Allamyrat Kuranow 1960-njy ýylda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesinde işçi maşgalasynda eneden dogulýar. Şäherçedäki orta mekdebi oňat bahalar bilen tamamlansoň, nebitgaz ugrundan işlemegi niýet edinip, 1976 — 1980-nji ýyllarda öňki Nebitdagyň (häzirki Balkanabat) nebitçilik tehnikumynda nebit we gaz guýularyny burawlamak hünäri boýunça okuwyny üstünlikli tamamlap, 1980-nji ýylda «Türkmennebit» döwlet konserniniň häzirki «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Körpeje» buraw işleri müdirliginde burawlaýjynyň kömekçisi kärinde özüniň ilkinji zähmet ýoluna başlady. 1984 — 1990-njy ýyllar aralygynda Moskwanyň I.M.Gubkin adyndaky nebit we gaz institutynyň Balkanabatdaky agşamky bölüminde okap, nebit we gaz guýularyny ulanmak we özleşdirmek hünärini ele alýar. Soňra «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde burawlaýjy, ýerasty abatlaýjy ussa, uly tehnolog, Guýulary düýpli abatlaýyş dolandyryş edarasynda uly ussa, Gumdag sehiniň başlygynyň orunbasary, sehiň başlygy we baş tehnolog wezipelerinde zähmet çekdi. «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň başlygy, Guýulary maýyşgak nasos kompressor-turbaly düýpli abatlaýyş müdirliginiň başlygy, «Barsagelmez» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň başlygy ýaly ýolbaşçy wezipelerde ömrüniň ahyryna çenli işledi.
Allamyrat Kuranow işine ak ýürek bilen berlen göreldeli işgärdi. Akylly, paýhasly, edepli adamdy. Adamlar bilen mylakatlydy. Ol pederlerimizden galan tymsallary aýdardy. Birnäçe ýerlerde köp wagtlap bile işlän işdeşleri Allamyrat Kuranowdan önümçilik işleriniň utgaşyklylygy, netijeliligi, edep-terbiýe meselesinde köp zatlary öwrenendiklerini aýdýarlar. Onuň aýdýanlary bolsa soňra durmuşda sapak boldy. «Ol özüni hemişe sada alyp barardy, ýöne işe gezek gelende talabedijidi, önümçilik işleriniň aýratyn çylşyrymly halatlarynda özüniň baý tejribesine daýanyp, töwekgellik edip, baş alyp çykardy» diýip, «Barsagelmez» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginde çylşyrymly işler boýunça uly ussa bolup işleýän Magtymguly Baýramgulyýew gürrüň berdi.
Halkymyzyň arasynda «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýen parasatly pähim bar. Allamyradyň ogly Nurmyrat Kuranow Belarus Respublikasynda okuwyny üstünlikli tamamlap, ýokary bilimli hünärmen bolup, häzirki wagtda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Körpeje» buraw işleri müdirliginde baş buhgalteriň orunbasary wezipesinde işläp gelýär. Diýarymyzyň gülläp ösmegine özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Bu gün Allamyrat agany dogan-garyndaşlary, obadaşlary, şägirtleri ýagşylykda ýatlaýarlar.
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti