Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ulgamlarynda, hususan-da, «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanalarynda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň içerki sarp edijileri tarapyndan tebigy gazyň rejeli peýdalanylmagyny gazanmak, konserniň kärhanalaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, olara dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda degişli işler amala aşyrylýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini netijeli we rejeli ulanmagyň Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutany durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek, senagat pudagynyň okgunly ösüşini gazanmak hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak üçin amatly şertleri döretmekde gaz pudagynyň möhüm orun eýeleýändigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.