744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Zähmetden lezzet alýan bagtly zenan
12.02.2026

Ol iki ýyl mundan öň bir üýşmeleňde gabat geldi. Özi bilen deň-duşrak zenanlar bolup, talyplyk döwrüniň ýatlamalaryndan özara söhbet edip otyrdy. Onuň: «Birinji ýyllyk talyp wagtym Köýtendagda, ikinji ýyllyk talypkak Goturdepede, üçünji ýyllykda Çelekende, dördünji ýyllyk talyp wagtym Daşoguz şäherinde ýerleşýän 2-nji ekspedisiýada, bäşinji ýyllygymyzda-da «Naýyp» meýdançasynda okuw-önümçilik tejribeliginde bolduk. Gutardyş ýylymyzda diplom işimi «Naýyp» meýdançasy bilen bagly temadan ýazdym. Belli gidrogeolog, professor Ýagşymyrat Hojagulyýew diplom ýolbaşçym boldy. Okuw tejribelik geçýän wagtymyz aýlykly iş ýerine kabul edýärdiler. Talyp hakymyz bolsa gapdalyndan berilýärdi welin, maddy tarapdan uly goldawdy. Ýöne hünäriňi okuwdada, önümçilikde-de pugta öwrenmegiň juda berk talap edilerdi. Talyp hakymyzy peseltmejek bolup, bar ünsümiz okuwymyzdady, işimizdedi. Meýdan şertlerinde alnyp barylýan işleri düýpli öwrenmek üçin jan ederdik» diýip, aýdan täsirli gürrüňleri bada-bat ünsümi çekdi. Onuň durmuş hem zähmet ýolunda baý tejribe toplandygyny gürrüňinden bilip bolýardy. Öz ýanymdan: «Bu zenan nebit-gaz ugrundan işleýän bolmaly» diýip çakladym. Onsoň gyzyklanyp, ýanymda oturan zenandan soradym. Ol onuň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň geologiýa we geohimiýa kafedrasynyň uly mugallymy bolup işleýändigini, halypa mugallym Ogultäç Balaýewanyň nebit-gaz geologiýasy, senagat geologiýasy we nebit-gaz ýataklaryny gözlemekde geohimiýa usullary ýaly dersler boýunça talyplara bilim berýändigini aýtdy.

Ussat mugallym, mähriban ene hökmünde Ogultäç mugallymyň durmuş hem zähmet ýoly barada gyzyklanyp, ýakynda onuň bilen gürrüňdeş bolduk. Ol ilki maşgala agzalary bilen tanyşdyrdy. Üç ogly, alty agtygy, bäş çowlugynyň bardygyny hem-de ogullarynyň, gelinleriniň her haýsynyň öz saýlap alan ugry boýunça ýokary bilim alyp, dürli kärlerde işleýändiklerini aýtdy. Soňra onuň terjimehaly bilen gyzyklandyk.

Ogultäç mugallym 1946-njy ýylyň 9-njy fewralynda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde doglan. Ol 1963-nji ýylda Daşoguz şäheriniň 1-nji orta mekdebini tamamlaýar. Şol ýylda ol ýaşlykdan arzuw eden geolog hünäri boýunça okuwa girmekçi bolýar. Bu ugur boýunça öň Türkmen döwlet uniwersitetinde bilim berilýärdi, ýöne şol ýyl bu ýokary okuw mekdebinden bu ugur bölünip aýrylyp, täze döredilen Türkmen politehniki institutyna geçirilýär. Şeýlelik bilen, ol täze açylan institutyň geologiýa we nebit-gaz ýataklary fakultetine ilkinjileriň hatarynda okuwa girýär. 1968-nji ýylda-da okuwyny üstünlikli tamamlap, geolog hünärini ele alýar.

Ýokary okuw mekdebini abraý bilen tamamlan ýaş hünärmen Ogultäç Saparowna okan ýokary okuw mekdebiniň nebit geologiýasy we gidrogeologiýa kafedrasynyň laboranty wezipesine işe kabul edilýär. Bilimini has-da artdyrmak maksady bilen, soňra ol 1970 — 1973-nji ýyllarda aspiranturada okuwyny dowam etdirýär we ol ýerde «Öýjük erginleri» temasy boýunça ylmy işi alyp barýar. 1973-nji ýylda Türkmen politehniki institutynda mugallym bolup işläp başlan halypa mugallym häzirki güne çenli biregne mugallymçylyk kärini dowam etdirip gelýär. Onuň zähmet ýoluny ýyllar bilen hasaplanyňda, elli ýyldan gowrak wagt geçipdir. Şunça ýylyň dowamynda ol, gör, näçe talyby öz bilim berýän ugrundan kämil hünärmenler edip ýetişdirdi. Bu barada sowal berenimde, ol buýsanç bilen: — Häzirki wagtda zähmet çekýän ýokary okuw mekdebimize ady dakylan Ýagşygeldi Kakaýew hem okadan talybymdy. Okadan talyplarymyň ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýandyklary meni örän buýsandyrýar. Ýokary okuw mekdebini gutaran talyplarymyň jaň edip, hal-ýagdaýymy sorap durmaklary diýseň begendirýär. Men özümi bagtly zenanlaryň biri hasaplaýaryn. Ynha, ähli amatlyklar bilen üpjün edilen şu ýaşap oturan jaýymyz iş ýerimden berildi. Işden boş wagtlarym jaýymyzyň daş-töwereginde dürli miweli baglary, gülleri ösdürip ýetişdirýärin. «Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär,//Dünýä kitabynda onuň ady bar» diýýär, şahyr Gara Seýitliýew. Men zähmet çekmekden lezzet alýaryn. Sebäbi halkymyz üçin hyzmat bitirip bilseň, zähmetiňe gadyr goýulýar — diýip, ol şahsy arhiwinden dürli ýyllarda özüne berlen Hormat hatlary, 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen sylaglanan «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medalyny şahadatnamasy bilen öňümde goýdy.

Senagat taýdan barha ösýän ýurdumyzyň beýik ösüşlerinde nebitgaz pudagynda zähmet çekýän hünärmenleriň yhlasly zähmetiniň uly orny bar. Ogultäç Balaýewa hem şeýle mugallymlaryň biri.

 

Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti