744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Makalalar
Täze guýulardan goşmaça önümler
05.04.2025

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri üstümizdäki ýylyň tamamlanýan her bir aýyny şowlulyklara besleýärler. Baýlyk çykaryjylar guýularyň önüm berijiligini artdyrmak bilen birlikde, täze meýdançalary senagat taýdan özleşdirmek işlerini hem üstünlikli alyp barýarlar.

«Hormatly Prezidentimiz biziň öňümizde örän jogapkärli wezipeleri goýdy. Şoňa laýyklykda, tebigy gazyň öndürilişini artdyrmak ugrunda gerimli işler alnyp barylýar. Bu babatda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň düzümleri bilen bilelikde işlenilmegi özüniň oňyn netijelerini berýär. Geçen gysga wagtyň dowamynda burawlanan guýularyň ikisinden tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Şeýle gözleg-barlag guýularyny burawlamak işleri häzirki günlerde hem üstünlikli dowam edýär» diýip, müdirligiň baş geology Azatmyrat Aýydow guwanç bilen gürrüň berýär.

Geçen ýyl müdirligiň işgärleri üçin şowly ýyllaryň biri boldy. Olar tebigy gazyň we gaz kondensatynyň öndürilişini ep-esli artdyrmagyň, degişli meýilnamalary üstünlikli berjaý etmegiň hötdesinden abraý bilen geldiler. Şeýle ilerlemeler Täçmyradow meýdançasynda burawlanan 2-nji gözleg, Çartak meýdançasyndaky 54-nji ulanyş-baha beriş guýularyndan önüm alnyp başlanmagy bilen hem bagly boldy. Ady ilkinji agzalan guýudan häzirki wagtda her gije-gündizde tebigy gazyň 200 müň kub metri, ikinjisinden bolsa 147 müň kub metri alynýar. Gymmatly harytlyk önüm bolsa Malaý — Bagtyýarlyk ýokary basyşly gaz geçirijisi arkaly ýurdumyzyň içindäki sarp edijilere, dostana Hytaý döwletine üznüksiz ugradylýar. Ýeri gelende, Malaý käninde gaz senagatynyň kuwwatly düzüminiň döredilendigi, onuň bolsa gazyň gazylyp alynýan möçberini düýpli artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedigi bellärliklidir.

Il-ýurt bähbitli işlerde uly tejribesi bolan dürli kesp-kärli hünärmenleriň uly topary yhlaslylyk, ýokary başarnyk görkezýärler. Her bir işde gowy görelde görkezýänleriň hatarynda gaz çykaryjy ussa Döwletmyrat Rozykulyýew, gaz we gaz kondensatyny çykaryjy operator Maksat Belliýew, tehologik enjamlaryň operatory Muhametmyrat Gurbanmuradow, gaz gysyjy desganyň abatlaýjy slesary Röwşen Ödemyradow dagynyň atlary hormat bilen agzalýar. Olaryň nusgalyk göreldesi kärdeşleriniň arasynda giň goldawa eýe bolýar. Şonuň netijesinde umumy işler barha öňe ilerleýär.

Müdirlikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ösüşleriň täze belentliklerini eýelemek ugrundaky hereket barha gyzgalaňly häsiýete eýe bolýar. Baýlyk çykaryjylar durmuş-ykdysady ösüşlere, abadan ýaşaýşa hyzmat edýän «mawy ýangyjyň» öndürilişiniň ýene-de artdyryljakdygyna berk ynam bildirýärler. Munuň üçin guýularyň önüm berijiligini artdyrmaga, işde kämil usullara daýanmaga, täze guýulary senagat taýdan özleşdirmäge tarap aýgytly ugur alyndy. Häzirki günlerde «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň baýlyk agtaryjylary Täçmyradow meýdançasynda ýene bir guýyny burawlamak işini üstünlikli tamamlaýarlar. Hünärmenler ol guýudan hem tebigy gazyň bol akymynyň alynmagyna garaşýarlar.

«Zähmet adamlarynyň hajatlaryna ünsli garamak, olar üçin howpsuz we amatly iş şertlerini döretmek biziň işimiziň esasy ugry bolup durýar. Bu möhüm meselelerde müdirligimiziň ýolbaşçylygy bilen bilelikde tagalla edýäris. Gaýratly gazçylarymyzy döwlet Baştutanymyzyň bellän wezipelerini üstünlikli berjaý etmäge ruhlandyrýarys. Gündelik gazanylýan ýokary önümçilik görkezijilerimiz bolsa şanly ýylymyzyň zähmet ýeňişlerine beslenjekdigine berk ynam döredýär» diýip, müdirligiň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy Serdar Kurbankulyýew nygtaýar.

Çeşme: «Nebit-Gaz» gazeti