744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Ýokary hilli nebit önümleri
24.03.2026

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny ýokary ykdysady görkezijiler bilen jemlän ýurdumyzyň ähli edara-kärhanalarydyr önümçilik düzümleri täze, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny-da turuwbaşdan üstünliklere besleýär. Geçen ýylda öňde goýlan tabşyryklaryna abraý bilen hötde gelen önümçilik kärhanalarynyň hatarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hem mynasyp orny bar. Toplumyň hünärmenleridir işçileri geçen ýylyň tutuş dowamynda uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemekde we ýokary hilli nebit önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmekde aýratyn netijelilik görkezdiler.

Dünýä ülňülerine laýyk gelýän kuwwatly desgalaradyr kämil tehnologiýalara eýe bolan bu döwrebap senagat kärhanasynda işleriň depgini günsaýyn ýokarlanýar. Zawodlar toplumynda ähli işleriň bütinleý diýen ýaly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylmagy hünärmenlerdir işçileriň öňde goýlan meýilnamany artygy bilen berjaý etmeklerinde möhüm ähmiýete eýedir. Sazlaşykly tagallalaryň netijesinde, toplumda geçen ýylda turbageçirijiler we deňiz ýollary bilen gelip gowşan «gara altynyň» 4 million 955 müň 700 tonnasy gaýtadan işlenilip, bu babatda 107,9 göterim ösüş gazanyldy. Dürli görnüşli benziniň 1 million 484 müň 900 tonnasy, kerosiniň 434 müň, dizel ýangyjynyň 1 million 539 müň 800, suwuklandyrylan gazyň 124 müň 200, polipropileniň 57 müň 600, çalgy ýaglarynyň 54 müň 100, nebit bitumynyň bolsa 458 müň 400 tonnasy öndürildi.

Önümçilik kuwwatlylygy ýylda 90 müň tonna polipropilen öndürmäge mümkinçiligi bolan bu desgada oturdylan tilsimatlardyr enjamlaryň ählisi dünýä ülňülerine doly laýyk gelmek bilen, onda hünärmenleriň onlarçasy gije-gündiz gowşamaýan depginde zähmet çekýär. Olaryň polipropilen önümçiligini awtomatlaşdyrylan usulda alyp barmaklary öňde goýlan meýilnamalara abraý bilen hötde gelmäge oňyn täsirini ýetirýär. Bu ýerde öndürilýän önümiň hiline we berkligine aýratyn üns berilýär. Hünärmenleriň yhlasly we tutanýerli zähmeti netijesinde bir günüň dowamynda 300 tonna polipropilen zireleri öndürilip, 25 kilogramlyk haltalara gaplanylýar. Dürli pudaklarda giňden ulanylýan polipropilene bolan isleg diňe bir ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda hem günsaýyn ýokarlanýar.

Zawodlar toplumynda 2011-nji ýylyň dekabr aýynda önümçilige ornaşdyrylan polipropilen haltalaryny öndürýän desgada-da işleriň depgini günsaýyn ýokarlanýar. Önümçilik kuwwatlylygy ýylda 10 milliondan gowrak dürli göwrümli polipropilen haltalaryny öndürmäge mümkinçiligi bolan bu desgada oturdylan enjamlar dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan önümçilikleriň ählisi awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýar. Bu döwrebap desgada gije-gündizleýin iş alnyp barlyp, her günde göwrümi 0,25 we 0,9 kub metr bolan polipropilen haltalaryň müňlerçesi öndürilýär.

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 10-njy ýanwarynda Gahryman Arkadagymyz milli binagärlik sungatynyň aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Bu ýerde Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümçilik kärhanalarynda ulanylýan ýerli çig mallaryň we olardan alynýan önümleriň hiline, ekologik derejesine berlen laýyklyk güwänamalarynyň görnüşleri, himiýa senagatyna degişli önümleriň ynsan saglygyna ýetirýän täsiriniň barlaglaryna degişli güwänamalar hem görkezildi. Bu ýerde “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Gyýanlydaky polimer zawodynyň ýolbaşçylary hem degişli düzümlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, önümçilik kärhanalarynyň işini talabalaýyk guramak, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli çig mal serişdeleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça edilýän tagallalar barada maglumat berdiler. Milli Liderimiz önümleriň hilinden başlap, mukdarynyň, esasan-da, görnüşleriniň artdyrylmalydygyny aýratyn nygtady.

Ýurdumyzyň nebitgaz senagaty pudagynyň ösdürilmegi üçin taýsyz tagallalaryny gaýgyrman, bize ähli goldaw-ýardamlaryny berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.