744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Türkmenistanyň nebit-gaz uniwersitetinde şeýle ýokary netijeleri gazanmakda ýurduň bitaraplygynyň ägirt uly roluny belläp geçdiler
11.10.2025

Ynsanperwerlige, parahatçylyga, ynanyşmaga, dostlukly gatnaşyklara we dialoga esaslanýan milli ýörelgelerimiz özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Diýarymyza iri möçberli daşary ýurt maýalarynyň çekilmegini, netijede, kiçi we orta telekeçiligiň işjeňleşdirilmegini, önümçiligiň senagatlaşdyrylmagyny, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň we öňde baryjy tehnologiýalaryň, ylmyň, tehnikanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyny üpjün etdi. Kabul edilen ösüş maksatnamalary halkymyzyň halýagdaýyny, ýaşaýyşdurmuş derejesini ýokarlandyrdy. Milli ykdysadyýetiň dünýä nusgalyk görnüşi kemala getirildi.

Şeýle belent ösüşleriň gazanylmagynda hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti uludyr. Bu hukuk derejämiz 30 ýylyň içinde 3 sapar halkara giňişliginde ykrar edildi. Häzirki wagtda Diýarymyz dünýä ýurtlary we abraýly halkara guramalar bilen ýakyn gatnaşyklary saklaýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş boýunça möhüm Kararnamalaryň giň toplumy kabul edildi.

Geçen aýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň plenar mejlisinde döwlet Baştutanymyz BMG bilen hyzmatdaşlykda hemde sebitiň ýurtlarynyň, beýleki gyzyklanma bildirýän döwletleriň, halkara institutlaryň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa — parahatçylykda ýaşamagyň giňişligi» atly halkara forumy geçirmegi teklip etdi. Bu halkara derejesinde geçiriljek çäre dünýäde durnukly ýagdaýy saklamakda möhüm ädimleriň biri bolar.

 

Çeşme: “Nebit-gaz” gazeti