744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Yk­dy­sa­dy ösüş tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri açýar
05.02.2026

Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Diňe soňky birnäçe ýylyň içinde tamamlanan maksatnamalaryň netijesinde Türkmenistan uly üstünlikleri gazanmagy başardy. Bu hem milli ykdysadyýetimiziň durnuklylygyny saklamaga, hem-de öňegidişligi üpjün etmäge mynasyp goşant goşdy. Ýüzlerçe önümçilik, durmuş maksatly, dolandyryş desgalary guruldy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda esasy gazanylan üstünliklerimiziň hatarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dö­re­dil­me­gi­ni, Türk­me­nis­tan — Öz­be­gis­tan — Ga­za­gys­tan — Hy­taý, Gün­do­gar — Gün­ba­tar gaz ge­çi­riji­le­ri­ni, De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta transmilli demir ýoluny, Serhetabat — Tur­gun­dy, Ker­ki — Ymam­na­zar — Aki­na — And­hoý de­mir ýol­laryny, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprülerini, paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda açylan Halkara howa menzillerini, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny, «Altyn asyr» Türkmen kölüni, Garlykdaky kaliý dag-magdan toplumyny, «Marykarbamid» we «Garabogazkarbamid» zawodlaryny, Gyýanlydaky gazhimiýa toplumyny we ýurdumyzyň ähli künjeklerini bir ulgama birleşdiren elektrik beketleriniň gurluşyklaryny görkezmek bolar. Esasy strategik maksatlaryň arasynda Watanymyzyň iň gözel künjeklerinde, Köpetdagyň eteginde bina edilen Arkadag «akylly» şäheri aýratyn ähmiýete eýedir.

 

Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti