744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Türkmenistanyň nebitgaz senagaty – ykdysady ösüşiň berk binýady
17.10.2025

2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri, şol sanda nebitgaz senagatynyň ösüşi boýunça alnyp barlan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hasabat döwrüniň jemleri ýurdumyzyň energetika pudagynda ýokary ösüşleriň gazanylandygyny görkezdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserni hem-de nebiti gaýtadan işleýän kärhanalaryň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada giňişleýin hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň dokuz aýynda “Türkmennebit” döwlet konserni boýunça nebitiň çykarylyşynyň meýilnamasy 109,7 göterim ýerine ýetirildi. Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar boýunça bu görkeziji 109,4 göterime deň boldy. Şeýle hem benzin öndürmegiň meýilnamasy 108,8 göterim, dizel ýangyjynyň öndürilişi 101 göterim, çalgy ýaglarynyň öndürilişi 100 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşy bolsa 103,1 göterim berjaý edildi. Degişli döwürde polipropilen we suwuklandyrylan gaz ýaly ýokary hilli önümleri öndürmek, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermek boýunça hem durnukly ösüş gazanyldy. Bu sanlar ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümçilik kuwwatlarynyň netijeli ulanylýandygyny, tehnologik binýadynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny hem-de halkara energetika bazarynda ýurdumyzyň ornunyň barha berkeýändigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik mümkinçiliklerini has-da netijeli ulanmagyň, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň we sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda uglewodorod serişdeleriniň täze gorlaryny açmak, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemegiň täze usullaryny ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleri anyk kesgitledi. Şeýle hem ýurdumyzyň gaz senagatynyň eksport ugurlaryny giňeltmek, daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça degişli görkezmeler berdi. Bu görkezmeler Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň esasy ugry bolan energetika pudagynyň mundan beýläk-de durnukly ösdürilmegini üpjün eder.

Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda geologik-barlag işleri giň gerimde alnyp barylýar, täze ýataklar özleşdirilýär, halkara kompaniýalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. “Galkynyş”, “Bagtyýarlyk”, “Ýaşlar” ýaly iri gaz ýataklarynda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň gaz eksportynyň möçberiniň artmagyna, dünýä energetika bazarynda Türkmenistanyň abraýynyň has-da ýokarlanmagyna mümkinçilik döredýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan ykdysady syýasat ýurdumyzyň energetika ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, önümçiligiň ekologiýa taýdan arassa görnüşlerine geçmäge hem-de täze bazarlara çykmaga gönükdirilendir. Türkmenistan özüni dünýäde ygtybarly energetika hyzmatdaşynyň derejesinde tanadyp, energiýanyň eksporty bilen bir hatarda, halkara energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga hem öz uly goşandyny goşýar.

Şeýlelikde, şu ýylyň ilkinji dokuz aýynda gazanylan üstünlikler ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň ýokary depginler bilen ösýändigini, ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň we halkara hyzmatdaşlygynyň berk binýadyny düzýändigini aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty esasynda Türkmenistan mundan beýläk-de dünýä energetika bazarynda öz ornuny pugtalandyrar, halkymyzyň abadan ýaşaýşy, döwletimiziň gülläp ösmegi üçin giň mümkinçilikleri döreder.

 

Döwlet Ataýew,

"Türkmennebit" DK-niň "Türkmenistanyň nebiti,gazy we mineral serişdeleri" žurnalynyň redaksiýasynyň Sanly habarlar bölüminiň IT-hünärmeni