744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
«Akylly guýy» tehnologiýasy Türkmenistanda nebit önümçiliginiň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrar
14.10.2025

«Akylly guýy» (smart well) tehnologiýasy nebitgaz pudagy üçin täze düşünje bolup durýar. Giň manyda «akylly» guýy sensor ulgamlary ýada iş parametrlerine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän dolandyryş datçikleri bilen enjamlaşdyrylan ulgamdyr. Şeýle ulgamyň ornaşdyrylmagy önümçiligiň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär, amallaryň howpsuzlygyny üpjün edýär we dikeldiş faktoryna oňyn täsir edýär.

Häzirki döwürde akylly ulgam bolan «The artificial intelligence technology», ýagny «emeli aň» tehnologiýasy bilen işleýän gözleg, burawlaýyş, seýsmiki maglumatlar derňewi nebitgaz kompaniýalara serişdeleri we wagty tygşytlamak üçin gözleg synaglaryny geçirmäge kömek edýär.

Netijede, «akylly» guýular nebitgaz pudagynda täze döwrüň başlangyjy bolup durýar.

 

Çeşme: “Nebit-gaz” gazeti