Türkmenistanyň çägi tebigy-mineral serişdeleriň görnüşlerine baýdyr. Nebit, gaz, nebitdakyl, tebigy nahar duzy, melhemlik suwlar hem-de palçyklar ýaly serişdeler bilen birlikde, gidromineral çig malyň bir görnüşi bolan ýod-brom suwlaryny almak we gaýtadan işlemek şu günki gün aýratyn ýörgünli hem-de girdejili ugurlaryň biridir. Ýod-brom suwlarynyň esasy känleri ýurdumyzyň günorta-günbatar sebitlerine degişlidir. Aýdylanlara aýdyň mysal hökmünde «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Hazar» (Çeleken), «Balkanabat», «Boýadag», «Bereket» termal guýularyndan alnan suwlar esasynda işleýän ýod öndürýän zawodlary görkezmek bolar. Ýurdumyzyň diňe bir öndürilýän ýoduň möçberi babatda däl-de, ýoddan öndürilýän önümleriň hili babatda hem dünýä meşhurlygyna eýedigini ýatlap geçmek aýratyn ähmiýetlidir. Muňa mysal hökmünde Bereketde gurlup ulanylmaga berlen Ýod önümçiligi kärhanasynyň öndürýän önümlerini: ýod galamjyklaryny, ýod taýajyklaryny, sargy serişdelerini we awtoulag sürüjileriniň awtoulagda goýmak üçin ulanýan polipropilenden taýýarlanýan lukmançylyk gutularyny agzamak bolar.
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti