. Bu gaz ýataklarynyň ölçegleri uzynlyk ugry boýunça 36 kilometre, giňlik ugry boýunça 38,5 kilometre, demirgazykda 6,5 kilometre barabar bolup, soňra 16,75 kilometre çenli giňäp gidýär, beýikligi 75 metrdir.

Malaý gaz käni belli bir derejede özüniň çylşyrymly geologik gurluşy bilen häsiýetlenýär hem-de uly göwrümli käne degişlidir. Çartak gaz käni hem özüniň geologik gurluşy boýunça çylşyrymly topara degişli, ýatagy düzýän dag jynslary litologiki ornuny duzlara çalyşmalar we tektoniki bozulmalar bilen häsiýetlenýär. Ol gaz gorlarynyň möçberiniň ululygy boýunça orta derejedäki käne degişlidir.

Tektoniki gurluşy taýdan Malaý — Çartak käni uzynlygy 140 — 150 kilometr, ini 15 — 20 kilometr demirgazyk-günbatardan günorta-gündogar tarapa çekilen ýagdaýynda Bagaja seňňeriniň günorta-gündogar eňňidinde ýerleşýär.

Çartak — Malaý gurluşlarynyň günorta-gündogar çetinde Bagaja seňňeri iki sany, ýagny Çartak — Malaý we Çartak — Agarguýy tektonik gurluşlara bölünýär.

Kände gaz gysyjy desgany gurmagyň zerurlygynyň ýüze çykandygy sebäpli, 2021-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda nebitgaz toplumynyň möhüm desgasynyň — Malaý gaz känindäki gaz gysyjy desganyň açylmagy ýurdumyzyň gaz senagatynyň taryhynda möhüm waka boldy.

Bu iri taslamanyň bahasy ABŞ-nyň 78 million 140 müň dollaryndan gowrak bolup, ol hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, buýrujy «Türkmengaz» döwlet konserni bilen gurluşygyň baş potratçysy Beýik Britaniýanyň «Petro Gaz LLP» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnamanyň esasynda amala aşyryldy. Ol «A» we «B» önümçilik sehlerinden ybarat bolup, «A» sehiniň wezipesi Malaý gaz känini gutarnykly, doly özleşdirmäge niýetlenendir. Desganyň «B» sehi bolsa Üçajy gaz känler toplumynyň we «Galkynyş» hem-de Döwletabat känleriniň gazyny «Garagum» gaz gysyjy desganyň üsti bilen Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisine ýokary basyş bilen akdyrmaga niýetlenendir. Munuň üçin desgada Fransiýanyň

«Dresser-Rand S.A.» kompaniýasy tarapyndan üpjün edilen 6 sany gaz gysyjy enjamlar toplumy oturdyldy. Şol sanda «A» sehde 3 toplum, GB+D14R9B-4 görnüşli kompressor, VECTRA40G-G4 görnüşli güýç turbinasy we LM2500SAC görnüşli hereketlendiriji, «B» sehde hem 3 toplum, D16R2S görnüşli kompressor, VECTRA 30G görnüşli güýç turbinasy we LM2500SAC görnüşli hereketlendiriji oturdyldy. Ygtybarly enjamlar hem-de öňdebaryjy tehnologik çözgütler ornaşdyrylan desga iň kämil awtomatiki ulgam we kompýuterler arkaly dolandyrylýar.

Umumy meýdany 12 gektara golaý bolan desgada, şeýle-de gazy sowadyjy we arassalaýjy desgalar, ýangyç, impuls gazy taýýarlaýjy bölek, ýokary we pes basyşly fakel hojalygy, azot we kislorod öndüriji beket, ätiýaçlykdaky dizel elektrik bekedi, suw gyzdyryjy beket, merkezi dolandyryş operator binalary, edara binasy, mehaniki bejeriş binasy, ýangyn howpsuzlyk binasy hem-de ýangyna garşy suw howuzlary ýerleşdirilendir.

Bagaja gazkondensat käni 1971-nji ýylyň ýanwar aýynda açyldy, 1990-njy ýylda bolsa synag-senagat ulanyşa girizildi. Bu gaz käninde tebigy gazyň düzümi, esasan, metandan we onuň gomologlary bolan etan, propan-butandan ybaratdyr.

Bagaja käni Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çägine degişli bolup, welaýat merkezi Türkmenabat şäheriniň 75 kilometr günorta-günbatar tarapynda ýerleşýär.

Bagaja meýdançasynda uly mümkinçiligi bolan duzasty kelloweý-oksford karbonat çökündili gatlaklaryna barlag işlerine 1969-njy ýylda başlanýar. Burawlanan gözleg-barlag we ulanyş guýularynyň netijesinde bu kände neogen-çetwertik döwründe dörän çökündi gatlaklardan tä aşaky-orta ýura döwründe dörän çökündi gatlaklaryň galyňlyklarynyň üsti açyldy.

Bu kän tektoniki nukdaýnazardan Amyderýa çöketliginiň çäginde ýerleşýär. Çöketligiň demirgazyk-gündogarynda Çärjew basgançagy giň ýaýylyp, ol günorta-gündogarda Garabekewül pesligi bilen araçäkleşýär. Onuň günbatar gyrasy ýokary göterilip, uly Bagaja seňňerine öwrülýär we demirgazyk-günbatara tarap ýaýylyp gidýär.

Bagaja seňňerinde geçirilen seýsmiki barlag işleriniň we çuň burawlanan guýularyň maglumatlarynyň netijesinde, bu ýerde Bagaja belentliginden başga-da aýratyn Çarygel, Jynlygum, Baýguşly, Çartak we Malaý belentlikleriniň özbaşdak ýüze çykmasy anyklanyldy.

Özi bilen adybir seňňeriň merkezinde ýerleşýän Bagaja belentligi, çuň burawlanan guýularyň maglumatlary netijesinde VIII önümli gatlagyň üstünden gurlan gurluş kartasynyň netijesi, bu belentlik uly brahiantiklinal iki sany gümmez bilen: demirgazyk-günbatar (esasy) we günorta-gündogar çylşyrymlaşandyr. Epilmäniň uzyn oky duga meňzeş şekilde bolup, onuň güberçek tarapy demirgazyk-gündogara bakýar. Bagaja brahiantiklinalynyň ýapyk — 2 müň 940 metr izogipsa boýunça doly ölçegleri 33 kilometr х11,5 kilometr, belentligi 187 metrden ybarat. Günorta-gündogar tarapda epin Baýguşly antiklinalyna tarap açylýar.

Burawlanan gözleg-barlag guýularyndan (1, 2, 21, 22, 25, 26, 27 we 28 belgili) alnan maglumatlaryň seljeriş işleriniň netijeleri we bu guýularda geçirilen önümçilik-geofiziki barlaglardan alnan işleriň deňeşdirmesi netijesinde kelloweý-oksford döwründe dörän karbonat galyňlygynyň içinde özbaşdak rif görnüşli karbonat jynsy (merjen) bölünýär. Bu jyns diňe esasy bolan Bagaja antiklinalynyň günbatar gümmezinde ýaýrandyr.

Gözleg-barlag we ulanyş guýularynda burawlaýyş, synag işleriniň hem-de geçirilen önümçilik-geofiziki işleriň maglumatlary we alnan özennusgalarynda geçirilen seljerme işleriniň netijesinde Bagaja käninde özbaşdak üç sany gazkondensat ýatagy, olaryň ikisi (VIII, VIIIa gatlaklar) gatgatlama gurluşly we biri — merjen döreýiş gurluşly VIIIa, IХ — Х gatlaklar aralygynda ýerleşen ýokary sygymly rezerwuar — sygymlar görnüşinde anyklanyldy.