744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
15.09.2023
Serdar Berdimuhamedow Duşenbedäki duşuşykda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi. Döwlet Baştutanynyň aýdyşy ýaly, sebitiň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak örän möhüm wezipe bolup durýar. «Bu babatda örän anyklyk we täsirli çäreler zerur bolup durýar diýip hasaplaýaryn. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmek meselesine garamagy teklip edýäris» – diýip, Prezident öz çykyşynda aýtdy. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, onuň işiniň many-mazmuny we maksady söwdany ösdürmekde bilelikdäki ädimleri utgaşdyrmakdan; Merkezi Aziýa bazarynyň geljekki ykdysady subýektleriniň ählisiniň täjirçilik bähbitlerini üpjün etmekden; iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlaryny çekmekden ybaratdyr.