744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
Habarlar
03.10.2023
Türkmenistanyň energetika toplumy Dubaýda ADIPEC – 2023 sergisine gatnaşyjylaryň köp sanlysynyň ünsüni çekdi

Abu-Dabide ADIPEC – 2023 sergisiniň barşynda Türkmenistanyň energetika toplumy Norwegiýa, Şweýsariýa, BAE, Katar, Azerbaýjan, Hindistan, Pakistan, ABŞ, Kanada we beýleki köpsanly döwletlerden ýüzlerçe kompaniýanyň ünsüni çekdi. Türkmen energetika toplumyna gyzyklanma bildiren iri halkara kompaniýalarynyň hatarynda - Sinopec, Rime, CGG, EGS, Xiat, ICA-Finance, S&P Global we beýlekiler bar. Türkmen energetika toplumynyň diwarlygyny gözden geçirmegiň barşynda iri halkara kompaniýalarynyň ýolbaşçylary işewür, hyzmatdaşlyk we maýa goýum tekliplerini öňe sürdüler. Nebiti gaýtadan işlemek, gaýtadan dikeldilýän energetika we ýaşyl energetika ulgamynda taslamalary amala aşyrýan kompaniýalar hem hyzmatlaryny hödürlediler. Türkmen energetika toplumy bu hili teklipleri we taslamalary oktýabryň ahyrynda OGT 2023 sergisinde ara alyp maslahatlaşmagyny dowam eder. ADIPEC 2023 sergisine gatnaşyjylar OGT EXPO 2023 sergisine hem gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler. 65-den gowrak milli we halkara kompaniýalar bu sergä gatnaşmak üçin hasaba alyndylar. Türkmenistanyň her ýylda geçirilýän esasy energetika çäresine gatnaşmak üçin hasaba almaklyk 16-njy oktýabra çenli açykdyr diýip, Aşgabatda geçiriljek forumyň guramaçylary aýtdylar.