Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Balkan welaýatynyň edara-kärhanalary, önümçilik pudaklary hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji aýlarynda ýokary ykdysady görkezijilere eýe bolmagy başardylar. Nebitgaz pudagyna degişli önümçilik kärhanalarynyň geçen hasabat döwründe gazanan zähmet üstünlikleri aýratyn öwgä mynasypdyr. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň çäklerinde iş alyp barýan kärhanalarynyň biri bolan «Nebitdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligi geçen ýylda ýokary ykdysady görkezijilere eýe boldy. Onuň gazyp alan «gara altynynyň» mukdary 668 müň 654 tonnadan gowrak boldy. Netijede, meýilnamadan daşgary çykarylan nebitiň möçberi 43 müň 664 tonna golaýlady. Müdirligiň nebitçileri degişli meýilnamany 106,99 göterim amal etdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uglewodorod çig malynyň çykarylyşynyň möçberini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipelere abraý bilen hötde gelmegi maksat edinýän nebitçiler şu ýylda has-da öndürijilikli zähmet çekýärler. Şu ýylyň ilkinji aýlarynda «Nebitdagnebit» müdirligi ýerasty önümli gatlaklary senagat taýdan özleşdirmekde daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şeýle-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň hyzmat ediş kärhanalary bilen bilelikde uly işleri alyp barýarlar. Bu bolsa nebitçileriň işleriniň has-da ilerlejekdigine ynamy artdyrýar.
Konserniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň «Barsagelmez» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň gazanan ýokary ykdysady görkezijileri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Baýry nebitgaz känleriniň biri bolan «Barsagelmez» ýatagynda düýpli abatlaýjylar gowşamaýan depginde iş alyp barýarlar. Şu ýylyň başyndan bäri olar önüm bermesini kemelden guýularyň 14-siniň deregine 16 sany guýyny gaýtadan dikeldip, nebit çykaryjylara ulanyşa tabşyrdylar. Netijede, bu babatdaky meýilnama 114,3 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle-de gürrüňi edilýän döwürde alnan nebitiň möçberi 850 tonna deň boldy. Munuň özi meýilnamada görkezilenden 296 tonna uglewodorod çig malynyň köpdügini, tabşyrygyň 153,4 göterim berjaý edilendigini aňladýar.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň welaýatyň çäklerindäki önümçilik kärhanalarynyň merdana nebitçileriniň hatarynda «Hazarnebit» döwlet kärhanasy-da bar. Uglewodorod çig malynyň çykarylyşynyň möçberini artdyrmakda öňde goýlan wajyp wezipelere abraý bilen hötde gelýän kärhananyň merdana «gara altyn» ussatlarynyň hasabat döwründe gazyp alan çig malynyň mukdary 12 müň 519 tonna golaýlady. Munuň özi «gara altynyň» meýilnamada görkezilenden 210 tonna golaý köpdügini aňladýar.
Balkanabat şäherindäki «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň zähmet toparlary iş depginini yzygiderli ýokarlandyrýarlar. Häzirki döwrüň kämil enjamlaryna we tehnologiýalaryna eýe bolan hem-de olary netijeli işletmegiň hötdesinden gelýän müdirligiň hünärmenleridir işçileri geçen ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen jemlediler.
Aslynda, «Türkmennebit» döwlet konserninde amala aşyrylýan özgertmeleri şu müdirlikde bitirilýän işlerden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Burawlanan, şeýle hem buraw işleri dowam edýän guýularda ýeriň geofiziki gatlaklaryny içgin öwrenmek hem-de zerur bolan çäreleri takyk amala aşyrmak ýaly gaýragoýulmasyz işler bu müdirligiň geofizikleriniň tagallasyna bagly bolup durýar. Has anyk kesgitlemeleri, takyk çözgütleri talap edýän bu möhüm işlerde müdirligiň barlaghanalary, şeýle hem kuwwatly awtoulaglarda oturdylan göçme barlaghanalar netijeli ulanylýar.
Geçen döwürde kärhana boýunça 105 million 339 müň 767 manatlykdan gowrak gözleg-barlag we geofiziki işler özleşdirilip, göz öňünde tutulan meýilnama 110,9 göterim amal edildi.