Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy we ýerasty baýlyklarymyzyň netijeli peýdalanylmagy ugrunda alnyp barylýan işler bu gün öz oňyn netijelerini berýär. «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Demirgazyk Balguýy liniýa-önümçilik böleginde hem bu babatda uly üstünlikler gazanylýar.
Demirgazyk Balguýy liniýa-önümçilik böleginiň düzüminde Böwrideşik, Kerwen, Demirgazyk Balguýy, Kerpiçli, Demirgazyk Kerpiçli, Demirgazyk Gazlydepe, Babaarap, Balguýy, Gazlydepe ýaly gaz känleri hereket edýär. Bu känlerde alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň netijesinde tebigy gaz çykarmak, ony arassalamak we degişli gaz geçirijilere ugratmak boýunça möhüm işler üstünlikli ýerine ýetirilýär.
Demirgazyk Balguýy gaz ýatagyndaky gazy toplumlaýyn taýýarlaýjy desgada taslama kuwwatlylygy gije-gündizde 6 million kub metre deň bolan gazy kükürtden arassalaýjy desga hereket edýär. Bu ýerde Gazlydepe hem-de Balguýy gaz ýataklaryndan gelýän kükürtli gaz himiki erginleri arkaly arassalanylýar. Şeýle hem Demirgazyk Balguýynyň kükürtsiz zolagyndan çykarylýan gaz Kerwen — Babarap gaz ýataklarynyň gazy bilen bilelikde Demirgazyk Balguýy — Kerpiçli gaz geçirijisi arkaly Kerpiçli gaz gysyjy desgasyndan ugradylýar.
Kerpiçli gaz gysyjy desgasy bu liniýa-önümçilik böleginiň möhüm önümçilik merkezleriniň biridir. Bu ýerde taslama kuwwatlylygy ýokary bolan gaz gysyjy toplumlar hereket edýär. Iş ýagdaýyndaky enjamlar diňe bir Kerpiçli däl, eýsem, Böwrideşik, Kükürtli we Demirgazyk Balguýy gaz ýataklarynyň gazyny hem sorup, degişli ugra akdyrýar. Şeýlelikde, gaz çykarylyşynyň durnuklylygy üpjün edilýär.
Demirgazyk Balguýy liniýaönümçilik böleginiň gaz känlerinde zähmet çekýän işgärleriň her biri öz hünärine ussatlyk bilen çemeleşýär. Böwrideşik gaz käniniň gaz çykaryjy operatory Sapargeldi Gurbangulyýew önümçilik meýilnamalarynyň ýerine ýetirilmeginde göreldeli zähmeti bilen tapawutlanýar. Şeýle hem Kerwen gaz käniniň gaz çykaryjy operatory Gaýgysyz Atabaýew gaz çykarylyşynyň ýokary derejesini saklamakda öňdebaryjy işgärleriň biridir. Demirgazyk Balguýy gaz käniniň guýularda gözleg geçirmek boýunça operatory Döwlet Nuryýew ýerasty gatlaklaryň ýagdaýyny seljermekde, täze mümkinçilikleri ýüze çykarmakda aýratyn işjeňlik görkezýär. Şol käniň gaz çykaryjy operatory Döwlet Welimämmedow hem öz işiniň ussady hökmünde kärdeşleriniň arasynda uly hormata eýedir. Kerpiçli gaz gysyjy desgasynda zähmet çekýän maşinist Baýrammämmet Baýryýew hem-de bejeriji-slesar Raşit Babajanow ýaly işgärler gaz gysyjy enjamlaryň ygtybarly işlemegini üpjün etmekde ýokary jogapkärçilik görkezýärler. Olar tarapyndan ýerine ýetirilýän öz wagtyndaky abatlaýyş we tehniki hyzmat işleri önümçiligiň bökdençsiz dowam etdirilmegine şert döredýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly üçin Demirgazyk Balguýy liniýa-önümçilik böleginiň öňünde 1 milliard 265 million kub metre golaý tebigy gaz çykarmak wezipesi goýuldy. Häzirki alnyp barylýan işler, önümçilikde gazanylýan netijeler meýilnamanyň abraý bilen berjaý ediljekdigini buşlaýar.
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti