744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň nebitgaz senagatynda sanly özgertmeler
22.06.2026

Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak häzirki döwürde Türkmenistanyň milli ykdysady ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Döwlet derejesinde alnyp barylýan strategiki özgertmeler ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna, aýratyn-da ýangyç-energetika toplumyna täzeçe çemeleşmeleri girizmegi göz öňünde tutýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler diňe bir önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, pudaklaryň dolandyryş, howpsuzlyk we netijelilik derejesini düýpli ýokarlandyrmaga gönükdirilýär.

Ýangyç-energetika pudagy milli ykdysadyýetiň esasy diregleriniň biri bolmak bilen, onuň döwrebaplaşdyrylmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» çäklerinde uglewodorod serişdelerini gözlemek, çykarmak we gaýtadan işlemek işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bu proseslerde sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň mümkinçilikleriniň işjeň ulanylmagy önümçiligiň ähli tapgyrlarynda takyklygy, tizligi we howpsuzlygy üpjün edýär.

Nebitgaz pudagynda sanly çözgütleriň ornaşdyrylmagy «akylly» känler we «akylly» guýular ýaly innowasion konsepsiýalaryň peýda bolmagyna getirdi. Şeýle ulgamlarda emeli aň maglumatlary real wagt tertibinde seljerip, önümçilik proseslerini optimizasiýa edýär, enjamlaryň näsazlygyny öňünden çaklaýar we tehniki hyzmaty awtomatlaşdyrýar. Bu bolsa çykdajylary azaltmaga we önümçiligiň durnuklylygyny üpjün etmäge ýardam berýär.

Önümçilik desgalarynda, aýratyn-da nebiti gaýtadan işleýän zawodlarda sanly dolandyryş ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda önümçilik prosesleri ýokary derejede awtomatlaşdyrylyp, SCADA we ERP ýaly ulgamlaryň kömegi bilen dolandyrylýar. Bu ýerde ähli tehnologik amallar merkezi dolandyryş arkaly gözegçilikde saklanylýar we maglumatlar real wagt tertibinde işlenilýär. Şeýle çemeleşme önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga we energiýa serişdelerini tygşytly peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Sanlylaşdyrma we emeli aň tehnologiýalary Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda hem giňden ornaşdyrylýar. Zawodda tehnologik prosesleriň awtomatlaşdyrylmagy, maglumatlaryň ýygnalmagy we seljerilmegi önümçiligiň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle-de logistika, üpjünçilik we dolandyryş ulgamlarynda sanly çözgütleriň ulanylmagy kärhananyň umumy netijeliligini artdyrýar.

Nebitgaz senagatynda sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy diňe bir önümçilik bilen çäklenmän, eýsem, howpsuzlyk meselelerinde hem möhüm orun eýeleýär. Sensorlar, awtomatiki gözegçilik ulgamlary we emeli aň esasynda işleýän seljeriş platformalary arkaly howply ýagdaýlar öňünden kesgitlenilýär we degişli çäreler tiz wagtda görülýär. Bu bolsa işgärleriň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, daşky gurşawa ýetirip biljek täsirleriň hem öňüni alýar.

Şeýle hem pudakda maglumatlary merkezleşdirilen ýagdaýda dolandyrmak üçin uly maglumatlar (Big Data) we bulut tehnologiýalary giňden ulanylýar. Bu maglumatlar esasynda strategiki çözgütler kabul edilýär, önümçilik meýilnamalary düzülýär we eksport mümkinçilikleri seljerilýär. Netijede, türkmen tebigy serişdeleriniň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanýar.

Türkmenistanyň nebitgaz senagatynda sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň ornaşdyrylmagy pudagy hil taýdan täze ösüş derejesine çykarýar. Türkmenbaşydaky we Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň mysalynda görşümiz ýaly, bu özgertmeler önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, çykdajylary azaltmaga we ýokary hilli önümleri öndürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Sanlylaşdyrma geljekde hem pudagyň durnukly ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýji bolup galar.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň Barlag geçiriş we gözegçilik sehiniň başlygy P.Usmanow