744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
15.01.2025
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ileri tutulýan ugurlaryň Konsepsiýasy

Türkmenistan jogapkärli döwlet hökmünde häzirki kynçylykly ýagdaýlary döredijilikli meýdançada ýeňip geçmek üçin halkara tagallalary birleşdirmek hem-de munuň üçin degişli syýasy-diplomatik şertleridir mümkinçilikleri döretmek babatda zerur çäreleriň görülmegi ugrunda çykyş edýär. Şundan ugur alyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyz “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamany öňe sürdi we bu resminama 86 döwletiň awtordaşlygynda biragyzdan kabul edildi. Kararnamada BMG-niň Tertipnamasynyň esas goýujy maksatlary we ýörelgeleri, hususan-da, ýüze çykýan jedelli meseleleri parahatçylykly serişdelerdir usullar arkaly çözmek baradaky borçnamalar öz beýanyny tapdy. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan halkara gatnaşyklarda täze filosofiýa hökmünde öňe sürlen “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly başlangyjyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmenistan 2025-nji ýylda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek baradaky çözgüde ählumumy derejedäki waka, halkara gatnaşyklaryň hil taýdan täze tapgyryna geçmek üçin hakyky mümkinçilik hökmünde garaýar. Aslynda, ýurdumyzyň bu başlangyjy ähli döwletleri dünýä ulgamynyň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak baradaky baş pikiri durmuşa geçirmegiň syýasy, ideologik, amaly taraplaryny öz içine alýan bilelikdäki işe başlamaga çagyryşdyr. Bu wezipäniň ulgamlaýyn esasda çözülmelidigi, şunda hukuk we institusional gurallara esaslanylmalydygy äşgärdir. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Biz muny XXI asyrda döwletara we halkara gatnaşyklaryň gurluşynyň garaýyşlar we ýörelgeler ulgamy hökmünde görýäris. Strategiýa howpsuzlygyň ähli ugurlarynyň, ýagny harby-syýasy, ykdysady, energiýa, daşky gurşaw, biologik, tehnogen, maglumat howpsuzlygynyň özara baglanyşygyna esaslanýan dünýä meselelerini çözmekde toplumlaýyn çemeleşmäni göz öňünde tutýar. Türkmenistan agzalan strategiýany konsepsional esasda işläp düzmek pikirini parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini ykrar etmegiň logiki hem kanunalaýyk baglanyşygy hasaplaýar. Oňa BMG-niň işiniň birnäçe ugurlaryny goşmak teklip edilýär, hususan-da:

— öňüni alyş diplomatiýasy, dawalaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak üçin gural hökmünde (BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72/7, 75/272 we 77/273 belgili 2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda, 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde, 2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda kabul eden “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamalarynyň esasynda);

— bitaraplygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, jedelleriň we gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözülmegi üçin (BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2020-nji ýylyň 7-nji dekabryndaky 75/28 belgili «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», 2017-nji ýylyň 2-nji fewralyndaky 71/275 belgili “Halkara Bitaraplyk güni” atly Kararnamalarynyň esasynda);

— ynanyşykly dialog medeniýetini dikeltmek (BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky 73/338 belgili “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”, 2022-nji ýylyň 6-njy dekabryndaky 77/32 belgili “2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly”, 2024-nji ýylyň 21-nji martyndaky 78/266 belgili “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamalary).

2025-nji ýyl dünýä meselelerinde ösüp barýan ýurtlaryň has aýdyň we täsirli ornuny görkezmegi maksat edinýär. Hakyky ynanyşmak diňe ösüp barýan döwletleriň kanuny hukuklarynydyr bähbitlerini, azatlyklaryny ykrar etmegi, olaryň syýasy özygtyýarlylygyna hormat goýulmagyny, energiýa çeşmeleriniň deňeçer paýlanylmagyny, tehnologik elýeterliligi, howanyň zyňyndylary we daşky gurşawy aýawly saklamak meselelerinde kemsitmezlik çemeleşmelerini berjaý etmegi göz öňünde tutýan deňhukukly we sazlaşykly dialogyň esasynda döredilip bilner. Ählumumy derejede howpsuzlygy, durnuklylygy diňe şu agzalan şertler ýerine ýetirilen halatynda üpjün edip boljakdygy äşgärdir.

Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda sebit howpsuzlygy meselelerine aýratyn üns bermegi teklip edýär. Şu nukdaýnazardan, biziň ýurdumyz Merkezi Aziýanyň we oňa ýanaşyk sebitleriň meselelerine, ýagny bar bolan syýasy, durmuş, ynsanperwer, daşky gurşaw, energetika, suw serişdelerini ulanmak hem-de beýleki meseleleriň toplumyna örän ünsli garamagyň zerurdygyndan ugur alýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy”, “Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama”, “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamalary munuň üçin esas bolup hyzmat edýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda biragyzdan kabul edilen 50/80 belgili “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna gabat gelýär. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Baş Assambleýanyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky 69/285 belgili Kararnamasy bilen gaýtadan tassyklanyldy. Geçen ýyllaryň dowamynda türkmen Bitaraplygynyň yzygiderli ösüşi bu derejämiziň BMG-niň esas goýujy gymmatlyklaryna we maksatlaryna laýyk gelýändigini subut etdi hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň umumy gymmatlygy hökmünde ykrar edildi. Bu ýagdaý Türkmenistanyň başlangyjy bilen Baş Assambleýa tarapyndan 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan edilmegi bilen hem tassyklanyldy.

Türkmenistan bitarap döwletlere Milletler Bileleşiginiň parahatçylyk döredijilikli tagallalarynda “BMG-niň ileri tutulýan hyzmatdaşy” diýen hukuk derejesiniň berilmegi baradaky başlangyjy öňe sürdi. Munuň bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan has işjeň, netijeli ulanylmagy üçin täsirli hem-de ruhlandyryjy itergi boljakdygyna ynanýarys.

Türkmenistan Milletler Bileleşiginiň tutýan ornuny bellemek bilen, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna gabat gelýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemme agza döwletleriň hukuk taýdan ähli ygtyýarlylyklara eýe bolan ýeke-täk halkara gurama hökmünde BMG-niň Tertipnamasyna we onuň mandatyna ygrarlydyklaryny tassyklajakdyklaryna ynam bildirýär. Hut häzirki wagtda, halkara ýagdaýyň ýitileşen şertlerinde güýçli, täsirli, netijeli Birleşen Milletler Guramasyna bolan zerurlyk has-da artýar. Onuň öňbaşçylyk wezipesi babatda şübhe bolmaly däl-de, eýsem, ol güýçlendirilmeli we goldanylmalydyr. Häzirki wagtda hakykatdan çynlakaý bolan dünýä meseleleriniň hiç birini ýekelikde çözmek mümkin däldir. Bu eýýäm subut edilen hakykat bolup durýar. Şol sebäpli, diňe BMG özüne mahsus tejribesiniň esasynda ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde merkezi, möhüm orny eýelemäge ukyplydyr. Türkmenistan munuň üçin ähli tagallalary eder.

Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmek boýunça hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn strategiýasyny işjeňleşdirmegi teklip edýär. Şeýle hem Türkmenistanyň ädimleri Durnukly ösüş maksatlary babatda bilelikdäki işe hem-de geoykdysadyýetiň durmuşa geçirip boljak we uzak möhletleýin nusgalaryny döretmäge gönükdirilendir. Şunda energetiki geçiş hem-de ulag arabaglanyşygy ýaly iki strategik ileri tutulýan ugruň amala aşyrylmagyna kesgitleýji orun berilýär.

Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini hem-de Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek baradaky tekliplere düşünilmegini we olaryň goldanylmagyny gazanmak zerurdyr. Türkmenistan pes uglerodly energetika geçmek arkaly energetiki geçişi amala aşyrmagyň strategik ugruny saýlap aldy. Bu ýagdaýda agzalan ýoldan gitmek isleýän döwletler üçin deň we birmeňzeş amatly şertleri kepillendirjek, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalara elýeterliligi üpjün etmek üçin zerur şertleri döredip biljek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini mümkin boldugyndan köp ulanmak üçin öz howa we geografik artykmaçlyklaryny peýdalanmaga mümkinçilik berjek çemeleşmeler hem zerur hasaplanýar.

Häzirki wagtda adaty energiýa çeşmeleriniň “ýaşyl” gün tertibine esaslanýan täze çeşmeler bilen utgaşdyrylmagy we sazlaşykda ulanylmagy talap edilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistan “ýaşyl” diplomatiýa hem-de umumy jogapkärçilige esaslanjak, şahsy, toparlaýyn bähbitleri ýeňip geçjek, umumy bähbitlere hyzmat etjek özara gatnaşyklaryň görnüşlerini dünýä giňişliginde ilerletmäge aýratyn üns berer. Şeýle-de ýurdumyz ählumumy azyk howpsuzlygy, elýeterli saglygy goraýyş, ýokanç keselleriň öňüni almak we bütindünýä epidemiýalarynyň netijelerini ýeňip geçmek meselelerinde hem hut şeýle ýörelgeleriň tarapdary bolup çykyş eder. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) ornuny berkitmegiň we goldamagyň maksadalaýykdygyndan ugur alýar. BSGG-niň ýardamy hem-de utgaşdyrmagy esasynda derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny bu ugurda has uly kynçylyk çekýän ýurtlara öz wagtynda we üznüksiz eltip bermek üçin has netijeli, adalatly logistika ulgamyny döretmek zerur hasaplanýar.

Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmegiň örän möhüm döwri hökmünde garaýar. Biziň köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde alyp barjak işlerimiz aşakdaky maksatlar bilen baglanyşykly bolar:

— bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek;

— eneligi we çagalygy goldamak;

— ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, olaryň ylymda, döredijilikde, sportda öz mümkinçiliklerini ulanyp bilmekleri üçin şertleri döretmek.

Türkmenistanyň bu meselelere çemeleşmesi ynsanperwer ugurly düzümler bolan ÝUNESKO, ÝUNISEF, BMG-niň bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasy we beýleki guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ýollaryny işjeňleşdirmäge, netijeliligini ýokarlandyrmaga esaslanýar. Ynsanperwer meseleleriň çözülmeginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem uly ähmiýete eýe bolýandygy aýratyn möhümdir. Şol sebäpli, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu gaznanyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly dürli ýurtlarda mätäçlik çekýän adamlara giň möçberli ynsanperwerlik goldawyny bermek işleri dowam etdiriler.

Türkmenistan tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna BMG-niň Baş sekretarynyň başlangyjy bilen 2024-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen “Geljegiň sammitinde” kabul edilen “Geljegiň hatyrasyna pakty” iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen baglylykda seredilýär. Ýurdumyz onuň Jemleýji resminamasynda beýan edilen ähli maksatlara ýetmek üçin tagallalary eder.

Beýan edilen çemeleşmelerdir garaýyşlar Türkmenistan tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny mynasyp derejede geçirmek boýunça teklip edilýän aşakdaky anyk işleri hem-de çäreleri amala aşyrmak üçin umumy syýasy meýdança bolup durýar:

  1. Halkara forumlar we maslahatlar:

— 2025-nji ýylyň ýanwarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň resmi açylyşy;

— mowzuklaýyn maslahatlar we dialoglar, şol sanda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň we Baş Assambleýasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, BMG-niň Parahatçylygy üpjün etmek boýunça komissiýasynyň we beýleki halkara meýdançalaryň çäklerinde;

— parlamentara dialog forumy;

— parahatçylygy, ynanyşmagy we howpsuzlygy berkitmek boýunça sebit maslahatlary;

— parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň yzygiderli duşuşyklary;

— parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine zenanlaryň we ýaşlaryň ornuny berkitmek boýunça halkara çäreler;

— BMG-niň ştab-kwartirasynda bitaraplyk bilen bagly geçiriljek maslahat.

  1. Maglumat we aň-bilim işi:

— bitaraplygyň ýörelgelerine, onuň dawalaryň öňüni almakda, durnukly ösüşi gazanmakda eýeleýän ornuna bagyşlanan maglumatlary taýýarlamak we çap etmek;

— bilim maksatly çäreleri, ýagny okuw sapaklaryny, interaktiw okuw maslahatlaryny guramak;

— parahatçylygyň we ynanyşmagyň ynsanperwer ýörelgelerini wagyz etmek hem-de bu işe ählumumy derejede ýaşlaryň goşulyşmagyny gazanmak maksady bilen, jemgyýetçilik torlaryny we sanly diplomatiýany amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini ulanmak.

  1. Halkara medeni-köpçülikleýin çäreler:

— “Parahatçylyk sazy” atly festiwal;

— “Parahatçylyk we ynanyşmak” atly halkara ýaşlar bäsleşigi;

— halkara sport çäreleri;

— Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlarynyň geçirilmegi;

— talyplar üçin ylmy bäsleşikler we maslahatlar;

— mekdeplerde parahatçylyk we ynanyşmak baradaky açyk sapaklar.

  1. BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň derejesindäki işler:

— Bitaraplygyň dostlary toparynyň mowzuklaýyn duşuşygy;

— parahatçylyk zolagy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisi;

— ösüşi maliýeleşdirmek boýunça sebitleýin duşuşyk.

  1. Webinarlar we wideomaslahatlar:

— hyzmatdaşlar bilen bitaraplyk hakynda webinarlar;

— halkara gatnaşyklar boýunça bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň arasynda wideomaslahatlar.

  1. Sebitleýin we ýöriteleşdirilen çäreler:

— Hazar meselesi boýunça duşuşyklar;

— Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça köptaraplaýyn dialoglar;

— ýöriteleşdirilen halkara guramalaryň ugry boýunça okuw maslahatlary.

2025-nji ýylyň dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek iri halkara forum bolsa ýylyň naýbaşy wakasy bolar.

Türkmenistan öz syýasy giňişligini we bar bolan infrastrukturasyny bu Konsepsiýanyň maksatlaryny amala aşyrmak hem-de degişli çäreleri durmuşa geçirmek üçin ulanmaga taýýardyr. Bu ugurda ähli gyzyklanma bildirýän döwletler, halkara guramalar, düzümlerdir institutlar bilelikdäki döredijilikli işleri amala aşyrmak üçin hormat bilen hyzmatdaşlyga çagyrylýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi