«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengeofizika» müdirliginiň Mary meýdançasyndaky guýularda geofiziki gözlegler boýunça önümçilik tehnologiki gullugy öňdebaryjy önümçilik düzümleriniň biridir. Kärhananyň hünärmenleri, işçileri 2025-nji ýylda 19 million 702 müň 476 manatlyga derek 20 million 720 müň 164 manatlyk geofiziki işleri geçirip, bellenilen meýilnamany üstünlikli berjaý etdiler. Olar döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň binýatlyk sütüni bolan nebitgaz pudagynyň «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň önüm berýän hem-de burawlaýyş işleri alnyp barylýan ulanyş, gözleg guýularynda geofiziki enjamlaryň kömegi bilen geofiziki barlag işlerini geçirýärler, ýer astyndaky gatlaklaryň tehniki ýagdaýyny öwrenmek, gözegçilik etmek işlerini ýerine ýetirýärler.
Önümçilik tehnologiki gullugynda toplumlaýyn karotaž partiýalarynyň 8-si bolup, olaryň üçüsi burawlaýyş işleri alnyp barylýan ulanyş hem gözleg guýularynda geofiziki işleri geçirýär. Toplumlaýyn karotaž partiýalaryň bäşisi bolsa önüm berýän guýularda işleri geçirmek bilen gatlaklaryň işjeňlik ýagdaýyny, gazyň akymyny, basyşyny, guýynyň çuňlugyny kesgitleýär.
Kärhanada işler sargytlar esasynda alnyp barylýar. Geçen ýylyň dowamynda edaranyň işgärleri tarapyndan konserniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň «Galkynyş» gaz känindäki 264-nji, 110-njy, Mary welaýatynyň çägindäki Ýylan gaz känindäki 03-nji ulanyş guýularynda geofiziki işler geçirildi. Munuň özi guýularyň gazly gatlaklarynda tehnologik düzgünleriň doly we dogry berjaý edilmegine ýardam berdi. Bu bolsa şol ulanyş guýularyndan tebigy gazyň ýokary basyşly senagat ähmiýetli akymynyň alynmagyna şert döretdi.
Geofizikler 2025-nji ýylda «Marygazçykaryş» müdirliginiň Garaşsyzlygyň on ýyllygy, Ýolguýy gaz känlerindäki, «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň Döwletabat — 2, Döwletabat — 3 gaz känlerindäki önüm berýän guýulardan alynýan önümiň möçberini artdyrmak maksady bilen geofiziki barlag işlerini geçirdiler. Netijede, guýulardan alynýan tebigy gazyň akymy ýokarlandy. Geçen ýylda kärhananyň zähmet topary tarapyndan «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümlerinde, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg», «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýalarynda geçirilen geofiziki barlag işleriniň netijesinde nebit hem-de gaz guýularyndan alynýan «gara altynyň», «mawy ýangyjyň» çykarylýan möçberiniň ýokarlanandygyny hem aýtmak gerek. Kärhananyň 22-nji, 25-nji, 27-nji partiýalarynyň ýolbaşçylary Arslan Rejebow, Parahat Atdaýew, Nurgeldi Atadurdyýew, geologiýa-tehnologiýa derňew bölüminiň 31-nji, 32-nji toparlarynyň ýolbaşçylary Kakajan Täşliýew, Merdan Saryýew dagy köpýyllyk iş tejribeleri bolan halypa hünärmenlerdir. Olar öz iş tejribelerini kärhananyň ýaş geofiziklerine-de ýadawsyz öwredýärler.
Kärhananyň hünärmenleri, işçileri 2026-njy ýyl üçin bellenilen iş meýilnamalaryny ýerine ýetirmeklige-de şowly badalga aldylar. Olar pudagyň edara-kärhanalaryndan gelip gowşan sargytlar esasynda karotaž geofiziki işlerini geçirmeklige girişdiler. Edaranyň geofizikleri «Marygazçykaryş» müdirliginiň gaz känlerindäki önüm berýän guýularda, «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň «Galkynyş» gaz känindäki 263-nji, 283-nji, Ýylan gaz känindäki 04-nji ulanyş, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň Minara 05-nji gözleg guýularynda geofiziki barlag işlerini alyp barýarlar. Olaryň geçirýän işleri gazçylaryň ulanyş hem-de gözleg guýularynda burawlaýyş işlerini bildirilýän tehnologik talaplara laýyk alyp barmaklarynda giň goldaw bolýar.
«Hormatly Prezidentimiz dünýäniň ösen döwletleriniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden häzirki zamanyň iň kämil tehnologiýaly nebitgaz enjamlaryny satyn alyp berýär. Biziň kärhanamyza-da Hytaý Halk Respublikasynyň, Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynda öndürilen kämil tehnologiýaly geofiziki enjamlar gelip başlady. Bu enjamlar ýurdumyzyň nebitli, gazly guýularynda geçirýän geofiziki barlag işlerimizi hil taýdan has-da ýokarlandyrmaklyga şert döreder» diýip, «Türkmengeofizika» müdirliginiň Mary meýdançasyndaky guýularda geofiziki gözlegler boýunça önümçilik tehnologiki gullugynyň başlygy Nurgeldi Ataýew gürrüň berýär.