744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
26.09.2023
Uzynadadaky täze guýy

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» üstünlikli amala aşyrylmagyna saldamly goşant goşýan «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramçylygyna mynasyp zähmet sowgatly geldiler. Olar Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Uzynada baýlyklar känindäki 11 belgili gözleg guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlamagy başardylar. Bu täze guýuda aşaky gyzylreňk gatlaklarynyň 6 müň 736 — 6 müň 734 metr we 6 müň 728 — 6 müň 726 metr çuňluklaryndan senagat ähmiýetli nebit kondensatynyň hem-de tebigy gazyň akymy alyndy. Munuň özi Uzynada baýlyklar mesgenini özleşdirmegiň uly geljeginiň bardygyna ýene bir gezek güwä geçdi. Häzirki wagtda bu täze guýyny «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirligine tabşyrmak işleri guramaçylykly alnyp barylýar. — Garaşsyzlyk toýunyň öň ýanyndaky günlerde gazuw işlerini tamamlan guýymyzdan nebit kondensatynyň we tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymynyň alynmagy burawlaýjylarymyzyň buýsançly başlaryny hasam belende göterdi. Gazanylan üstünlige burawlaýjy Baýramgeldi Annaýew, burawlaýjynyň kömekçisi Begmyrat Sapargylyjow, dizelçi Arslan Rejebow ýaly halypalarymyz önjeýli goşant goşmagy başardylar. Şu günler bu ýatakda gazyljak 20 belgili täze guýyny burawlamaga ykjam taýýarlyk görýäris. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramçylygyna mynasyp zähmet sowgatly gelmegi başarandygymyza buýsanjymyzyň çägi ýok. Bize döwrüň ösen talaplaryna laýyk zähmet çekmäge dünýä nusgalyk mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýarys — diýip, «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň buraw başlygy Berdimyrat Agajanow aýdýar.