744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
27.01.2025
Türkmenistan we Hindistan konsullyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini maslahatlaşdy

24-nji ýanwarda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi.

Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda konsullyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Hindistanyň konsullyk gulluklarynyň arasynda tejribe alyşmak, şeýle hem bu ugurda bilelikdäki taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmek baradaky tekliplere garaldy.

Iki ýurduň konsullyk gulluklarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmek barada pikir alyşmalar geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek we öňdebaryjy tejribäni öwrenmek üçin iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky konsullyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeleri yzygiderli geçirmеgiň ähmiýetini bellediler.

Şertnama-hukuk binýadyny kämileşdirmek we rejelemek boýunça işleri işjeňleşdirmeklige aýratyn üns berildi

Taraplar ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi