Ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgam tehnologiýalaryna daýanyp, işleriň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak babatda yzygiderli tagallalar durmuşa geçirilýär. Pudagyň her bir şahasynyň girdejili bolmagyny gazanmak, nebitiň we gazhimiýa önümleriniň çykarylyşyny artdyrmak, olary içeri we daşarky bazarlara amatly çykarmak babatda netijeli işler amala aşyrylýar.
Şanly ýylymyzyň başynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň garamagyndaky «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleriniň Hazarly meýdançasyndaky 2-nji gözleg guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny almaklary aýratyn ähmiýete eýe boldy. Däp bolşy ýaly, bu waka ýurdumyzyň çäklerindäki gaz gorlarynyň täze ýataklaryny çaklamaga we ýüze çykarmaga esas döredýär. 2024-nji, 2025-nji ýyllar bilen bilelikde hasaplananda, ýurdumyzyň Lebap, Mary, Balkan welaýatlarynyň çäginden ýüze çykarylan täze nebit we gaz ýataklary nebitgaz pudagynda işleriň üzül-kesil artdyrylmagyna badalga berdi diýip aýtmak bolar. Çünki her bir ýüze çykarylýan tebigy gorlar, ýataklar olary özleşdirmek babatda täze wezipeleri, iş ugurlaryny we orunlaryny döredýär.
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýan ýyllyk meýilnamalary biri-biri bilen eriş-argaç baglanyşykly maksatlary göz öňünde tutýar.
Olar tebigy gazyň ýüze çykarylýan gorlarynyň möçberini artdyrmaga, geologiýa-gözleg işlerine sanly ulgamy has-da çuňňur ornaşdyrmaga gönükdirilendir.
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti