Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly XXX halkara maslahat we sergi açyldy.
Bu giň möçberli çäräniň maksady — energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, halkara we sebit derejesindäki ösüş meýillerini ara alyp maslahatlaşmak, hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça dialog guramak, şeýle hem Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň durnukly ösüşini üpjün etmekden ybaratdyr. Forumda döwlet we hususy düzümleriň arasynda strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek, täze nebitgaz taslamalary bilen tanyşdyrmak hem-de ýurdumyzyň energiýa merkezi hökmünde eýeleýän ornuny öwrenmek meseleleri-de esasy üns merkezinde boldy.
Maslahata dünýäniň onlarça ýurdundan wekiller gatnaşýarlar.
Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan häzirki wagtda bu baýlygyny durnukly ösüşiň esasy hereketlendirijisine öwürýär. Ýurdymyz diňe çig mal eksporty bilen çäklenmän, ýokary goşulan bahaly, ekologiýa taýdan arassa we köpugurly energetika ulgamyny döretmäge gönükdirilen syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär. Bu ugurda eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek hem-de döwrebap energetika we himiýa klasterlerini döretmek boýunça giň işler alnyp barylýar.
Bar bolan turba geçirijileriň ygtybarlylygyny güýçlendirmek, suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça taslamalary goldamak we sebit başlangyçlarynyň çäklerinde täze energetika geçelgelerini döretmek — Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen möhüm ugurlardyr.
Ýokary goşulan bahaly önümçiligi ösdürmek hem döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ammiak, mineral dökünler, polimerler we beýleki nebithimiýa önümleriniň önümçiligine uly maýa goýumlar goýulýar. Bu bolsa täze iş orunlarynyň döredilmegine, ugurdaş pudaklaryň ösmegine we daşary ýurt tehnologiýalarynyň ornaşmagyna ýardam berýär.
Ýangyç-energetika toplumynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça hem işjeň işler alnyp barylýar. Sanlylaşdyrmak bu pudagyň durnukly ösüşini üpjün etmegiň we onuň maýa goýum özüne çekijiligini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biridir. Şeýle hem hünärmenleriň bilimi we tejribesini kämilleşdirmek maksady bilen täze okuw merkezleri açylýar, halkara tejribe alyş-çalyş maksatnamalary amala aşyrylýar.
Bu tagallalar Türkmenistanyň uzak möhletleýin ösüş ugrunyň aýdyň subutnamasydyr. Energetika infrastrukturasyny ösdürmek, sanly ulgamy giňeltmek we himiýa senagatyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler ýurdumyzyň ykdysadyýetini berkitmek bilen bir wagtda halkara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Maslahatyň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, degişli dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, abraýly halkara guramalaryň we daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, iri nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, bilermenler hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gatnaşdylar. Dabarada hormatly Prezidentimiziň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Onda döwlet Baştutanymyz bu forumyň ýylsaýyn geçirilmeginiň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça tejribe alyşmaga mümkinçilik berýändigini belledi.
Gutlagda aýratyn nygtalyşy ýaly, Türkmenistan häzirki wagtda tebigy gazyň eksport ugurlaryny giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi we onuň möhüm bölegi bolan Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisi ýaly iri taslamalar sebitde energetika howpsuzlygyny berkitmäge hem-de goňşy halklaryň abadançylygyna hyzmat edýär. Şeýle hem Hazar deňziniň türkmen bölegindäki deňiz toplumlary üstünlikli özleşdirilýär.
Forumyň dowamynda açylan sergide ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, ýerli kärhanalarynyň we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň diwarlyklary görkezildi. Sergide «CNPC», «Eni», «Baker Hughes», «PETRONAS», «Sumitomo Corporation», «Dragon Oil», «ADNOC» ýaly kompaniýalar öz täzeçillik çözgütlerini, enjamlaryny we taslamalaryny tanyşdyrdylar. Şeýle hem türkmen hususy kompaniýalary — «Türkmen Gala», «Gujurly Inžener», «Nurly Tolkun», «Ýaşyl dünýä» we beýlekiler öz hyzmatlaryny hödürlediler.
Günüň ikinji ýarymynda forum «Energiýa. Innowasiýalar. Ösüş» şygary astynda dowam etdi. Plenar mejlisde dürli ýurtlaryň ýokary derejeli wekilleri çykyş edip, innowasiýalar, energetiki geçiş we halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlary barada pikir alyşdylar.
Mejlisiň dowamynda daşky gurşawyň goragy, zyňyndylary azaltmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň paýyny artdyrmak ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çykyş edenler Türkmenistanyň tebigy gazyň uly gorlaryna eýe bolmagy bilen sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm orny eýeleýändigini bellediler. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy bu ugurda aýratyn ähmiýete eýedir. Bu transmilli taslama diňe bir Türkmenistanyň ykdysadyýetini däl, eýsem, tutuş sebitiň durnukly ösüşini hem öňe sürýär.
Forumyň ikinji günündäki mejlislerde gaz eksport ugurlaryny giňeltmek, suwuklandyrylan gaz önümçiligini ösdürmek, maýa goýumlary çekmek we innowasiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, tebigy gaz häzirki döwürde iň arassa ýangyç görnüşleriniň biri hökmünde ählumumy energetiki geçişde möhüm orny eýeleýär. Türkmenistan öz uly gorlarynyň hasabyna barha artýan halkara islegi kanagatlandyrmaga doly ukyplydyr.
Maslahatyň dowamynda şeýle hem täze geologiýa maglumatlary we maýa goýum taslamalary tanyşdyryldy. Bilermenleriň belleýşi ýaly, bu başlangyçlar Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge hem goşant goşýar.
Maslahatyň ilkinji gününiň ahyrynda halkara kompaniýalaryň ýolbaşçylary we türkmen tarapynyň wekilleri resmi däl duşuşyklary geçirip, hyzmatdaşlygyň geljegi we taslamalary durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşdylar.
Gurbanowa Maral,
"Türkmennebit" DK-niň "Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri" žurnaly redaksiýasynyň Sanly habarlar boluminin baslygy