744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Taryh
01.03.2025
VII. Türkmenistanyň gaz senagaty Garaşsyzlyk ýyllarynda: ösüşli ýollaryň dowamy

Ýurt Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ägirt uly özgertmeleriň amala aşyrylmagyna giň ýol açyldy. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň hemme pudaklarynda, şol sanda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda oňyn özgertmelere badalga berdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň binýatlyk esasy bolan nebitgaz toplumynda, hususan-da, gaz senagatyny we onuň gaýtadan işleýän pudagyny täze taryhy şertlerde döwrebap ösdürmeklige giň mümkinçilikler döredi. Netijede, dürli ýyllarda açylan Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy, Ýolguýy, Çymçykly, Garaşsyzlyk we Gündogar Tutly, Gündogar Üçajy — Çägelik — Könegala, Tagtabazar-I gaz känleri synag-senagat we senagat ulanyşa girizilip, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça kabul edilen Prezident maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna uly goşant goşdy.

Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy (Bäşgyzyl) gaz käni Üňüzaňyrsy Garagumuň günorta-gündogar böleginde, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň çäginde, welaýat merkezi Türkmenabat şäherinden 180 kilometr we Mary şäherinden 160 kilometr daşlykda ýerleşýär. Käniň tebigy gazy 92 kilometr uzaklykda ýerleşýän Üçajy käninde hereket edýän gazy toplumlaýyn taýýarlan desgada (GTTD) gutarnykly taýýarlanyp, daşarky we içerki sarp edijilere iberilýär. Bu käniň 60-70 kilometr demirgazyk-günbatar tarapyndan häzirki wagtda hereket edýän Üçajy, Seýrap, Malaý, Bagaja we Kükürtli gaz geçirijisi geçýär.

Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy gaz käniniň gazlylygy şatlyk gatlagynyň 2 müň 850 metr çuňlukda ýerleşýän aşaky goteriw döwrüniň önümli çökündileri bilen baglydyr. Önümli gorizont I+II, III, IV litologik gatlardan ybarat bolup, käniň gaz gorlarynyň esasy möçberi I+II litologik gatlarda ýerleşýär. Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy käni Ýolguýy göterilmesiniň gündogarynda ýerleşen Bäşgyzyl göterilmesini öz içine alýar.

Tektoniki taýdan Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy belentligi Gulaç seňňeriniň demirgazyk-günbatar ugrunda ýerleşýär. Ýolguýy gurluşyndan gündogar tarapa giň ugur boýunça kulis görnüşli Üçajy seňňerine tarap uzynlygy 60 kilometr, ini 15-20 kilometr bolan Gulaç seňňeri uzalyp gidýär. Ol Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy, Gulaç we Gündogar Gulaç lokal belentliklerinden emele gelendir. Şeýlelikde, iki sany ýanaşyk Ýolguýy we Bäşgyzyl belentlikleri dürli gurluş seňňerlerine degişlidir. Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy belentligi Ýolguýy belentliginden gipsometriki 60 metr gowrak aşakdadyr. Gulaç seňňeriniň gurluşynyň aýratynlyklarynyň biri hem Bäşgyzyl-Gulaç böleginde önümli şatlyk gorizontynyň çägedaşlary: duz, angidrit, toýun hem-de duzdoýgunly geçirmeýän çägedaşa we alewrolitlere öwrülip, litologik çalyşmasy bolup geçipdir.

Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy belentligi brahiantiklinal bükülme görnüşinde bolup, günorta-günbatardan demirgazyk-gündogarlygyna uzalmak bilen, onuň ölçegleri (-2 müň 620 metr çäklenme izogipsa boýunça) 27x15 kilometre deňdir.

Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy käninde jemi 44 sany çuň buraw guýulary gazylyp, olardan 3-si gözleg (1, 2, 4 belgili), 13-si barlag (3, 5, 6, 7, 8, 9, 10, 11, 12, 13, 14, 15, 16 belgili) we 28-si gaz ulanyş (19-46 belgili) guýularydyr. Gazylan guýularyň hemmesinde synag-barlag işleri, esasan, senagat taýdan gaz gorly şatlyk önümli gorizontda geçirilýär.

Guýularda geçirilen synag-barlag işleriniň, alnan özennusgalaryň (kernleriň) we guýy geofiziki barlag (GGB) işleriniň netijeleri esasynda käniň şatlyk önümli gorizontynda üç sany özbaşdak gaz-suw-galtaşmaly (GSG) ýatak açylýar. Önümli gorizont bäş sany litologik petdelere (I, II, III, IV we V) bölünýär.

Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy käni Bäşgyzyl belentligini öz içine alýar, ol Ýolguýy belentliginiň gündogarynda ýerleşendir. Olaryň ikisi hem aýry gurluş seňňerine degişlidir we çuňňur epilme arkaly utgaşýarlar.

Üçajy-Gulaç seňňeriniň senagat gazlylygy we onuň düzümine girýän Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy gurluş aşaky meliň şatlyk gatgatlamasynyň çägedaşlary we ýokarky ýura döwrüniň kelloweý-oksford mertebesiniň hekdaşlary bilen baglydyr. Şatlyk önümli gatgatlama gidrogeologik ýagdaýda dyňzaw suw gatgatlamasyny emele getirýär, ol, öz gezeginde, neokom-apt dyňzaw suw ulgamyna degişlidir. Ulgam sebitleýin ýaýrap, Garagum gidrogeologik basseýniniň düzüm bölegi bolup durýar. Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy käniniň çäginde şatlyk önümli gatgatlamasy endigan kerki gatgatlamasynyň duzly çökündileri bilen ornuny çalyşýar. Ol ýatakdan gündogarda ýerleşen 14-nji guýy burawlananda tassyklanyldy. Käniň demirgazygynda giň ýaýbaňlanan Repetek-Kelif bozulma zolagy ýerleşýär. Kän günbatarda Ýolguýy käni bilen araçäkleşýär, onuň uzynlygy 12 kilometrdir. Günortada gatgatlama dowamly gatlak hökmünde bellenilýär we gündogarda bolsa onuň ýuwaşdan inçelip ýitmegi çak edilýär.

Ýolguýy gaz käni Üňüzaňyrsy Garagumuň günorta-gündogar böleginde, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýär. Ol 2001-nji ýylda synag-senagat ulanyşa girizilýär. Bu gaz käni Üçajy käninden 60 kilometr daşlykda ýerleşmek bilen, şol käniň gazy toplumlaýyn taýýarlaýyş desgasyna gutarnykly taýýarlamaklyga, soňra içerki we daşarky sarp edijilere iberilýär. Ýolguýy käniniň gazy Üçajy käniniň üsti bilen Döwletabat — Derýalyk merkezi gaz geçirijisine ugradylýar.

Ýolguýy käni gaz gorlarynyň möçberi boýunça uly käne degişlidir. Gazly gatlanma 2 müň 800 metr çuňlukda ýerleşýän aşaky mel çökündilerine degişlidir. Bu kände gazylan gözleg-barlag we ulanyş guýulary arkaly neogen-antropogen gatlaklaryndan başlap, tä ýokary ýura gatlaklaryna (garabil pagsasy) çenli doly açylandyr.

Çymçykly gaz käni Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda, Üçajy käniniň 20 kilometr günorta-gündogarynda ýerleşýär. Bu kän 1988-nji ýylda açylyp, ulanyşa 2019-njy ýylyň oktýabrynda girizildi. Çymçykly gaz käniniň tebigy gazy Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy — Üçajy gaz geçirijisine akdyrylýar.

Kände burawlanan gözleg-barlag guýulary arkaly neogen-çetwertikden başlap, ýokarky ýura çenli çökündileri açylýar.

Gündogar Tutly we Garaşsyzlyk gaz känleri Üňüzaňyrsy Garagumuň günorta-gündogar böleginde, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň çäginde, welaýat merkezi Mary şäheriniň gündogarynda, takmynan, 100 kilometr daşlykda ýerleşýär. Känleriň tebigy gazy Garaşsyzlyk käninde hereket edýän gazy toplumlaýyn taýýarlaýan desga (GTTD) berilýär we ol ýerde gaz gutarnykly arassalanyp, Türkmengala etrabynyň ilatly nokatlarynyň gaz üpjünçiligi üçin berilýär. Bu känlerden 10-20 kilometr uzaklykda demirgazyk-gündogar tarapda Ýolguýy we Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy gaz känleri bar.

Bu känlerde gazylan gözleg-barlag we ulanyş guýularynda neogen-çetwertik gatlaklaryndan başlap, ýokary ýura (kimerij-titon) gatlaklaryna çenli doly açylýar. 

Ýokary ýura ulgamynyň gatlaklary 43-223 metr galyňlyga açylan dag jynslary bolup, olar kimerij-titonyň garabil we gowurdak pagsasyna (switasyna) degişlidir. Gowurdak pagsasy gezekleşýän galitlerden, angidritlerden, hekdaş hem dolomitlerden düzülendir. Garabil çökündileri toýunlardan we çägedaş, alewrolit, hekdaş gatyşykly gezekleşýän gatlamçalardan ybaratdyr.

Aşaky mel gatlaklary litologik düzümi boýunça dürli görnüşdäki dag jynslaryndan düzülen berrias-walanžin, goteriw, barrem, apt we alb mertebelerinden ybaratdyr.

Gündogar Üçajy — Çägelik — Könegala gaz känleri Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň çägine degişli bolup, günbatarda 30-50 kilometr aralykda Üçajy we Seýrap känleri ýerleşýär. Gaz käniniň 30-50 kilometr günbatar tarapyndan häzirki wagtda hereket edýän Üçajy — Malaý gaz geçirijisi geçýär.

Bu gaz känlerinde gazylan gözleg-barlag we ulanyş guýulary neogen-antropogen gatlaklaryndan başlap, tä aşaky mel (walanžin) gatlaklaryna çenli doly açylýar. Olardan diňe iki sany guýy (20 we 21 belgili) gümmeziň ýokarky ýura gatlagynyň karbonat çökündilerini doly açýar.

Gündogar Üçajy — Çägelik — Könegala gaz känleri Murgap gazly welaýatynyň Üçajy gazly etrabynda ýerleşýär. Geçirilen gözleg-barlag işleriniň netijeleriniň esasynda bu känler boýunça aýratynlykda buraw işlerine başlanýar. Ol känler aşaky mel çökündisiniň goteriw gatlagyna degişli şatlyk gorizontyndan senagat akymly gaz alynmagy bilen dürli döwürlerde açyldy.

Gündogar Üçajy — Çägelik — Könegala känleri 2000-nji ýylyň 1-nji fewralynda işe girizilip, çykarylýan gaz Gündogar Üçajyda gurlan gazy ilkinji taýýarlaýan desga (GITD) akdyrylýar. Gündogar Üçajydaky GITD-den gaz diametri 530 millimetrlik gaz geçiriji kollektor arkaly Üçajyda gurlan gazy toplumlaýyn taýýarlaýan desga (GTTD) berilýär. Bu ýerde gaz suwuklykdan we mehaniki garyndylardan arassalanýar, dietilenglýukol (DEG) ulanmak bilen gaz absorbsiýa usulynda guradylýar, soňra Üçajy — Garagum we Üçajy — Bagtyýarlyk gaz geçirijilerine iberilýär.

Tagtabazar-I (Töreşyh) nebitgazly käni Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap merkeziniň 70 kilometr günortasynda ýerleşýär.

Tektoniki taýdan Töreşyh antiklinali Nurlyn belentlik zolagyna degişlidir.

Geologik-geofiziki we buraw işleriniň netijesinde şu zolakda öň Islim we Garaçöp gaz känleri açylýar. Tagtabazar-I ýatagy 2000-nji ýylda 1-nji belgili gözleg guýusynyň burawlanmagy bilen açylýar, ýagny 1 müň 858 — 1 müň 888 metr çuňlukdan nebit akymy, 1780-1812 metr çuňlukdan nurberen gatlakdan barlag işleriniň netijesinde senagat akymly kondensatly gaz akymy alynýar. Şol ýylda hem 1-nji belgili guýy senagat taýdan ulanyşa girizilip, Tagtabazar we Serhetabat etraplaryny gaz bilen üpjün edip başlaýar.

Gözleg-barlag guýularynda synag we senagat geofiziki derňew işleriniň netijeleriniň esasynda Tagtabazar-I ýatagynda aşaky-orta ýura terrigen çökündilerine degişli bolan nebitli (nurabat) we gazkondensatly (nurberen) önümli gatlaklary açylýar.

Bu gazkondensat nebitli käni brahiantiklinal epinli bolup, demirgazyk-gündogara tarap uzalyp gidýär hem-de demirgazyk we günorta taraplaryndan tektoniki kesilip düşme görnüşli bölünme bilen çäklenýär. Epilmäniň gümmezi demirgazyk-gündogar böleginde ýerleşýär. Käniň görnüşi tektoniki ekranly, doly gazly gatlaklydyr.

Tagtabazar-1 ýatagynda gazylan 17 sany gözleg-barlag guýularynyň 14-si gazly meýdanyň içinde ýerleşýär. Gatlagyň başlangyç basyşy gözleg-barlag guýularynda barlag işleri geçirilende ortaça 23,96 Mpa deň boldy.