Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Berlinde türkmen-german işewürler maslahatyndaky çykyşynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy üçin Germaniýanyň kompaniýalarynyň tehnikalaryny getirmek meselesini öwrenmäge taýýardygyny aýtdy. «Energetika ulgamynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin Germaniýanyň kompaniýalarynyň tehnikalaryny we enjamlaryny getirmek meselesini ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem gün batareýalaryny peýdalanmak boýunça german tehnologiýalaryny Türkmenistanda ornaşdyrmagyň mümkinçiligini öwrenmäge taýýardyrys» – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek maksady bilen, Germaniýanyň wodorod energetikasy boýunça tejribesini öwrenmek isleýändigimizi nygtady.