«Türkmennebit» döwlet konserniniň döredilen ilkinji döwründe Günorta-Günbatar Türkmenistanyň çäginde Çeleken, Nebitdag, Gumdag nebitgaz ýataklarynda nebit çykarylyp alynýardy. Emma sebitde meýdançalaryň işläp geçilişine, nebitgaz gözleg, barlag işlerine ylmy taýdan esaslandyrylan gözegçiligi amala aşyrýan edara ýokdy. Wagtyň geçmegi bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň düzüminde «Nebitgazylmytaslama» instituty döredildi. Bu ylmy edara esasy bölümleriň biri boldy. Geologiýa gözleg-barlag işleri, nebitgaz ýataklaryny doly we dogry özleşdirmek, buraw işleriniň tehnikasyny we tehnologiýasyny kämilleşdirmek, nebitgaz desgalarynyň ylmy taýdan esaslandyrylan taslamalaryny düzmek institutyň esasy ugurlary hökmünde tassyklanyldy.
Geçirilýän we geçirilmeli işleriň esasy maksady ylmy teklipleri taýýarlap, olary öz wagtynda özleşdirmekden we önümçilik tarapyndan geçirilýän nebitgaz gözleg işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam etmekden ybaratdy. Institutyň geçen gysga taryhy döwründe onlarça ylymlaryň kandidatlary we doktorlary (70-e golaý) ýetişdirildi. Olar öňde goýlan ylmy-barlag, taslama işleriniň ýerine ýetirilmegine uly goşant goşdular we häzirki wagtda hem üstünlikli zähmet çekýärler.
Ýüzlerçe ylmy makalalary öz içine alýan 36 sany goýberiliş, onlarça monografiýalar çap edildi. Olar önümçilik hünärmenleri, ylmy işgärler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplary tarapyndan gollanma hökmünde peýdalanylyp gelinýär.
Institutda patent, oýlap tapyjylyk we beýleki ylmy teklipleriň önümçilige ornaşdyrylmagy ykdysady netijäni we uly mukdarda goşmaça nebit çykaryp almaga ýardam etdi.
Ýurdumyzyň halk hojalygyny ösdürmekde has uly ähmiýeti bolan ylmy işleriň 6 sany awtory döwlet baýraklarynyň laureaty diýen ýokary derejeli ada eýe boldy.
Alymlar geňeşi geologiýa-gözleg, barlag, nebitgaz ýataklarynyň özleşdirilmegini, buraw işleriniň kadaly alnyp barlyşyny, obýektleriň taslamalarynyň amala aşyrylyşyny yzygiderli ünsde saklaýar. Önümçiligiň hünärmenleri bilen ylmy işgärleriň ýakyn aragatnaşykda bolmagy amala aşyrylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyryp, Garaşsyzlyk ýyllary içinde Demirgazyk Goturdepe, Şatut, Nebitlije, Kemer, Altyguýy, Demirgazyk Ekerem, Günorta Gamyşlyja ýaly täze nebitgaz ýataklary, onlarça gorlar toplumy köne we täze meýdançalaryň çäginde açylyp, häzirki wagtda özleşdirilýär.
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti