744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
SNGIZ - nebitgaz toplumynyň öňdebaryjy önümçilik düzümleriniň biri
28.01.2026

Türkmenistanyň ösýän nebithimiýa senagaty hakynda gürrüň edilende, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň ady hem ilkinjileriň hatarynda tutulýar. Bu zawod Garaşsyzlyk ýyllarymyzyň dowamynda zamanabap ösüşleri başdan geçirdi.

Häzirki wagtda zawod nebiti ilkinji gaýtadan işleýän ELOU-AWT-6 elektroduzaýryjy desgasyna, göni kowlan benzini gaýtadan işleýän we goşmaça gidroarassalaýjy blokly LÇ 35-11/500 desgasyna hem-de ýol bitumyny öndürýän desgasyna eýedir.

Zawodyň ýol bitumyny öndürýän desgasy nebit ýol bitumyny, agyr wakuum gazoýlyny we ýeňil wakuum gazoýlyny öndürýär. Azot-kislorod stansiýasy bolsa zawodyň önümçiligi üçin zerur bolan azot we kislorod bilen üpjün ediji gurluşdyr. Bu ýerde M-100 mazuty, L-05-62 dizel ýangyjyny, göni kowlan benzini öndürýän ELOU-AWT-6 desgasy hem ykdysadyýet we senagat pudaklary üçin zerur bolan nebithimiýa önümlerini öndürýändigi bilen meşhurdyr.

Şeýlelikde, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody önümçiligiň ýokary hili bilen ýurdumyzyň ykdysady girdejilerini artdyrmakda, eksport kuwwatyny ýokarlandyrmakda ähmiýetli orun eýeleýär.