23-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landawy kabul etdi. Duşuşykda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler.
Myhman ABŞ-nyň Türkmenistan bilen deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Kristofer Landau ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz ABŞ-nyň ýokary ýolbaşçylygyna jogap arzuwlaryny ýollady hem-de saparyň dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklar köpugurly häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow soňky ýyllarda ýurtlaryň arasynda işjeň syýasy dialogyň alnyp barylýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň noýabrynda «С5+1» sammitine gatnaşmak üçin Waşington şäherine eden saparyna, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň fewralynda Florida ştatyna eden iş saparyna ünsi çekildi.
Kristofer Landau geçen ýyl ABŞ-da Prezidentler Serdar Berdimuhamedow bilen Donald Trampyň arasynda geçirilen duşuşygyň ähmiýetini nygtap, gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň häzirki wagtda oňyn netijeleri berýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň daşary syýasat edaralary netijeli hyzmatdaşlyk edýärler, halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça müntäzem duşuşyklar geçirilýär.
Şeýle hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli ösýändigi bellenildi. Haryt dolanyşygyny artdyrmak we maýa goýum gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy. «Nicklaus Companies», «John Deere», «Case New Holland» we «Boeing» amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we energetika hem-de ulag pudaklarynda, gaýtadan dikeldilýän we «ýaşyl» energetika, sanly ykdysadyýet, innowasiýalar we emeli aň ugurlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz ABŞ-nyň ýokary okuw mekdepleri we ylmy-barlag edaralary bilen aragatnaşyklary berkitmäge, bilelikdäki ylym-bilim taslamalaryny amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Kristofer Landau türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi