744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Türkmenistanda “ýaşyl” energetika: durnukly ösüşe tarap ynamly ädimler
13.10.2025

Soňky ýyllarda dünýäde, şol sanda ýurdumyzda «ýaşyl» energiýa bolan gyzyklanma artýar. Bu energiýa görnüşi – gün, ýel ýaly gaýtadan dikeldilýän çeşmelere daýanýar. Olar diňe bir tebigy taýdan tükeniksiz bolman, eýsem daşky gurşawa ýetirilýän zyýany hem azaldýar.

Türkmenistanyň bu ugurdaky döwlet syýasaty netijesinde energiýanyň alternatiw çeşmelerini peýdalanmak boýunça birnäçe taslama durmuşa geçirilýär. 2021-nji ýylda güýje giren «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakyndaky» Kanun hem bu işlere güýç berdi. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda 10 megawatlyk gün we ýel stansiýasynyň gurluşygynyň başlanmagy bu ugry ösdürmegiň aýdyň mysalydyr.

Mundan başga-da, gaz-bug dolanyşygy bilen işleýän döwrebap elektrik stansiýalarynyň gurulmagy energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we tebigy serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gurlan täze gaz turbinalar hem ekologik talaplara laýyk gelýär.

Türkmenistanyň energetika syýasaty halkara hyzmatdaşlyk bilen hem berk baglanyşykly. Gahryman Arkadagymyz daşary ýurtlara eden saparlarynda «ýaşyl» energetika, wodorod energetikasy we ekologiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi öňe sürýär. Fransiýa bilen bu ugurda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Umuman, ýurdumyz durnukly ösüşe we ekologiýa taýdan arassa energetikany ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Şeýle taslamalar diňe bir ykdysadyýetiň ösmegine däl, eýsem daşky gurşawy goramaga hem uly goşant goşýar.

Röwşen Baýryýew

"Türkmennebit" döwlet konserniniň "Hazarnebit" döwlet kärhanasynyň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň başlygy