Türkmenistanyň ösüşiniň ýyldamly Ahalteke bedewiniň bady bilen deňeşdirilmegi çuňňur manyny özünde jemleýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga we Türkmenistanyň dünýäniň ösen senagat döwletleriniň arasynda ornuny berkitmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri öňe sürdi. Bu ugurda aýratyn üns ýurtdaky ykdysady ösüşiň herekete getiriji güýji bolup durýan ýangyç-energetika toplumyna gönükdirildi.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde öňdebaryjy ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň esasynda gurlan döwrebap elektrik beketleri üstünlikli işe girizildi. Şeýle desgalaryň ikisi — “Lebap” we “Watan” döwlet elektrik beketleri Lebap welaýatynda peýda boldy.
Täze elektrik stansiýalarynda energiýa öndürmek üçin Türkmenistanyň iň gymmatly tebigy baýlyklarynyň biri bolan tebigy gaz peýdalanylýar. Bu stansiýalaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin ýokary basyşly magistral gaz geçirijileri guruldy. Şolaryň biri — 125 kilometr uzaklykda ýerleşýän “Uçadjy — Zergär” gaz geçirijisidir. Bu desga “Türkmengündogarnebitgurluşyk” trestiniň hünärmenleri tarapyndan ýokary derejede bina edildi.
Jeyhunyň sag kenarynda ýerleşýän “Watan” döwlet elektrik bekedini tebigy gaz bilen üpjün etmek üçin uzynlygy 274 kilometre ýetýän gaz geçirijisi guruldy. Munuň mümkin bolmagynda uzynlygy 188 kilometr bolan “Malaý — Bagtyýarlyk” bölegi uly ähmiýete eýedir.
Mälim bolşy ýaly, Malaý we beýleki ýataklardan alynýan tebigy gazyň bir bölegi Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý transmilli gaz geçirijisine ugrukdyrylýar. Eksport möçberini artdyrmak üçin birnäçe tehniki meseleler çözülmelidi. Olaryň hatarynda Amyderýanyň üstünden hem-de astyndan geçýän gaz geçirijileriň gurluşygy bar. Bu gaz geçirijileriň umumy uzynlygy 2 kilometreden geçýär. Bu giň gerimli işleri ýokary hilli ýerine ýetirenleriň arasynda ýurdumyzyň hünärmenleri aýratyn bellärliklidir.
“Iri senagat kärhanalaryny gaz bilen ygtybarly üpjün etmek üns merkezimizde saklanýar. Biz gaz geçirijileriň we paýlaýjy ulgamlaryň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edýäris, olaryň howpsuz we bökdençsiz işlemegini üpjün edýäris. Bu döwlet elektrik beketleriniň durnukly işlemegine we uly möçberde elektrik energiýasyny öndürmegine mümkinçilik berýär” diýip, “Gündogargazakdyryş” müdirliginiň Lebap bölüminiň gözegçilik gullugynyň başlygy Geldimyrat Rozyýew gürrüň berýär.
Ol “Lebap” we “Watan” elektrik beketlerine tebigy gazyň bökdençsiz ugrukdyrylmagy degişlilikde her sagatda 100 müň hem-de 70 müň kubmetr möçberde amala aşyrylýandygyny aýratyn belleýär. Munuň netijesinde, elektrik energiýasynyň ýokary möçberde öndürilmegi üpjün edilýär, bu bolsa senagaty energiýa bilen üpjün edýär we durnukly ösüşe itergi berýär. Şeýlelikde, şu ýylyň ilkinji iki aýynda öndürilen elektrik energiýasynyň möçberi sagatda 921,5 million kilowata deň bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 9,5 göterim ýokardyr.
Türkmen topragynyň tebigy serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy ösüşiň esasy çeşmesi bolan elektrik energiýasynyň öndürilmeginde täsirli netijeleri berýär. Täze senagat kärhanalary energiýany bökdençsiz alýarlar, elektrik energiýasynyň bir bölegi bolsa döwletara şertnamalaryň çäklerinde goňşy döwletlere eksport edilýär. Bu bolsa türkmen tebigy gazynyň bütin dünýäde parahatçylyga, abadançylyga we rowaçlyga hyzmat edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.