Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde nebitgaz pudagy üçin häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän täze nesil hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen magistrlik maksatnamasy boýunça okuw sapaklaryna badalga berildi. 2026–2027-nji okuw ýylynda işe girizilen «Nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy» taýýarlyk ugruna 50 magistrant kabul edilip, olar iki sany täze ýöriteleşme boýunça bilim alyp başladylar. Bu barada ýokary okuw jaýynyň metbugat gullugy habar berdi.
Täze maksatnama Erasmus+ halkara taslamalarynyň netijesinde işlenip taýýarlanyp, nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy ulgamynda hil taýdan täze çemeleşmeleri ornaşdyrýar. Okuw meýilnamasynda ekologik, durmuş we dolandyryş (EDD) strategiýalaryna, durnukly ösüş ýörelgelerine hem-de «ýaşyl» ykdysadyýetiň talaplaryna aýratyn ähmiýet berilýär.
Magistrantlaryň bir topary EDD strategiýalaryna bagyşlanan ýöriteleşme boýunça, beýleki topary bolsa nebitgaz pudagynyň durnukly ösüşi ugrunda bilim alýar. Okuw döwründe olar korporatiw dolandyryş, ekologik we durmuş töwekgelçiliklerini dolandyrmak, energiýa netijeliligi, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak hem-de häzirki zaman seljeriş usullary boýunça nazary we amaly taýýarlyk geçerler.
Täze magistrlik maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen ilkinji amaly sapaklar halkara hyzmatdaşlykda gazanylan tejribäniň milli ýokary bilim ulgamyna üstünlikli ornaşdyrylýandygyny görkezdi. Okuw işi amaly taýýarlygy, ylmy-barlag başarnyklaryny ösdürmegi we halkara standartlaryna laýyk hünärmenleri kemala getirmegi maksat edinýär.
Täze ugurlaryň işe girizilmegi ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ykdysady, dolandyryş, ekologik we tehnologik özgertmelerine ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ädim bolup, pudagyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we durnukly ösüşini üpjün etmäge hyzmat eder.