744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
29.04.2025
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen ýerlerde ideg etmek we ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary we beýleki tehnikalary orak möwsümine taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri geçirilýär.

Şeýle-de pile öndürmek möwsüminiň çäklerinde ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär.

Daşoguz welaýatynyň häkiminiň hasabatynda welaýatda şaly ekişine guramaçylykly girişilip, häzirki wagtda meýdanlarda sürüm, tekizleýiş we suw tutmak işleriniň ýerine ýetirilýändigi barada hem aýdyldy.

Häkimler ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, gowaça ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň, galla oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmeginiň zerurdygyny belledi we häkimlere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany şeýle-de welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurduň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurduň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangynyň döremeginiň öňüni almak maksady bilen alnyp barylýan işler barada-da hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de ýurtda azyk bolçulygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, dokma senagatynyň kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça we ýazlyk ekinlere ideg etmek, galla oragyna taýýarlyk görmek işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi