Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gazagystanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kerosini we polipropileni satyn aldylar. Şeýle hem BAE-niň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Şotlandiýanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň işewürleri tekiz boýalan tüýjümek önümleriň dürli görnüşlerini, nah ýüplügidir nah matany satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 500 müň dollaryna golaý boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen bahasy 5 million 400 müň manada deň bolan polipropileni satyn aldylar.