Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek teklibini öňe sürdi. Serdar Berdimuhamedow çykyşynda energetikanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň beýleki bir esasy ugry bolup durýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanynyň aýdyşy ýaly, häzirki wagtda sebitiň içindäki islegleri kanagatlandyrmaga, şeýle hem halkara üstaşyr geçelgeler arkaly dünýä bazarlaryna çykmaga gönükdirilen durnukly energetika hyzmatdaşlyk üçin syýasy-hukuk we ykdysady şertleri döretmek prosesiniň bolup geçýändigi äşgärdir. Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň özüniň tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Merkezi Aziýa ýurtlaryna we olaryň çäginiň üsti bilen daşarky bazarlara özara bähbitli şertlerde ibermäge taýýardygyny belledi. Serdar Berdimuhamedow bu teklibe biziň döwletlerimiziň arasynda uzakmöhletli gatnaşyklary ýola goýmak nukdaýnazaryndan garamak mümkin diýip hasaplaýandygyny nygtady. «Şunuň bilen baglylykda, bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň täze görnüşini – Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek maksadalaýyk hasaplanylýar» diýip, Prezident öz çykyşynda aýtdy.