Tebigy gazyň öndürilişini artdyrmak, sarp edijileri bu ýangyç bilen ygtybarly üpjün etmek işinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň başarjaň we ruhubelent işgärleri tutanýerlilik görkezýärler. Munuň şeýledigine olaryň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen dört aýynda gazanan önümçilik görkezijilerine nazar aýlanyňda hem doly göz ýetirmek bolýar.
«Öndürýän önümlerimiziň ilatyň abadan ýaşaýşyna, ýurdumyzyň ykdysady taýdan okgunly ösüşlerine hyzmat edýändigine buýsanýarys. Belent maksatlara gulluk edilmegi, agzybirlik bilen zähmet çekilmegi netijesinde üstümizdäki ýylyň tamamlanýan her bir aýy zähmet üstünliklerine beslenýär» diýip, müdirligiň merkezi önümçilik dispetçer gullugynyň başlygy Berdi Berdimetow kanagatlanma bilen gürrüň berýär.
Soňra söhbetdeşimiz bizi müdirlik boýunça gazanylan önümçilik netijeleri bilen tanyşdyrdy. Şu ýylyň geçen dört aýynda tebigy gazyň 3 milliard 207,5 million kub metrden gowragy öndürilip, degişli meýilnama 101,4 göterim berjaý edildi. Müdirlik boýunça gaz kondensatyny öndürmekde we bu gymmatly çig maly Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna ugratmakda hem ýokary netijeler gazanylýar. Şanly ýylyň geçen döwründe bu önümiň 11,6 müň tonnadan gowragy öndürilip, bu baradaky meýilnama 109,6 göterim ýerine ýetirildi.
Müdirlik boýunça öndürilýän harytlyk tebigy gazyň uly bölegi ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşy bolan dostana Hytaý döwletine akdyrylýar. Munuň üçin gazylyp alnan tebigy gaz Malaý — Bagtyýarlyk ýokary basyşly gaz geçirijisine üznüksiz berilýär. Ýanwar — aprel aýlarynda bu geçiriji boýunça akdyrylan harytlyk önüm 1,8 milliard kub metre golaýlady. Şunlukda, bu baradaky meýilnama 168 göterime golaý berjaý edildi. Bu bolsa, döwletara şertnamasyna laýyklykda, tebigy gazyň eksport edilişini artdyrmaga, şeýle-de ýurdumyzyň çägindäki sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berdi.
Gazanylýan üstünlikde müdirligiň her bir işgäriniň mynasyp zähmet paýy bar. Olaryň ýokary öndürijilikli, saglyk üçin howpsuz, kadaly şertlerde işlemekleri üçin uly alada edilýär. Bu meselede müdirligiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
«Baýlyk çykaryjylarymyz şu ýylyň meýilnamalaryny abraý bilen berjaý etmek ugrunda joşgunly zähmet çekýärler. Gazanylýan gowy görkezijiler şu ýylyň jogapkärli wezipeleriniň belentliginde bolunjakdygyna aýdyň şaýatlyk edýär» diýip, müdirligiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Serdar Kurbankulyýew ynam bilen aýdýar.
Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
«Nebit-gaz».
Çeşme: Türkmenmetbugat