744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Makalalar
Ulanyş guýularynyň gurluşy we önümli gatlaklary açmak
28.02.2025

Gaz we gazkondensat ýataklaryny işläp geçmekligiň döwründe guýulardan çykarylýan gazyň çykymynyň, basyşyň ýitgisiniň esasynda geçirilen hasaplamalaryň netijesinde guýulardan çykaryljak gazyň çykymyny göz öňünde tutup, taslama ulanyş guýularynyň iň amatly gurluşyny (konstruksiýasyny) saýlap almak hökmandyr. Guýynyň kabul edilip alnan gurluşy gatlagyň geologik gurluşyna, fizikasyna, gazgidrodinamiki häsiýetleriniň hem-de burawlamagyň ykdysadyýetiniň we tehnologiýasynyň talaplaryna laýyk gelmelidir.

Düzgüne laýyklykda, ulanyş guýularynyň gurluşyny saýlap almak barlag guýularynyň maglumatlary boýunça esaslandyrylýar. Gözleg guýularyny burawlamak doly we dogry ýerine ýetirilen bolsa, şonça hem esaslandyrylan hem-de ykdysady taýdan düşewüntli bolan ulanyş guýusynyň gurluşy saýlanyp bilner. Taslama ulanyş guýularynyň gurluşyny saýlap almakda burawlanan barlag guýularyny geçmekligiň tejribesini, olaryň gurluşynyň maglumatlaryny hasaba almak hökman bolup durýar. Geologik gurluşy çylşyrymly we uly çuňlugy bolan ýataklarda goşmaça aralyk sütünleri girizmegiň hasabyna ulanyş guýularynyň gurluşy çylşyrymlaşýar.

Ulanyş gaz guýularynyň gurluşyna bildirilýän esasy talaplaryň biri hem jebisligi döretmek, ýagny guýa we onuň daş-töweregini gurşaýan dag jynslaryna gazyň akmagyny goýbermezlik bolup durýar. Ulanyş sütünleriniň diametri näçe kiçi bolsa, şonça hem onuň jebisligini üpjün etmek ýeňil bolýar. Muňa garamazdan, kiçi diametrli guýularyň öz kemçilikleri hem bar. Bu kemçilikler, esasan, guýularda önümçilik ýerasty bejeriş işlerini geçirmegiň şertleri bilen bagly bolýar. Gaz guýularynyň jebisligi, esasan, muftaly birleşdirmeleriň we sütünleri sementlemegiň hiline bagly bolýar. Muftaly birleşdirmeleriň jebisligi ýöriteleşdirilen dykyzlaşdyrýan ýaglaýjy enjamlary ulanmak we sement halkasynyň galyňlygy hem-de turba daşy giňişlikden sementi ýokary galdyrmak ýoly bilen amala aşyrylýar. Talaba laýyklykda, sement gaz guýularynda ulanyş sütüniniň ýokarsyna çenli galdyrylýar. Gaz we gazkondensat känlerinde gazy çykarmak nasos-kompressor turbalary we ulanyş sütünleri boýunça ýerine ýetirilýär. Ulanyş sütünleriniň nili boýunça tebigy gazy ýokary çykarmaklyk guýyny ulanmagyň wagtyny gysgaltmak bilen baglanyşykly bolup durýar. Gazyň düzüminde poslama döredýän komponentleriň (kükürtwodorod, kömürturşy gazy we beýlekiler) rugsat edilýän kadadan artmagyna ýol bermeli däldir. Bulardan başga-da, ulanyş sütünleri boýunça gazy çykarmak, köplenç ýagdaýda, guýynyň düýbünden dürli goşundylary, dag jynslarynyň aýratyn bölejiklerini we suwuklyklary çykarmagy doly üpjün edip bilmeýär. Şol sebäpli hem ulanyş sütünleriniň ulanylyşynyň wagtyny uzaltmak, şeýle hem guýynyň düýp zolagyny garyndylardan oňat arassalamak maksady bilen guýa nasos-kompressor turbalary goýberilýär.

Emma nasos-kompressor turbalary boýunça gaz ýokary çykarylanda guýynyň nilinde basyşyň ýitgisi ýokarlanýar. Turbanyň diametri näçe kiçi bolsa, şonça hem ýitgi uly bolýar. Gazyň çykarylyşy ýokarlandyrylanda, nasos-kompressor turbalardaky basyşyň ýitgisiniň tapawudy çalt ýokarlanýar. Ulanyş guýusynyň gurluşyny saýlap almakda, hökmany ýagdaýda, garaşylýan gazyň ýokary işçi çykymyna, guýynyň nilinde rugsat edilýän ýokary işçi depressiýa baglylykda we guýynyň düýp çuňlugyndan suwuk, gaty garyndylary ýokary çykarmaklygy üpjün edýän tizligi almak maksady bilen, nasos-kompressor turbalarynyň diametrini hasaplamak ýoly bilen kesgitlemeli bolýar.

Nurmämmet ANNAMYRADOW,
«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň uly ylmy işgäri.

https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/43/articles/182329