744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Gazhimiýa senagaty möhüm pudaga öwrüldi
04.03.2026

Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawod dünýäde tebigy gazy suwuk ýangyja öwürýän iň döwrebap we ýeke-täk toplumdyr. Zawodda Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasynyň işläp düzen «TIGAR» tehnologiýasy ulanylýar. Desgada ýylyň dowamynda 600 müň tonna A-92 (ECO-93) kysymly sintetik benzin, 12 müň tonna dizel ýangyjy, 115 müň tonna suwuklandyrylan gaz alynýar. Bu zawod milli ykdysadyýetimiz üçin güýçli tehnologik öňegidişlik hasaplanýar. Çünki 1000 kub metr gazyň bahasyndan ondan alynýan benziniň bahasy 5-6 esse peýdaly bolup durýar. 2019-njy ýylda bu zawod Beýik Britaniýanyň «Institution of Chemical Engineers» (IChemE) birleşigi tarapyndan «Ýylyň iň gowy taslamasy» (The Best Project of the Year) atly baýragyna mynasyp boldy.

Gyýanlydaky polimer zawody iň çylşyrymly gazhimiýa toplumydyr. Bu ýerde tebigy gazyň düzümindäki gymmatly komponentler bölünip alynýar we gaty plastik (polimer) görnüşine öwrülýär. Toplum ýylda 5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge ukyplydyr. Takmynan, ýylda 386 müň tonna ýokary dykyzlykly polietilen we 81 müň tonna polipropilen alynýar.

Zawodlar toplumlarynyň ikisinde hem häzirki döwrüň ekologiýa howpsuzlyk wezipesi doly derejede berjaý edilýär we innowasion tehnologiýalar ulanylýar. Toplumlaryň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. 2018-nji ýylda Gyýanlydaky polimer zawodynyň açylyş dabarasynda, gazy gaýtadan işlemegiň iň kämil we zyňyndysyz tehnologiýalarynyň ornaşdyrylandygy nazara alnyp, Germaniýanyň «VGOW» (Vereinigung für Gemeinsame Objektdurchführung aus Westfalen) birleşigi tarapyndan bu topluma ýörite baýrak gowşuryldy.

 

Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti