Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda durmuşa geçirýän strategiýasy pudaklaýyn düzümini döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga, gaz çykarýan we gaýtadan işleýän pudagyň kuwwatlyklaryny artdyrmaga, gaz hem-de nebithimiýa senagatyny ösdürmäge we dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän bäsdeşlige ukyply önümleri çykarmaga gönükdirilendir.
Türkmenistanyň tutýan meýdanynyň aglaba bölegi nebitgazly ýerler diýlip hasap edilýär. Gaz gorlarynyň derejesiniň ýokarylygy «mawy ýangyjyň» çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmaga, daşarky we içerki sarp edijileri uzak ýyllaryň dowamynda üpjün etmäge mümkinçiliginiň bardygyny tassyklaýar.
Gazetimiziň geçen sanynda çap edilen makalada Garaşsyzlyk ýyllarynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirligine degişli gaz känleriniň birnäçesi hakynda söz açylan bolsa, şu makala «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň şol döwürdäki aglabasy ХХI asyryň birinji onýyllygynda önümçilige girizilen gaz känleri baradaky maglumatlara bagyşlandy.
Gaz gorunyň derejesi boýunça orta degişli bolan Gazlydepe (Gagarin) gazkondensat käni Üňüzaňyrsy Garagumuň günorta-gündogar böleginde ýerleşmek bilen, Lebap welaýatynyň Dänew etrabyna degişlidir. Bu kän synag-senagat ulanyşa 2004-nji ýylyň awgust aýynda girizildi. Ol ady belli, uly göwrümli Kerpiçli gaz käniniň 30 kilometr günorta-gündogarynda, Demirgazyk Balguýy käniniň bolsa, 45 kilometr günortasynda ýerleşýär.
Bu käniň özleşdirilen döwründe birnäçe taslamalar düzülýär. Gazlydepe gazkondensat käninde gözleg-barlag guýularynyň burawlanmagy bilen neogen-çetwertik, paleogen, mel we ýura döwürlerinde dörän dag jyns çökündileriniň üsti açylýar.
Sebitleýin struktura-tektoniki babatda günorta-gündogar Türkmenistanda ýerleşýän Gazlydepe antiklinaly günortada Repetek-Çeşme zolagyndan, demirgazykda Kerpiçli seňňeriniň demirgazyk-gündogar utgaşmasyna çenli meridional görnüşde uzap gidýän, uzynlygy 140 — 150 kilometr, ini 25 — 30 kilometr bolan Günorta Üňüz seňňerine degişlidir. Gazlydepe strukturasy Günorta Üňüz seňňeriniň çäginde günortadan-demirgazyga insiz, meridional görnüşde süýnmek Demirgazyk Çeşme, Günorta Üňüz we Gazlydepe ýerli bükülmelere bölünýär.
Gazlydepe gurluşynda gözleg-agtaryş işleri iki tapgyrda amala aşyrylýar. Onuň birinji tapgyrynda (1964 — 1971 ý.ý.) meýdançada jemi 6 sany guýy burawlanýar. Bu tapgyrda burawlanan gözleg-barlag guýularynyň hiç birinden senagat ähmiýetli gaz akymynyň alynmandygy sebäpli, Gazlydepe meýdançasy 1971-nji ýylda gözleg-burawlaýyş işlerinden çykarylýar. Şol döwürlerde Türkmenistanyň gündogar we demirgazyk-gündogar çäklerinde birnäçe gaz känleriniň açylmagy bilen 1977-nji ýylda Gazlydepe gurluşynda jikme-jik seýsmiki we guýy-geofiziki barlaglaryň (GGB) toplumlaýyn seljerilmegi netijesinde täzeden gözleg-barlag buraw işlerine başlanýar hem-de 1978-nji ýylda 12-nji belgili gözleg guýusyndan senagat ähmiýetli gaz akymynyň alynmagy bilen Gazlydepe käni açylýar.
Şeýlelikde, guýularda geçirilen synag-barlag işleriniň, alnan kernleriň we geologik-geofiziki barlag işleriniň netijeleri esasynda kän boýunça iki sany özbaşdak gaz-suw galtaşykly, ýagny VII we X önümli gorizontlary açylýar. Esasy ulanyş gatlaklara degişli Х gorizont senagat taýdan ýokary gazdoýgunly häsiýete eýedir.
Gazlydepe gazkondensat käniniň gaz guýularyndan umumy giriş kollektoryna ýygnanan tebigy gaz turbageçiriji arkaly iki tehnologik hatara bölünip, S — 101 — 1,2 belgili separatorlara barýar. Bu ýerde gaz düzümindäki suwuklykdan we mehaniki garyndylardan arassalanýar. Damja görnüşli kondensatdan we gatlak suwundan arassalanan tebigy gaz soňra hojalyk hasaplaýyş ölçeg bölümine barýar we gaz geçiriji turba arkaly Demirgazyk Balguýyda ýerleşýän tebigy gazy toplumlaýyn taýýarlaýan desga ugradylýar. Ol ýerde tebigy gaz absorbsiýa usuly bilen guradylýar we ondan soňra utgaşdyrylan (kombinirlenen) gaz geçiriji arkaly Kerpiçliniň gaz gysyjy desgasyna iberilýär.
Farap gazkondensat käni Lebap welaýatynyň adybir etrabynda Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýär. Amyderýanyň ýakasynyň töwerekleriniň geologik taýdan öwrenilişiniň birinji tapgyry 1912 — 1952-nji ýyllar aralygyny öz içine alýar. Bu ýerden A.D.Arhangelskiý, A.W.Danow, I.S.Starobines we başgalar tarapyndan geçirilen sebitleýin işleriň netijesinde hem-de tektonika barada maglumatlar alynýar.
Amyderýanyň kenarýaka töwerekleriniň geologik taýdan öwrenilişiniň ikinji tapgyry 1955-nji ýylda barlag-geofiziki işleriň geçirilmegi bilen başlanýar. Bu ýerde 1955-nji ýylda Farap meýdançasyny öz içine almak bilen I.W.Epşteýniň ýolbaşçylygynda geçirilen grawimetriki surata düşüriş işleri uly ähmiýete eýedir. Onuň netijesinde grawitasion anomaliýalaryň (üýtgeşiklikleriň) Çärjew—Pitnek zolagy ýüze çykarylýar.
Bu kände gözleg-barlag burawlaýyş işleri 1958-nji ýylda başlanýar. Onda senagat möçberde ulanyp boljak gaz toplumy 1962-nji ýylda anyklanylýar. Çuň gözleg-barlag guýulary bilen kelloweý-oksford ýaşly hekdaş çökündileri açylýar. Käniň senagat taýdan gazdoýgunlylygy şol gatlaklarda subut edilýär. Farap käninde ýerine ýetirilen buraw işleriniň netijesi boýunça neogen-antropogen gatlaklaryndan başlap, paleozoý binýadyna çenli çökündiler ýüze çykarylýar. Kän gazkondensatly, gümmezli, doly gatlakly ýatak görnüşli we etanly bolup durýar.
Farap käni 1993-nji ýylyň aprel aýynda ýerli ulanyjylary üpjün etmek üçin özleşdirilip başlanýar. Onuň gazy şol etrabyň obalarynyň ýaşaýjylaryny, senagat we durmuş desgalaryny tebigy gaz bilen üpjün etmekde ulanylýar. Känden alynýan gaz kondensaty gaýtadan işlemek üçin Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna ugradylýar.
Ätiýaçlyk gorlarynyň derejesi boýunça kiçä degişli bolan Balguýy, Demirgazyk Kerpiçli, Ysmaýyl, Babaarap gazkondensat känleri Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň çäginde ýerleşýär.
Balguýy käni 1985-nji ýylda açylýar we 2004-nji ýylda synag-senagat ulanyşa girizilýär. Onuň günbatar tarapyndan 40 kilometr daşlykda Döwletabat — Derýalyk magistral gaz geçirijisi geçýär.
Balguýy käninde burawlanan gözleg-barlag we ulanyş guýulary bilen neogen-çetwertik eýýamyndan ýokary ýura eýýamyna çenli çökündiler açylýar. Şonuň bilen bilelikde, ýokary ýura karbonat toplumynda IX we X önümli gatlaklaryň senagat taýdan gazlylygy kesgitlenilýär.
Bu gazly etrapda aşaky-ortaky ýuranyň çökündileri iň gadymydyr. Olar Kerpiçli we Demirgazyk Balguýy känlerinde açyldy. Olaryň iň uly açylan galyňlygy 930 metre deňdir (Demirgazyk Balguýy, 12-nji belgili guýy).
Tektoniki taýdan Balguýy epini Kerpiçli seňňeriniň çäklerinde ýerleşýär.
Demirgazyk Kerpiçli gazkondensat käniniň demirgazyk tarapynda 90 kilometr uzaklykda Naýyp, günorta-günbatar tarapynda 75 kilometr uzaklykda bolsa Böwrideşik gazkondensat känleri ýerleşýär.
Käniň meýdançasyndan Döwletabat — Derýalyk magistral gaz geçirijisi geçýär.
Demirgazyk Kerpiçli gazkondensat käninde 1-nji belgili gözleg guýy, 2-nji belgili barlag guýy we 3 belgili ulanyş guýy bilen neogen-çetwertik eýýamyndan başlap, paleogen, mel we ýura döwrüniň çökündileri açylýar.
Demirgazyk Kerpiçli epini Balguýy epininiň Kerpiçli seňňerine galtaşýan sepgidinde Kerpiçli seňňerinden demirgazykda çöketligiň umumy çäginde 1978 — 1980-nji ýyllarda geçirilen seýsmiki barlagyň umumy çuňluk nokat usuly (UÇNU) bilen jikme-jik öwrenilip ýüze çykarylýar.
Meýdançada 1-nji belgili barlag guýusy 1989-njy ýylyň oktýabr aýynda burawlandy we meýdançanyň gazlydygy tassyklandy. Kände jemi 3 sany guýy gazylyp, umumy gazylan çuňluk 9 müň 600 metre deň boldy.
Ysmaýyl gazkondensat käni Naýyp gazkondensat käniniň günorta-demirgazygynda 15 kilometr uzaklykda, käniň 50 kilometr demirgazyk-günbatar tarapynda Gazojak şäherçesi ýerleşýär.
Ysmaýyl strukturasynda 1967-nji ýylda çuň gözleg buraw işleri geçirilýär. Buraw işleriniň başlangyç ilkinji tapgyrynda ýokarky ýura duzasty çökündileriniň geljegini kesgitlemek maksady bilen 4 sany (1, 2, 3 we 4 belgili) gözleg guýulary burawlanýar. Netijede, burawlanan gözleg guýularynda ýokarky ýura döwrüniň aşaky duz gatlagy açylýar. Burawlanan 1-nji belgili guýudan pes çykymly gaz akymynyň alnandygy üçinW barlaglaryň oňaýsyz netije berenligini öwrenmek bilen, Ysmaýyl gazkondensatly käninde geljegi ýok meýdança hökmünde şol ýyl çuň gazuw-buraw işlerini geçirmek togtadylýar. «Türkmengaz» DK-nyň Nebit we gaz institutynyň (häzirki Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň) hünärmenleri tarapyndan maglumatlaryň çuňňur derňelmegi netijesinde Ysmaýyl gurluşynda 1990-njy ýylda gaýtadan gözleg işleriniň çuň gazuwy täzeden başlanýar. Meýdançanyň senagat taýdan ähmiýetli gazlydygy gurluşyň demirgazyk-gündogarynda 5-nji belgili gözleg guýusy gazylandan soň subut edilýär. 1991-nji ýylda bu gözleg guýusynyň burawlanmagy käniň açylmagyna getirýär we oňaýly netijeler gazanylýar. Şeýlelikde, VIII önümli gatlagyň ýerleşen çuňluk aralygynyň synag edilmegi netijesinde senagat taýdan gaz akymy alynýar.
Ysmaýyl käninde synag işleriniň netijeleri we GGB maglumatlary boýunça kelloweý-oksford mertebesiniň diňe VIII we IX önümli gatgatlamalaryň senagat taýdan gazlydygy anyklanýar.
Kerwen gazkondensat käni Gazlydepe käniniň 30 kilometr gündogarynda we Babaarap käniniň 25 — 30 kilometr günorta-günbatarynda ýerleşýär. Ol 1988-nji ýylyň iýun aýynda strukturanyň gümmezinde ýerleşdirilen 1-nji belgili gözleg guýynyň synag edilmegi netijesinde açylýar. Kän gazkondensatly, gümmezli, doly gatlakly ýatak görnüşli we etanly bolup durýar. Ol synag-senagat ulanyşa 2012-nji ýylyň fewral aýynda girizilýär.
Kerwen gazkondensat ýatagynyň dört sany gaz guýusyndan turbageçiriji (şleýfler) arkaly gaz ýygnaýjy enjamlar toplumynyň meýdançasyna gelýär. Soňra gazy ilkinji taýýarlaýjy desga (GITD) barýar. Bu desga 2 sany birmeňzeş tehnologik hatardan ybarat bolup, olaryň her biriniň öndürijiligi bir gije-gündiziň dowamynda 3 million kub metr gaza deňdir.
Kerwen gazkondensat käniniň gazy ilkinji taýýarlaýan desgasynyň hojalyk hasaplaýyş ölçeg bölüminden çykýan «mawy ýangyç» Demirgazyk Balguýy käninde ýerleşýän tebigy gazy toplumlaýyn taýýarlaýan desga ugradylýar. Ol ýerde tebigy gaz talabalaýyk arassalanýar we taýýarlanyp, harytlyk gaz görnüşine getirilýär.
Babaarap gazkondensat käni Kerwen käniniň 25 — 30 kilometr demirgazyk-gündogar we Gazlydepe käniniň 35 — 40 kilometr gündogar tarapynda ýerleşýär.
Babaarap meýdançasynda çuň gözleg, buraw-gözleg işleri iki tapgyrda amala aşyryldy: ilkinji gezek 1970-nji ýylyň sentýabr aýynda, ikinji tapgyrda bolsa, 1983-nji ýylyň maý aýynda barlaglar geçirildi.
Babaarap iki gatlakly gazkondensat käni bolup, 1984-nji ýylyň awgust aýynda strukturanyň gümmezinde ýerleşdirilen 4-nji belgili gözleg guýusynyň synag edilmegi netijesinde açylýar.
Çuň gözleg-barlag guýulary arkaly neogen-çetwertik, paleogon, mel, ýokary we aşaky-orta ýura ýaşlaryndaky çökündiler açylýar. Käniň senagat taýdan gazdoýgunlylygy IX we XI gatlaklarda subut edilýär.
Kän gazkondensatly, gümmezli, doly gatlakly ýatak görnüşli we etanly bolup durýar. Ol synag-senagat ulanyşa 2012-nji ýylyň iýul aýynda girizildi.
Babaarap gazkondensat käniniň gazy hem ilkinji taýýarlaýyş desgadan çykyp, hojalyk hasaplaşygy geçenden soň Demirgazyk Balguýy gazkondensat känine ugradylýar.