"Nebitlije" nebitgazkondensatly käni Günbatar Türkmen çöketliginiň Gögerendag — Ekerem göterilmeler zolagynda ýerleşýär. Zolak öňden bäri nebit we gazyň ýer üstünde köp sanly göni alamatlary bilen ünsi özüne çekip geldi. Bu alamatlar, esasan, hereket edýän läbik wulkanlar bilen baglanyşyklydyr, öz gezeginde, olar ýer astynda uglewodorod flýuidleriň toplanmalary bilen genetiki şertlendirilendir.
Gögerendag — Ekerem zolagynyň çuňluk geologik gurluşynyň keseleýin ýatan häzirki zaman we çetwertik çökündileriniň galyň gatlaklygynyň astynda ýatandygy öň bellenip geçilipdi.
Burawlaýşyň materiallarynyň we "Nebitlije" käninde gazylan agtaryş guýularynyň synag edilmesiniň hem-de ulanyşyň maglumatlarynyň seljermesi käniň juda çylşyrymly geologik gurluşy, meýdany, kesim boýunça nebitgazdoýgunlygynyň ýaýraýşy bilen häsiýetlendirilýändigine şaýatlyk edýär. Guýularda gatgatlamalaryň doýgunlyk häsiýetnamalary çürt-kesik tapawutlydyr we synag edilmäniň maglumatlary boýunça baha berip, gurluş faktory bilen kesgitlenmeýär. Munuň özi Nebitlijäniň nebitgazdoýgunly jynslaryň ýerleşýän ýeri (hanasy) barada seýsmiki agtaryşyň pikirini tassyklaýar. GGB we gatlaklaryň synag edilmegiň maglumatlary bu kände gatgatlamalaryň meýdany boýunça nebitgazsuwlulygynyň ýaýraýşynda kollektorlaryň çürt-kesik litologik üýtgeýşi we olaryň arasynyň üzükliligi, şeýle hem ýataklary çäklendirýän az amplitudaly döwülmeler ep-esli rol oýnapdyr diýip hasaplamaga esas berýär.
Geologik gurluşynyň çylşyrymly häsiýetini we önümli çökündileriň nebitgazdoýgunlylygyny göz öňünde tutup, hasaplama işşanlarynyň bölünişinde, esasan, aşakdaky ölçütler goýuldy:
1. Obýektlere birleşdirilen önümli gatlaklaryň flýuid doýgunlyk häsiýeti we fiziki häsiýetleri.
2. Ýataklaryň basyrgysynyň we eteginiň araçäkleriniň meýdan boýunça gabatlaşmasynyň takyklygy.
3. Ýüze çykarylan önümli kollektor — jynslaryň dykyz toýunsow jynslar bilen ýerini çalyşmagyň lokallygy.
4. Önümli kollektorlaryň tamamlanýan böleklerinde guýularyň kesiminde suwdoýgunly gatlaklaryň barlygy.
Ýokarda beýan edilenlerden kän boýunça alnan maglumatlaryň ýataklaryň geometriýasyny kesgitlemäge, nebit we gazyň gorlarynyň hasaplamasyny geçirmäge mümkinçilik berýändigi gelip çykýar.
Gaznebitli etrap boýunça geologik-agtaryş işleriniň netijeliliginiň görkezijileriniň ortaça maglumatlarynyň hasaplaşygyna ýokary görkezijilikli ("Körpeje", "Günorta Gamyşlyja", "Keýmir", "Akpatlawuk"), şeýle hem pes görkezijilikli ("Ekerem", "Gögerendag", "Ekizek" we beýleki) känler gatnaşýar. Şeýlelikde, "Nebitlije" käninde geologik-agtaryş işleriniň netijeliligi birnäçe känler bilen bir hatarda netijeliligiň ýokary däl görkezijiliginde ýerleşýär, emma Gögerendag — Ekerem ykdysady etrap boýunça ortaça görkezijileri bilen deňeşdirilendir.
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti