Nebitgaz toplumynda intellektual känleriň döredilmegi we emeli aňyň ulanylmagy ýokary ösüş gazanmagy şertlendirýär. Muňa mysal hökmünde «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri tarapyndan nebit we gaz känlerinde sanly monitoring ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy guýularyň tehniki görkezijilerine real gözegçilik etmäge mümkinçilik berdi. Emeli aňyň ulanylyp başlanmagy bolsa geologik modelleri gurmakda we buraw işlerini geçirmekde ýardam etdi. Şeýle hem zawodlarda dolandyryş işleri awtomatlaşdyrylýar we kagyzsyz resminama dolanyşygyna geçilýär. Mysal üçin, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda önümçilik we logistika prosesleri awtomatlaşdyrylan sanly ulgama geçirildi. Sebitiň möhüm taslamasy hasaplanýan TOPH transmilli gaz geçirijiniň gurluşygynda sanlylaşdyrylan ulgamyň netijesinde gazyň akymyny dört ýurduň çäginde hem merkezleşdirilen tertipde kadalaşdyrmaga we dolandyrmaga mümkinçilik bolar.
Döwletimizde ýokarda agzalan ähli işler SCADA (Supervisory Control and Data Acquisition) ulgamy tarapyndan amala aşyrylýar. Bu ulgam tehnologik prosesleri uzak aralykdan awtomatik usulda dolandyrmaga we olara gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Onuň esasy wezipeleriniň arasynda guýulardan, zawodlardan, turbageçirijilerden maglumatlary ýygnamak, uzak aralykdan dolandyrmak (meselem, müňlerçe kilometr uzaklykdaky dolandyryş nokadyndan nasoslary işletmek, klapanlary açmak hem-de ýapmak we ş.m.), duýduryş bermek (meselem, eger basyş kadadan çyksa, ulgam awtomatik ýagdaýda duýduryş berýär), hasabatlary taýýarlamak (ähli maglumatlary arhiwe geçirýär we ykdysady tarapdan seljermek üçin grafikleri taýýarlaýar) bar. Sanly ulgamy ornaşdyrmagyň täze döwründe Türkmenistan SCADA ulgamyny hemra aragatnaşygyna birikdirýär. Şeýle düýpli çemeleşmeler ýangyç-energetika toplumynyň ösüşini has-da ilerleder.