Şu ýylyň 9-njy ýanwarynda bolup geçen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz pudagynyň öňünde durýan wezipelere garalyp geçilip, döwlet Baştutanymyz tarapyndan toplumyň edaralarynyň şanly ýylymyz üçin iş meýilnamalaryna gol çekildi. Bu iş meýilnamalaryna laýyklykda, toplumyň edara-kärhanalary tarapyndan ýylyň ilkinji aýlaryndan netijeli işler amala aşyrylyp başlandy. Şol bir wagtda, «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri tarapyndan nebitgaz känlerini çuňňur özleşdirmek, tebigy we ugurdaş gazy, nebiti, gaz kondensatyny çykarmak, suwuklandyrylan gazy öndürmek, türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna eksport etmek ýaly işler ilerledilýär.
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan nebite we tebigy gaza baý bolan gurluşlary, gaty magdanlary, ýerasty suwlary gözlemek we ýüze çykarmak, sanly ulgamy ösdürmek, ylmyň soňky gazananlaryny, innowasion tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak ýaly işler ýola goýulýar.
Mälim bolşy ýaly, «Galkynyş» gaz käni özüniň tebigy gaz gorlaryna baýdygy bilen, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebit we dünýä derejesinde hem uly meşhurlyga eýedir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy giňden toýlanyljak şanly ýylda bu käniň nobatdaky tapgyryny özleşdirmek işlerine girişilip, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy üstünlikli ýerine ýetiriler.
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti