744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
HALKARA PARAHATÇYLYK
WE YNANYŞMAK ÝYLY
Habarlar
24.05.2025
Türkmenistanda nebitiň we tebigy gazyň gorlaryny ýüze çykarmak boýunça işler alnyp barylýar

23-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan nebitiň we tebigy gazyň gorlaryny ýüze çykarmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurduň günbatar we gündogar sebitlerinde kuwwatly tehnikalaryň, seýsmiki enjamlaryň, programma üpjünçilik ulgamlarynyň kömegi bilen nebitiň hem-de tebigy gazyň gorlaryny gözlemek işleri geçirilýär. Bu işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberini artdyrmaga ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebiti we gazy gözlemek boýunça gözleg-barlag işlerini ýokary hilli, netijeli ýerine ýetirmäge uly üns berilýändigini, nebitiň we tebigy gazyň ýerasty gorlarynyň yzygiderli ýüze çykarylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýere «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan uglewodorod serişdeleriniň gözlegine gönükdirilen işleri geljekde-de netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi