744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
02.09.2024
Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynyň açylyş dabarasy boldy

1-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynyň açylyş dabarasy boldy.

 

Hemmetaraplaýyn ösen şäheriň ähli aýratynlyklaryny özünde jemleýän paýtagtymyzyň durmuş infrastrukturasy yzygiderli ösdürilýär, binagärlik toplumlarynyň üsti täze binalar we desgalar bilen ýetirilýär.

 

Bu binalar toplumy Aşgabat şäher häkimliginiň pensiýa gaznasyny, zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçilik bölümini, Baş bilim, medeniýet müdirliklerini öz içine alýar.

 

Toplumyň keşbinde milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleri binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu ýerde halkara ölçeglerine laýyk gelýän amatlyklar işgärleriň we hünärmenleriň mynasyp zähmet şertlerini dolulygyna üpjün edýär. Şunda Türkmenistanyň syýasy strategiýasynyň esasynda goýlan “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelge öz mynasyp beýanyny tapýar.

 

Köp gatly binadan ybarat bu toplumda 300 orunlyk mejlisler zaly, ähli amatlyklar bilen üpjün edilen 110-dan gowrak iş otaglary, 120 orunlyk naharhana, şeýle hem tehniki desgalar bar we olar bu ugurda bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi